Gyrgyzystanyň sosial-demokratik partiýasynyň lideri Almazbek Atambaýew 30-njy oktýabrdaky prezidentlik saýlawlarynyň ilkinji tapgyrynda ýeňiş gazanyp, öz ýurdunyň dördünji prezidenti saýlandy. Emma 55 ýaşly Atambaýewe 6 ýyllyk prezidentlik döwründe ýeňil bolmadyk wezipeler garaşýar.
Almazbek Atambaýew 1993-nji ýylda sosial-demokratik partiýany esaslandyrmaga kömek edipdi. Emma ol şondan 10 ýyl çemesi soňra hakyky syýasatça öwrüldi.
Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew 2005-nji ýylyň martynda häkimiýetden agdarylandan soňra, Atambaýew Akaýewiň mirasdüşeri Kurmanbek Bakyýewi esasy tankytlaýjy boldy. Emma ol Bakyýewiň hökümetinde wagtlaýyn senagat, söwda we turizm ministri bolup işledi. Ýöne Atambaýew tiz wagtda bu hökümetden çykdy we 2006-njy ýylda “Gyrgyzystanda reformalar üçin” atly oppozision hereketiň egindeş başlygy boldy.
Atambaýew 2006-njy ýyldaky protest wagtynda Bakyýewi tankytlap, şeýle diýipdi: “Biz näme üçin syýasy jeset bilen gepleşikler geçirmeli? Bakyýew syýasy jeset. Döwlet baştutany bolan we mydama halka ýalan sözleýän şahs hut syýasy jesetdir”.
Zäherlenme wakasy
Atambaýew 2007-nji ýylyň baharynda ýene-de Bakyýewiň hökümetiniň agzasy boldy we premýer-ministrlige bellendi. Atambaýew “Gyrgyz hökümetinde oppozisiýanyň sesi bolmaga” söz berdi.
Emma ol bu wadasyny hiç wagt ýerine ýetirmedi. Munuň bir sebäbi - Atambaýewiň zäherlenendigi aýdylandan soňra, ol birnäçe hepdeläp öz kürsüsinde bolmady. Gyrgyzystanly we türkiýeli lukmanlar onuň zäherlenendigini tassykladylar. Ýöne olar Atambaýewiň nähili ýagdaýda zäherlenen bolmagynyň mümkindigini aýtmadylar we Atambaýew güýzüň ahyrynda wezipesinden çetleşdirildi.
Almazbek Atambaýew premýer-ministr bolan döwründe uly sepgitlere ýetilmedi. Ol premýer-ministr wagty Bakyýew hökümetiniň tarapdary bolan “Ak Žol” partiýasynyň döredilmegini gazandy. Şol partiýa parlament saýlawlarynda sesleriň aglabasyny almagy başardy. Bu saýlawlaryň kampaniýasynda hem Atambaýew ýene-de özüni belli oppozisioner edip görkezdi.
Atambaýew 2007-nji ýylyň dekabryndaky saýlawlardan bary-ýogy bir aý öň wezipesinden çetleşdirilmegini özüniň oppozisioner bolandygy bilen baglanyşdyrypdy: “Meniň wezipämden çetleşdirilmegimiň bir sebäbiniň öňümizdäki esasy saýlawlar bilen bagly bolmagy mümkin. Çünki men mydama “geliň, adminstratiw resurslary ulanmalyň we adalatly saýlawlary geçireliň” diýip, aýdyp gelýärin. Sebäbi biz 2005-nji ýyldaky saýlawlaryň neneňsi hapa bolandygyny bilýäris”.
Bäsleşikden çekilipdi
Atambaýew 2009-njy ýylyň iýulyndaky prezidentlik saýlawlarynda Bakyýewiň bäsdeşi bolmak mümkinçiligine eýe bolupdy. Emma ol saýlaw güni bäsleşmekden boýun gaçyrýandygyny aýdyp, öz tarapdarlaryny lapykeç edipdi.
Şonda ol: “Görşüňiz ýaly, saýlawlar hapa görnüşe eýe bolýar. Öran hapa. Munuň sebäbi, häkimiýetler özlerine ynanmaýarlar. Olar utuljakdygyny bilip, saýlawlar bilen şeýle oýunlar edýärler. Häkimiýetleriň utuljakdygy gürrüňsiz. Eýsem-de bolsa, halkyň sesi eşidilermi diýen sorag keserip dur” diýipdi.
Onuň bu çykyşyndan bir ýyl geçmänkä, Bişkekde gahar-gazaba münen halk Bakyýewi häkimiýet başyndan gitmäge mejbur etdi.
Almazbek Atambaýew Bakyýew häkimiýetden gidenden soňky wagtlaýyn hökümete agza boldy we Gyrgyzystanda parlament sistemaly hökümetiň bolmagy üçin täze Baş kanunyň taslamasyny taýýarlamaga kömek etdi. Ol 2010-njy ýylyň iýunyndaky milli referendumda tassyklandy.
Emma Atambaýew geçen ýylky parlament saýlawlaryndan soňra, koalision hökümeti düzüp bilmedi.
Premýer-ministr bolandan soň, Atambaýew özüniň Orsýetiň tarapdarydygyny jemgyýete belli etdi. Ýöne ol öz beýanatlaryny Hytaý we ABŞ diýen sözler bilen seresaply deňagramlaşdyrdy.
Almazbek Atambaýew ABŞ-nyň harbylarynyň “Manas” harby bazasyny ulanmagynyň möhleti 2014-nji ýylda tamamlananda, ony uzaltmajakdygyny we geçen aýyň başlarynda tassyklanan GDA-nyň gümrük bileleşigine Gyrgyzystanyň goşulmagy üçin işlejekdigini hem mälim etdi.