Atageldi Garýagdyýew — türkmen aýdym-saz sungatynda belent owaz

Atageldi Garýagdyýew

Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Türkmenistanyň aýdym-saz äleminde täze bir owaz – bariton ses peýda boldy. Şoňa çenli türkmenleriň milli sungatynda bariton sesli aýdymçy ýok diýerlikdi. Bariton saýylýanlaryň sesi örän pes bolup, sazyň talap edýän derejesine ýetip bilmeýärdi. Şoňa görä, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Opera we Balet teatrynda bariton sesi ulanmak üçin, goňşy respublikalardan aýdymçy çagyrylýardy. Bu teatryň sahnasynda azerbaýjanly aýdymçylar Nuhtar Masumow bariton ses bilen, Gurban Ryzaýew bolsa bas bilen çykyş edipdiler. Şonda täze baritonyň peýda bolmagy türkmenleriň milli sungatynda ägirt uly ýetmeziň öwezini doldurdy. Bu ses Atageldi Garýagdyýewiň sesidi.

Myrat Annamämmedow

Atageldi Garýagdyýewiň irki ýaşlyk ýyllary barada onuň ýakyn dosty, uly saz toparynyň ýolbaşçysy, dirižýor Myrat Annamämmedow Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berýär:

—Bu beýik aýdymçy, beýik ussat, häzir men oňa çäksiz buýsanýan. Men müňlerçe aýdymçynyň sazyna ýolbaşçylyk etdim. Ömrümiň 36 ýylyny dirižýorlyk bilen geçirdim. Men Atageldini irden bäri tanaýan. Ol Wekilbazardan, obadan ösüp çykan oglan. Bir ýönekeý maşgaladan. Olar hor ýaşasalar-da, çagalaryna örän asylly terbiýe beripdirler. Bir gezek kiçijik Atageldi oglanlar bilen oýnap öýe gelse, içerde myhman oturan ekeni. Ol şeýle bir tolgunypdyr hem utanypdyr, türkmen çagalary örän çekinjeň bolýarlar ahyryn. Ol içeri girmäge çekinipdir. Öýe girse bolýarmy-bolanok - muny soramaga hossarlaryndan golaýda hiç kim ýok eken. Güne gyzan yssy çäge onuň aýagyny ýakyp barsa nädersiň? Ol kesede duran bir daşy aýryp, şol sowujak ýerde ýeke aýagynyň üstünde durýar. Aýagy ýadasa, beýleki aýagynda durýar. Ine, şol oglanjykdan soňra beýik halk artisti, beýik aýdymçy döreýär!

Atageldi Garýagdyýewiň sesiniň mümkinçiligi hem aýratynlygy barada häzirki döwrüň belli dirižýory, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, Sobinow baýragynyň eýesi Myrat Annamämmedow ýene şeýle diýýär:

—Atageldi Garýagdyýew örän gowy aýdymçy, görnükli pedagog. Studentlik ýyllarynda ol konserwatoriýada meniň bilen bile okady. Biz hatda bir otagda ýaşapdyk. Kimiň kimi söýýändigine-de şaýat bolupdyk. Göz öňüne getiriň, biziň ilkinji çagalarymyz hem bileräk dünýä inipdi. Meniň gyzym 19-njy maýda dünýä indi, onuň ogly bolsa 23-nji maýda doglupdy. Gepiň keltesi, biz birek-birege başdan belet. Esasy zat hem – men Atageldi Garýagdyýewiň beýik aýdymçydygyna berk ynanýan. Ol dünýäniň beýik baritonydyr. Men bu ugurdan bilermen. Şonuň üçin muny ynamly aýdýan, Atageldi Garýagdyýewiň sesi, meniň pikirimçe, dünýäde ähli döwürlerde we ähli halklarda bolan iň ýakymly baritonlaryň biri.

Wideo: Atageldi Garýagdyýewiň "Görogly" operasynda Jygalybegiň arizonasyny ýerine ýetirip aýdan aýdymyndan. Kadr "Türkmentelekinofilm" birleşiginiň kompozitor Nury Halmämmedow barada düşüren dokumental filminden.

http://www.youtube.com/embed/jtfu8F9lRfo

Atageldi Garýagdyýewiň gysgajyk terjimehaly

Aýdymçy Atageldi Garýagdyýew 1952-nji ýylyň 22-nji martynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky Egrigüzer obasynda dünýä indi. Obada onýyllyk orta mekdebi tamamlansoň, 1968-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesine okuwa girip, ony üstünlikli gutardy. Onuň sesine hem ukybyna örän ýokary baha berdiler.

Ýöne beýik aýdymçy diňe bir Hudaýyň beren sesi bilen bolubermeýär. Ol sesi ösdürmek hem kämilleşdirmek gerek. Atageldi Garýagdyýew Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň wokal bölümine girip, ony 1980-nji ýylda tamamlady. Ol aýdym ugrundan ýokary bilim aldy. Soňra ol sowet goşunynyň hatarynda gulluk etdi.

Atageldi Garýagdyýew 1983-nji ýyldan Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Opera we Balet teatrynda opera solisti bolup işe başlady.

Moskwadaky SSSR-iň Uly teatrynda öz professional ukybyny hem döredijilik ussatlygyny kämilleşdirmek üçin, iki ýyllap işledi. Dünýä belli aýdymçylar bilen birlikde, ençeme operalaryň sahna çykmagyna gatnaşdy.

Atageldi Garýagdyýew türkmen we dünýä klassyklarynyň iň meşhur operalarynda baş rollarda çykyş etdi. Doly metražly “Kemine” filminde Keminäniň roluny oýnady. Belli kompozitor Nury Halmämmedow bilen ýakyn aragatnaşyk saklady. Soňra özbaşdak konsert toparyny döredip, özbaşdak çykyş etdi.

Atageldi Garýagdyýew 1994-nji ýyldan Türkmenistanyň Halk artistidir. Häzirki döwürde ol Milli konserwatoriýanyň professory. Ýaşlara tälim berýär.