Özbegistanda çaga dogurmak çäklendirilýär

Özbegistanda aýallaryň 2-3 den köp çaga dogurmagyna çäklendirmäniň girizilenine köp wagt boldy.

Özbegistanda aýallaryň 2-3 den köp çaga dogurmagyna çäklendirmäniň girizilenine köp wagt boldy. Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlara görä, Özbegistanyň etraplaryndaky bäbekhanalara we poliklinikalara çaga dogluşyny belli bir derejeden artdyrmazlyk barada dilden buýruk berlipdir.

Daşkentdäki poliklinikalaryň birine hasaba durmak uçin baran aýal bu poliklinikanyň territoriýasynda çaga dogurmak planynyň ýerine ýetirilendigi sebäpli hasaba alynmandyr. Ol aýalyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryny welaýatlardaky lukmanlar hem tassyklady.

24 ýaşly asly daşkentli Zyýada hanyň aýtmagyna görä, ol mundan iki ýyl öň samarkantly ýigide durmuşa çykypdyr. Ol durmuş ýoldaşy bilen Daşkentde ýaşaýandygy uçin göwreli bolandan soň, özüniň önüp-ösen we ata-enesiniň ýaşaýan ýerindäki poliklinika hasaba durmaga barypdyr. Ony “sen Samarkanda durmuşa çykdyň we bu ýeriň hasabyndan öçürildiň diýen bahana bilen hasaba almandyrlar. Ol dokumentlerini düzedip, gaýtadan baranda Zyýadany başga sebäplere görä hasaba almandyrlar:

—Men kwartirany öz adyma geçirip, dokumentlerimi düzedip, Mirzo Ulugbek etrabynyň poliklinikasyna bardym. Emma ol ýerde meni hasaba almadylar. Ginekolog munuň sebäbini poliklinikada çaga dogurmak üçin hasaba alynýanlaryň köpelendigi we Mirzo Ulugbek etrabynda çaga dogurmak tendensiýasyny azaltmagy ýokardan talap edýändiklerini aýtdy.

Ýörite görkezme

Poliklinikanyň baş wraçyndan maglumat almak bize başartmady. Emma Özbegistanyň welaýatlaryndaky bäbekhanalaryň lukmanlarynyň biri welaýatdaky etraplarda hakykatdan hem dogulýan çagalaryň sanynyň belli bir möçberden aşmazlygy barada görkezme berlendigini tassyklady. Adyny çap etmezlik şerti bilen welaýat ginekologynyň aýtmagyna görä, welaýatyň saglygy saklaýyş bölümi çagalaryň sanyny şol etrapda ýaşaýan ilatyň sanyna görä belleýär.

—Eger-de plan artygy bilen ýerine ýetirilse, baş wraça duýduryş berilýär. Şonun üçin etrap saglygy saklaýyş bölümleri, oba medpunktlarynda işleýänlerden ilatyň arasynda göwreli bolmagyň öňüni almakdan başga-da, bu barada emeli çäreleri görmegi-de talap edýärler. Göwreli bolmakdan saklanmak üçin näçe aýala spiral goýmaly ýa-da beýleki çäreleri etmelidigi barada plan berýärler.

Onuň sözlerine görä, çaga dogurmagy çäklendirmek barada Özbegistanyň prezidentiniň ýörite karary bar. Onda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak göz öňünde tutulýar. Özbegistanyň welaýatlarynyň biriniň bäbekhanasynyň baş wraçynyň orunbasary hem prezidentiň bu kararynyň ýerine ýetirilýändigini aýdýar:

—2009-njy ýylda prezidentimiziň 10-96 we 11-44 sanly karary çykdy. Onda maşgalany planlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Biz iki ýyldan bäri şol karary ilata düşündirjek bolýarys. Emma biziň halkymyza muny düşündirmek kyn düşýär. Emma şeýle-de bolsa, gowy tarapa özgerişler bar.

Adynyň çap edilmegini islemedik bu lukman aýallaryň aglaba bölegine spiral goýulýandygyny aýtdy. Ol käbir aýallara çaga dogurmazlyk üçin hirurgik operasiýanyň-da edilýändigini sözüniň üstüne goşdy:

—Öňler çaga dogurmazlyk üçin hirurgik operasiýalar köp edilmeýärdi. Indi häzir ähli hirurgik otaglarymyz aýallara şeýle operasiýalary etmek üçin zerur medtehnika bilen üpjün edilen. Öňler aýallarymyz ondan gorkýardylar. Häzir onuň ýaly däl.

Özbegistanda radikal ýollar bilen aýallaryň çaga dogurmagynyň öňüni almak ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň işgäri hem tassyklady. Ol: “Bu işe häzir Saglygy saklaýyş ministrligi däl-de, welaýat häkimiýet organlary tarapyndan gözegçilik edilýär” diýip belledi.