Biznesi ýöretmek 2012

Halkara maliýe korporasiýasy (IFC) we Bütindünýä banky (World Bank) özüniň nobatdaky dokuzynjy hasabatynda dünýäniň 183 ykdysadyýetini seljerip, ýerli biznes üçin döredilýän kada-düzgünlere baha berdi.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew “Biznesi ýöretmek 2012: Biznesi has açyk dünýäde ýöretmek” atly hasabatyň awtorlarynyň biri – Jemile Hajibeýoglu bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hasabatda beýleki döwletler bilen bir hatarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem ady tutulýar. Siz bu region barada, aýratyn her bir döwlet dogrusynda näme aýdyp bilersiňiz?

Jemile Hajibeýoglu: Hasabatda Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş döwletiň dördüsiniň, ýagny Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ykdysadyýetine seredildi. Bu ýurtlar boýunça geçirilen barlaglara seretseňiz, onda netijeler belli bir derejede garyşykdyr. Sebäbi Gazagystan we Gyrgyzystan bir tarapda, Täjigistan we Özbegistan bolsa beýleki tarapda ýerleşdi.

Hasabatda Gazagystan 47-nji orunda ýer aldy. Şeýdip, ol Merkezi Aziýa regiony boýunça iň öňdebaryjy ykdysadyýet boldy. Gyrgyzystan Respublikasy bolsa 70-nji orunda.

Bärde bir belläp geçmeli ýagdaý bar, bu-da Gazagystanyňdyr Gyrgyzystanyň soňky bäş ýylyň dowamynda onlarça reformany amala aşyrmagydyr. Şeýle-de bu iki ýurt öňki hasabatda dünýäniň iň özgeren ykdysadyýetli döwletleriniň onlugyna giripdi.

Özbegistan we Täjigistan barada aýdylanda, olaryň biri 166-njy, ikinjisi bolsa 147-nji orunda ýerleşdi. Bu ykdysadyýetleriň her haýsysy hem soňky ýyllaryň dowamynda ýurt içindäki biznes ýagdaýy gowulandyrmak ugrunda möhüm reformalary amala aşyrdylar.

Azatlyk Radiosy: Eger-de ýaňky aýdan sanlaryňyzdan çen tutulsa, Özbegistan ýaly ýurtlarda onçakly bir öňegidişlik bolmandyrda?

Jemile Hajibeýoglu: Dogurdanam, “Biznesi ýöretmek” hasabatynda Özbegistan 183 ykdysadyýetiň arasynda 166-njy orunda ýerleşdirildi. Ýöne her niçigem bolsa, biz soňky ýyllaryň dowamynda Özbegistanda biznesi başlamak ugrunda ýeňillikleri döretmek boýunça geçirilen pozitiw reformalary hasaba aldyk. Mysal üçin, bularyň arasynda: biznesi başlamak üçin talap edilýän “iň pes sermaýa möçberiniň” ýatyrylmagy, hasaba alyş nyrhynyň kemeldilmegi ýaly çäreler bar.

Ýöne, biziň bilşimize görä, Täjigistanda ýerli biznesiň käbir sektorlary agyr günleri başdan geçirýär. Mysal hökmünde aýtsak, gurluşyk ýaly käbir pudaklarda görkeziji beýleki käbir derejelere görä pes.

Azatlyk Radiosy: Hasabatda Türkmenistan näme üçin görkezilmedi?

Jemile Hajibeýoglu: “Biznesi ýöretmek” hasabaty ilkinji gezek mundan dokuz ýyl ozal çap edilende, biz belli bir döwletleriň sanawy bilen başlapdyk. Mundan soňky ýyllaryň dowamynda biz esasan döwletleriň öz talaplary esasynda olary hasabata goşup başladyk. Häzire çenli Türkmenistandan beýle haýyş gelmedi. Hut şu sebäpli-de Türkmenistan häzire çenli hasabatda ýok.