BMG Kaddafiniň ölümi boýunça derňew talap edýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary edarasy Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafiniň ölümi bilen bagly doly derňew geçirmegiň gerekdigini aýdýar.

BMG-niň adam hukuklary boýunça Baş komissarynyň metbugat wekili Rupert Kolwilleniň aýtmagyna görä, penşenbe güni Sirte şäherinde Milli geçiş hökümetiniň söweşijileriniň arasynda Kaddafiniň ilki diri, soň bolsa öldürilen görnüşleri görkezlen wideo-ýazgylar “juda biynjalyk edijidir”.

Orýsetiň daşary işleri ministri Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, Kaddafiniň ölümi “ençeme soraglary” döredýär.

Liwiýanyň resmileri onuň bilkastlaýyn öldürilendigini ret edýärler.