GDA döwletleriniň aglabasy erkin söwda zonasyna goşulýar

Maslahat GDA döwletleriniň premýer-ministrleriniň adaty bir maslahaty hökmünde gurnalypdy, 18-nji oktýabr.

GDA döwletleriniň öz arasynda erkin söwda zonasyny döretmek barada köp ýyllar bäri alyp baran netijesiz gepleşikleri sişenbe güni giçlik Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde garaşylmadyk ýagdaýda üstünlikli bir netijä getirdi.

Bu netijäni Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Sankt-Peterburg şäherinde žurnalistleriň öňünde eden çykyşnda şeýle beýan etdi:

—Biz şu gün delegasiýalaryň ýolbaşçylary bilen uzak diskussiýa etdik hem-de özümiz üçinem belli bir derejede garaşylmadyk netijelere geldik. Biz özara uzak maslahatlaşdyk, ylalaşdyk, dokumentiň tekstini birneme düzetdik we, ahyrky netijede-de, ony gutarnykly ýagdaýda kabul etdik.

Maslahat GDA döwletleriniň premýer-ministrleriniň adaty bir maslahaty hökmünde gurnalypdy. Oňa Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen birlikde Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň we Ukrainanyň hökümet ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.

Türkmenistan gol çekmedi

Erkin söwda zonasyny döretmek baradaky bu kabul edilen dokumente GDA bileleşigine agza Azerbaýjan bilen Özbegistan, şeýle hem GDA-nyň işine synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistan gol çekmedi. Bu üç ýurt bu mesele boýunça gutarnykly karara gelmek üçin özlerine ýene birnäçe hepde wagtyň gerek boljakdygyny mälim etdiler.

Wladimir Putin erkin söwda zonasy barada sişenbe güni giçlik kabul edilen bu karary regionyň ykdysady ösüşi üçin ädilen möhüm bir ädim hökmünde häsiýetlendirdi:

—Biz öz harytlarymyz üçin bazarlarymyzy bilelikde giňden açýarys. Bu bolsa biziň bazarlarymyza harytlaryň has arzan bahadan geljekdigini aňladýar. Bu hem, öz gezeginde, täze özara kärhanalary döretmek üçin şertleriň ýeňilleşýändigini aňladýar. Bu zatlaryň hemmesem, gürrüňsiz ýagdaýda, biziň hemmämiziň ykdysadyýetimiziň bäsleşik başarnyklaryny ýokarlandyrýar.

Täze baglaşylan bu ylalaşyga görä, indi harytlaryň örän köp görnüşiniň importyna we eksportyna girizilýän salgytlar ýatyrylar. Dokumente gol goýan ýurtlaryň liderleri bu ylalaşygyň düzgünleri şu geljek ýanwardan başlap güýje girer diýip umyt edýändiklerini mälim etdiler.

GDA döwletleriniň liderleri erkin söwda zonasy barada ilkinji gezek 1994-nji ýylda ýörite bir protokola gol çekipdiler. Soňra, 2000-nji ýyllaryň başlaryndan başlabam GDA-nyň geçirýän sammitlerinde bu mesele boýunça gutarnykly ylalaşyga gol çekiljekdigi barada yzygiderli beýanatlar edilip gelindi.

Çaprazlyk ýokmy?

Orsýet ýakyn geljekde Dünýä Söwda Guramasyna agza bolmaga umyt edýär. Premýer-ministr Wladimir Putin erkin söwda zonasy barada häzirki gol çekilen täze ylalaşygyň Dünýä Söwda Guramasynyň öňde goýýan borçnamalaryna çapraz gelmeýändigini-de nygtady:

—Erkin söwda zonasyny döretmeklik hiç bir ýagdaýda Dünýä Söwda Guramasynyň prinsiplerine garşy gelenok. Şu günki ylalaşyga gol çeken Gyrgyzystan, Ermenistan, Ukraina we Moldowa ýaly käbir ýurtlar eýýäm Dünýä Söwda Guramasyna giren ýurtlar bolup durýarlar.

Ýöne, beýleki tarapdan, GDA döwletleriniň çäklerinde häzirki gol çekilen ylalaşygyň Ukraina we Moldowa ýaly ýurtlaryň Ýewropa Bileleşigine tarap ýakynlaşmaklaryna ýaramaz täsir etjekdiginden alada bildirýän toparlar-da az däl. Häzirki wagt Ukraina Ýewropa Bileleşigi bilen Düýpli erkin söwda giňişligi hem-de Assosiasiýa ylalaşygy baradaky gepleşikleriň soňky sepgitlerinde dur.

Putiniň 2012-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygy belli bolaly bäri geçen soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ol GDA döwletleriniň özara jebisleşmelikleri baradaky temany ýygy-ýygydan gozgap başlady. “Izwestiýa” gazetiniň 4-nji oktýabrdaky sanynda çap edilen makalada bolsa, Putiniň “Ýewroaziýa Bileleşigini” döretmek baradaky ideýasyna uly orun berildi.