Aşgabat “gaz proýektlerini syýasylaşdyrmaýar”

Orsýetiň käbir bilermenleriniň Türkmenistanyň nebit-gaz baýlyklaryna degişli çaklamalary ýazgarylýar.

Türkmenistan gaz eksportyna degişli proýektleriň syýasylaşdyrylmagyna garşy çykyş edýär. Bu barada Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň ýaýradan maglumatynda aýdylýar. Türkmenistanyň söňky döwürde Günbatar bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça alyp barýan gepleşikleri we ýakynda ýurduň gaz zapaslaryna degişli täze sanlaryň yglan edilmegi Orsýetiň metbugatynda diskussiýa döretdi. Türkmen tarapy muňa reaksiýa bildirýär.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy tarapyndan ýaýradylan we “Türkmengaz” döwlet konserniniň nebit-gaz institutynyň wekili Igoer Prihodkonyň awtorlygynda çap edilen makalada Orsýetiň käbir bilermenleriniň Türkmenistanyň nebit-gaz baýlyklaryna degişli çaklamalary ýazgarylýar şeýle-de Türkmenistanyň alyp barýan energiýa syýasatynyň häzirki ugurlary takyklaşdyrylýar.

Makalada hususan-da Orsýetiň RBK telekanalynyň we “Nezawisimaýa gazeta” neşriniň bilermenleri tarapyndan Türkmenistanyň gaza baý ýataklarynyň zapaslaryna we gurluşyna degişli bildirilen pikirlere, şeýle-de “Günorta Ýolöten-Osman” gaz ýataklarynyň gurluş taýdan Orýetiň käbir gaz ýataklary bilen deňeşdirilmegine garşy çykyş edilýär, bu hatda dizinformasiýa diýlip atlandyrylýar.

Maglumatda aýratynam Orsýetiň bilermenleri tarapyndan Türkmenistanyň “ýapyk ýurt” diýlip atlandyrylmagy has berk ýazgaryldy. Igor Prihodkonyň makalasynda “açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň “ýapyk ýurt” atlandyrylmagynyň ýerliksizdigi aýdylýar.

Türkmenistanyň energiýa syýasaty

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň soňky günlerde çap eden maglumatlarynda Türkmenistanyň Ýewropanyň bazarlaryna ýol açýan “Transhazar” gaz geçiriji proýektine uly ähmiýet berýänligi aýdylýar. Emma ýurduň tebigy gaz eksportyna degişli proýektleri syýasylaşdyrmaýanlygy we ol ýa beýleki proýektleri durmuşa geçirmek arkaly üçünji bir tarapyň bähbitlerine zyýan ýetirmek islemeýänligi nygtalýar.

Emma bilermenler ykdysadyýetiň syýasat bilen arabaglanyşygyna ünsi çekýärler. Orsýetiň Umumy taryh institutynyň Merkezi Azia, Kawkaz we Balkanlar boýunça merkeziniň müdiri Artýom Ulunýan alternatiw proýketleriň beýleki ýurtlaryň Türkmenistana bolan syýasy täsirini gowşatmak üçin mümkinçilik berýänligine ünsi çekiýär.

“Türkmenistan gazynyň başga bir üçünji tarapdan syýasy maksatlar üçin ulanylmagyny uzak wagtdan bäri islemän gelýär. Bu ýerde Orsýet göz öňünde tutulýar” diýip, Ulunýan aýdýar. Ol Orsýetiň gaz meselesini Ukraina we Ýewropa bilen gepleşiklerinde gural hökmünde ulanmagynyň gaz eksport edijilerini-de, gaz hyrydarlaryny-da Moskwadan heder etmäge mejbur edenligini belleýär.

Türkmenistanyň Ýewropa bilen gaz söwdasyna degişli gepleşikler prosesini aktiwleşdirmegi Orsyetde ýiti reaksiýa döretdi. Prezident Dmitriý Medwedew Hazar deňziniň kanuny statusynyň kesgitsizliginiň muňa päsgel berýänligini aýdyp, “Transhazar” proýekti barada Orsýetiň öz pozisiýasyny anyk kesgitläp, region boýunça partnýorlarynyň dykgatyna yetirjegini yglan etdi. Medwedewiň bu garaýyşlary 14-nji oktýabrda ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň energiýa meselelerine bagyşlanan maslahatynda öňe sürüldi. Orsýetiň käbir neşirlerinde bu sözler “haýbat” diýlip atlandyryldy, maslahat bolsa “Transhazar” proýektiniň öňüni almak boýunça çäre hökmünde häsiýetlendirildi.

Orsýetiň garşylygy

Emma orsýetli bilermenleriň ençemesi Kreml söz arkaly bildirýän garşylygyndan başga çäre görmez diýip, hasap edýärler. Şeýle pikiri goldaýan bilermenleriň biri hem Moskwanyň halkara gatnaşyklar institutynyň Analitika merkeziniň bilermeni Leonid Gusýew. Ol Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde öňden bäri alyp barýan halkara hyzmatdaşlygyny we şol sanda bu ýurtlaryň Günbatar bilen durmuşa geçiren bilelikdäki energiýa proýektlerini mysal hökmünde getirýär.

“Hakykata garasak, Orsýet praktiki taýdan hiç hili çäre görüp bilmeýär. Orsýetli bilermenleriň köpüsi Orsýetiň “Nabukko” garşy çykyş etmegini ykdysady taýdan esassyz diýip atlandyrýarlar. Sebäbi Ýewropanyň gaz üpjünçiligi ugrundaky bäsleşik hiç bir tarapa zyýan ýetirmeýär. Şonuň üçin bu diňe bir dilden edilýän haýbat diýip, hasap edýärin” diýip, Gusew belleýär.

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň maglumatlarynda bellenişine görä, Türkmenistan öz energiýa syýasatynyň çäginde häzirki iki gaz geçiriji proýekt barada Günorta tarap “Transowgan” we Günbatara tarap “Transhazar” proýektleri barada gepleşik alyp barýar. Aşgabat şeýle-de Hytaýa we Eýrana tarap gurlan gaz geçirijileri arkaly amala aşyrýan gaz söwdasynyň häzirki mukdaryny artdyrmak isleýär.