Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň energiýa hyzmatdaşlygy Orsýetiň metbugatynyň ünsüni çekýär. Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýektine girýän we Hazar regionynyň gazynyň Ýewropa akdyrylmagyna degişli “Transhazar” proýektine Türkmenistanyň goşulmagy baradaky gepleşikler Orsýetiň metbugatyndaky diskussiýanyň merkezinde.
Ors metbugatynda “Transhazar” gazgeçiriji proýektine degişli diskussiýalar şu ýylyň sentýabr aýynda Ýewropa Bilelelşigi bu proýekti durmuşa geçirmek üçin Türkmenistandyr Azerbaýjan bilen ylalaşyk baglaşmak baradaky kararyny yglan edensoň tutaşypdy. Şoňky günlerde muňa bolan köpçülikleýin gyzyklanma hasam güýçlendi.
Aşgabadyň Brýussel bilen energiýa hyzmatdaşlygy temasy 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň we Awstriýanyň prezidentleriniň arasynda maslahat edildi. Bu gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda ençeme dokumentlere, şol sanda energiýa hyzmatdaşlygyna degişli memoranduma gol çekildi. Türkmenstan bu dokumentleri türkmen gazyny Yewropa akdyrmak üçin kanun binýadyny döretmek tapgyry diýip atlandyrdy.
Orsýetiň pozisiýasy
“Bu belli bir derejede çylşyrymly mesele we içerki deňiz bolan Hazaryň statusyna garaşly. Bu Hazar sammitine girýän ähli dowletleriň pozisiýalarynyň ylalaşylmagyny talap edýär” diýip, Medwedew aýtdy.
Orsýetiň prezidentiniň sözlerine görä, mesele deňziň kanuny statusyna we ekologiýa howpsuzlygyna degişli. Dmitriý Medwedew Orsýetiň hyzmatdaşlary bolan we özara energiýa hyzmatdaşlygynyň “dürli ugurlary barada oýlanýan taraplaryň öň gelnen ylalaşyklara eýerjegine” hem umyt baglady.
Medwedew agzan ozlaky ylalşyklarynyň nämeden ybaratdygyny takyklaşdyrmady.
Päsgelçilikler we olaryň täsiri
Energiýa meseleleri boýunça orsýetli analitik, Moskwanyň Halkara gatnaşyklar boýunça döwlet institutynyň analitika merkeziniň bilermeni Leonid Gusewiň bellemegine görä, hazarýaka döwletleriniň özara ylalşyklarynyň biri – 2007-nji ýylda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Orsýetiň arasynda, regionyň gazyny Orsýete akdyrmak boýunça hazarýaka gazgeçirijisiniň gurluşygyna degişli gol çekilen ylalaşykdyr. Emma gazgeçirijiniň 2009-njy ýylda gurlup başlanmagyny göz öňünde tutan bu ylalaşyk durmuşa geçirilmedi.
Bilermen Gusew Hazar deňziniň kanuny statusynyň kesgitsizliginiň ýuridiki taýdan halkara energiýa proýketlerine garşy çykýanlygyny belledi, emma iş ýüzünde hazarýaka döwletleriniň amala aşyrýan energiýa proýektlerine şu çaka çenli böwet bolmanlygyny aýtdy.
“Orsýetiň regionda esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşy hasaplanýan Gazagystany alyp görsek, ol 2006-njy ýyldan bäri Baku-Tbilisi-Jeýhan proýektine gatnaşýar. Günbatar döwletleriniň bu proýektine Azerbaýjan hem gatnaşýar. Orsýet öz döwründe muňa-da garşy çykyş edipdi, emma proýekte päsgel berip bilmedi we boýun bolmaly boldy” diýip, Gusew belledi.
Türkmenistanyň reaksiýasy
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygynyň perspektiwalary we ýurduň gaz eksportyna degişli ukyby barada Orsýetiň metbugatynda soňky günlerde dowam edýän diskussiýalara türkmen metbugatynda reaksiýa peýda boldy.
Türkmen metbugatynda çap bolan maglumatlarda Türkmenistanyň gaz eksportynyň ugurlaryny üýtgetmek we köpeltmek arkaly gaz baýlyklaryny halkara bazarlaryna çykarmak boýunça alyp barýan syýasaty bilen üçünji bir tarapyň bähbitlerine zyýan ýetirmek islemeýänligi aýdyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportyna degişli proýektleri syýasylaşdyrmaýanlygy nygtaldy.
Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýektiniň düzümine girýän, uzynlygy 250 kilometrlik we Hazar deňziniň düýbünden Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda çekiljek “Transhazar” gazgeçirijisi arkaly Ýewropa ýylda 20-30 milliard kubomert möçberde gaz akdyrmak planlaşdyrylýar. Proýektiň umumy bahasy 7,9 milliard ýewro möçberinde kesgitlenýär. “Transhazar” proýekti ABŞ tarapyndan goldanylýar.