Orsýetiň bulwar gazetleri syýasatdan daşlaşýar

“Komsomolskaýa prawda” gazetiniň baş redaktory Wladimir Sungorkin

Orsýetiň köpçülikleýin okalýan bulwar gazetlerinden biri bolan “Komsomolskaýa prawda” gazetiniň gündelik redaksion ýygnagynda oligarhlaryň ýumruklaşmagy ýa-da futbol janköýerleriniň adam ýitgisine getiren huligançylygy ýaly temalar günüň iň bir möhüm temasy hökmünde saýlanyp alynýar.

Wladimir Putiniň gara äýnek dakynan haýbatly suratynyň aşagynda gazetiň habarçylary we redaktorlary günüň bir möhüm wakasyny diskussiýa edýärler. Bu möhüm waka bolsa belli biznesmen Aleksandr Lebedew bilen beýleki bir tanymal milliarder-biznesmen Sergeý Polonskiniň arasynda telewizion gepleşikde ýüze çykan ýumruklaşma bilen bagly waka.

Bu ýumruklaşmada Sergeý Polonskiniň içki geýiminiň ýyrtylandygy baradaky maglumatlara ýöne bir gülküli wakanyň derejesinden hem has uly ähmiýet berilýär.

Gazetiň redaktorlary bu wakanyň öňýany öldürilen futbol janköýeriniň nasistik salam beriş görnüşinde elini göterip duran suratyny-da bir ýerden tapypdyrlar. Gazetiň habarçysy Rinat Nazimow bolsa, bu wakada aýyplanýan azerbaýjanly raýatyň hakykatda bu hüjümde öz rus dostuny goramak üçin çalşandygyny ýazýar.

Syýasatdan gyra çekildi

“Komsomolskaýa prawda” gazetiniň baş redaktory Wladimir Sungorkin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz döwründe hut şular ýaly ünsi özüne çekiji, agyryly etniki meseleleriň bulwar gazetleriniň artýan bazarynda bu gazetiň meşhurlyk gazanmagyna ýardam edendigini aýtdy.

“Biziň gazetimiz dünýä boýunça iň köp neşir nokatlary bar bolan gazet. 75 töweregi dürli şäherde biziň gazetimiz neşir edilýär. Bu şäherleriň her birinde-de ol gazetleriň öz nähilidir bir ýerli materiallary bar. Munuň özi 75 şäheri öz içine alýan uly fabrika ýaly bir zat. Her şäherdäki bölümiň öz redaksiýasy bar, şolaram gazetiň tas ýarpysyny diýen ýaly özleri düzýärler” diýip, “Komsomolskaýa prawda” gazetiniň baş redaktory Wladimir Sungorkin belledi.

Ilkinji gezek Staliniň häkimiýetiniň başky ýyllarynda, 1925-nji ýylda Kommunistik partiýanyň ýaşlar birleşiginiň resmi gazeti hökmünde peýda bolan “Komsomolskaýa prawda” neşiri 1990-njy ýyllarda öz formatyny üýtgedip, köpçülikleýin okalýan bulwar gazetleriniň birine öwrülipdi.

Giň gerim alyp başlan biznes bazary käbir gazetleriň-de öz formatlaryny üýtgedip, bulwar gazetlerine öwrülmegine getirdi. Bu tendensiýa Orsýetde aýratyň häsiýete eýe boldy.

Sowet stilindäki gurak mazmunly iri gazetleriň ençemesi ösýän bazardan orun almak hem-de giň okyjylar köpçüligini özüne çekmek üçin bulwar gazetlerine öwrüldiler. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, olar, aglaba, Orsýetiň galagoply syýasy arenasyndaky meselelerden gyra çekildiler.

Orsýetiň käbir intelligensiýa gatlaklarynyň bu babatdaky nägileliklerine garamazdan, bu bulwar gazetleri syýasy meselelerden näçe gaça dursak, şonça-da biz özüne çekiji, dawaly gazetler hökmünde tanalmagymyzy dowam etdireris diýen garaýşa eýerýärler.

Köpçülikleýin şagalaň

“Aç-açanlygy goraýyş fondy” atly garaşsyz guramanyň analitigi Boris Timoşenko habar serişdelerindäki bu tendensiýalara ilatyň gurak syýasy maglumatlardan ýüz öwrüp, has şagalaňly durmuşy zatlar baradaky maglumatlara bolan islegleriniň artmagynyň uly itergi berendigini aýdýar.

Giň gerim alyp başlan biznes bazary käbir gazetleriň-de öz formatlaryny üýtgedip, bulwar gazetlerine öwrülmegine getirdi.

“Muňa isleg bar, özi-de örän uly isleg. Şol islegler hem gazetleriň bulwar gazetlerine öwrülmeklerine itergi berýär. Sebäbi adamlary indi agras mazmundaky gazetler has az gyzyklandyryp, agras bolmadyk şagalaňly zatlar has köp gyzyklandyrýar. Umuman, gazetler babatda-da edil telewideniýäniň başdan geçiren zatlary bolup geçýär. Telewideniýe hem öz döwründe köpçülikleýin habar serişdesi bolmagyny bes edip, köpçülikleýin şagalaň serişdesine öwrülipdi” diýip, analitik Boris Timoşenko bu ýagdaýy düşündirýär.

Orsýetde iň meşhur bulwar gazetine öwrülen “Komsomolskaýa prawda” gazetiniň syýasy bölüminiň redaktorynyň orunbasary Andreý Barabanow şu günki gün bu gazeti günde 600-700 müň okyjynyň okaýandygyny, gazetiň ýekşenbe günki neşiriniň bolsa 2,5 million nusgada çapdan çykýandygyny aýdýar.

Ýöne bu san hem gazetiň 1990-njy ýyllardaky sany bilen deňeşdirilende örän az bolup görünýär. 1990-njy ýyllaryň başlarynda günde bu gazetiň 22 million nusgasy çapdan çykýardy. Gazetiň neşir sanynyň şeýle derejede pese düşmegini bu gazetiň redaktorlary, umuman, global derejede neşir önümlerine bolan islegiň peselýändigi bilen düşündirýärler.