Britaniýanyň “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasy Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagynyň dünýä derejesinde ikinji orunda durýanlygyny yglan etdi. Bu Türkmenistanyň gaz eksportyna we energiýa syýasatyna nähili täsir ýetirip biler?
Britaniýanyň “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanyň Günorta Ýolöten-Osman gaz ýataklaryndaky gazyň maksimal möçberi 21.2 trillion kubometre ýetýär. Bu ýerdäki gazyň ortaça we minimal möçberi bolsa 16.4 we 13.1 trillion kubometr çemesinde kesgitlenilýär.
Bu barada “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasynyň wekili Jim Gillet 11-nji oktýbarda Aşgabatda geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.
“Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasy garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gaz zapaslaryna degişli sanlary yglan eden ilkinji kompaniýadyr. Onuň 2008-nji ýylda ýaýradan hasabatynda Türkmenistanyň Günorta Ýolöten gaz ýatagyndaky gazyň 14 trillion kubometriň çägindedigini we ýurdy gaz baýlyklary boýunça dünýä derejesinde 4-nji orna çykarýanlygy yglan edilipdi.
Kompaniýanyň ikinji audit barlaglary netijesinde yglan eden häzirki sanlary Günorta Ýolöten gaz ýatagyny dünýäde ikinji orna çykarýar.
Dünýäde gaz baýlyklary boýunça iň uly gaz ýatagy Pars aýlagynda, ýagny Katar bilen Eýranyň arasyndaky, Demirgazyk hem Günorta böleklere bölünen Pars gaz ýatagydyr. Bu ýerdäki gaz zapaslary 28 trillion kubometr diýlip kesgitlenilýär.
Syýasy-ykdysady täsiri
Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Brýus Panniýer Türkmenistanyň gaz zapaslaryna degişli yglan edilen sanlaryň ýurduň bir wagtda ençeme ugurlara gaz akdyrmak mümkinçiliklerini giňeldýänligini we Türkmenistanyň Orsyýete, Hytaýa, Owganystana we Ýewropa tarap gaz akdyryp biljegini aňladýanlygyny belleýär.
Türkmenistan köpugurly energiýa syýasatyny yglan edýär. Ýurduň gaz eksportynyň diwersifikasiýa strategiýasynyň çäginde 2009-njy ýylyň aýagynda Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi işläp başlady, 2010-njy ýylyň başynda Türkmenistandan Eýrana tarap goşmaça gurlan gazgeçiriji hem işe girizildi.
Türkmenistan ýene ençeme halkara proýektlerine gyzyklanma bildirýär.
Synçylar gaza baý Turkmenistanyň öňküsinden-de has uly möçberli gaza eýedigini görkezýän soňky sanlaryň, dünýäde tebigy serişdelere islegler gitdigiçe artýan döwründe bu ýurda halkara derejesindäki gyzyklanmany has-da güýçlendirjekdigini çak edýärler.
Brýus Panniýeriň pikirine görä, bu ýagdaý ýurtda adam hukuklary ýaly agyr problemalar sebäpli türkmen režimine edilýän basyşlary gowşadyp biler.
“Häzir günbatar kompaniýasynyň Türkmenistanyň ozal çak edilişinden has köp gaza eýedigini aýtmagy daşary ýurt hökümetleriniň we hatda halkara guramalarynyň Türkmenistana basyş etmek işini kynlaşdyryp biler. Gaza bolan isleg muňa sebäp bolýar” diýip, Brýus Panniýer belleýär .
Berlen bahalara garaýyşlar
Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda “Gaffneý Cline&Associates” kompaniýasynyň garaşsyz sanlarynyň “Türkmenistanyň hazirki we perspektiw gazgeçirijilerini islendik möçberde gaz bilen üpjün etjeginiň kepilnamasy bolup durýanlygy” aýdylýar.
Emma käbir synçylar Türkmenistanyň gaz zapaslaryna degişli sanlara seresaply çemeleşýärler. Postsowet giňişliginde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän Moskwanyň informasion-analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýew hem şeýle synçylardan biri.
Ol: “Meniň pikirimçe, bu bahalara we sanlara örän seresaply çemeleşmeli. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar ýatagynyň gaz zapaslary barada berlen bahalary ýatladasym gelýär. Şonda ‘Gaffney, Cline&Associates’ kompaniýasy Blumberg agentligi arkaly ýaýradan maglumatynda bu ýatakda 6 trillion kubometr gazyň bardygyny yglan edipdi. Soňra, 2009-njy ýylyň iýun aýynda Dünýä energiýasynyň statistiki ýyllyk hasabatynda ýurduň gaz zapaslary üç esse artdyrylyp berildi” diýip, Aleksandr Karawaýew belleýär.
"Gafney, Cline&Associates" şirketiniň wekili Jim Gillett bu mesele barada aýdan pikirleriniň birinde Türkmenistanyň gaz zapaslarynyň möçberini şübhe astyna almaklygyň Orsýetden gelip çykýandygyny nygtaýar. Şübhe döredip ýagdaýýy durnuksyzlaşdyrmak bilen bolsa Orsýediň içgin gyzyklanýandygyny Gillett belleýär.
“Gafney, Cline&Associates” şirketi Britaniýanyň “Beker Hughes” kompaniýasynyň düzümine girýär we nebit-gaz pudagynyň dürli ugurlary boýunça tehniki we konsultatiw hyzmatlary amala aşyrýar.