Bir türkmen – bir ykbal: Beki Seýtäkow

Beki Seýtäkow

Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Beki Seýtäkow 1914-nji ýylyň 31-nji martynda Daşhowuz oblastynyň Tagta raýonynyň Bedirkent obasynda dünýä inýär. On ýaşyndaka ol daýysyna ogullyga berilýär. Ýaşlykdan “Görogly”, “Nejeboglan”, “Saýatly-Hemra” ýaly dessanlary öwrenýär. Halk şahyry Durdy Gylyjy diňleýär. Magtymgulynyň köp goşgularyny ýat tutýar. Ol ilki obada, 1928-nji ýyldan başlap, Daşhowuzdaky pedagogik uçilişede okaýar.

1937-nji ýylda Aşgabada “Ýaş kommunist” gazetiniň redaksiýasyna işe gelýär. Şu ýerde-de ol edebi-döredijilik işine ymykly girişýär. Bir ýyldan soň “Ýaşlyk” ady bilen ilkinji goşgular ýygyndysy, ýene bir ýyldan “Bagtly nesil” atly hekaýalar ýygyndysy aýratyn kitap bolup çykýar. 1940-njy ýylda çagalar üçin ýazan “Aýazhan” erteki-poemasyny çap etdirýär. Onuň “Ogul sowgady”, “Kitabyň dostlary” atly eserleri-de çagalara niýetlenendir. Bir ýyldan soň “Biziň döwrümiz” atly goşgular ýygyndysy hem “Joralar” poemasy neşir edilýär.

1947-nji ýylda “Mydam taýýar” gazetiniň redaktorlygyna bellenýär. 1958-nji ýylda çykyp başlan “Edebiýat we sungat” gazetiniň ilkinji redaktory-da Beki Seýtäkowdyr. 1955-62-nji ýyllarda Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyň sekretary, soň üç ýyllyp bu guramanyň başlygy bolýar. Ondan soň “Sowet edebiýaty” žurnalynyň redaktory bolup, işe başlaýar.

Beki Seýtäkowyň “Senemiň söýgüsi” poemasy, “Gyz salgydy” powesti, “Doganlar” romany çap edilýär. Awtoryň “Doganlary” taryhy-rewolýusion temada ýazylan kämil eser bolmak bilen, Demirgazyk Türkmenistanda geçen asyryň ikinji, üçünji onýyllyklarynyň taryhy wakalary, real şahsyýetler, olaryň alyp baran göreşleri giňişleýin taryhy dokumentler esasynda çeper beýan edilýär.

Ol Durdy Gylyja bagyşlap “Şahyr” atly powesti döretdi. Türkmen edebiýatynda ilkinji bolup ylmy-fantastik žanrda “Çölüň ýüregi” romanyny ýazdy. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda-da öndümli işläp, edebiýatyň dürli žanrlarynda köp eserler, ýolýazgylaryny, ýatlamalary döretdi. Puşkiniň, Şewçenkonyň, Nyzamynyň, Nowaýynyň we başga-da köp ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini türkmen diline terjime etdi. Drama žanrynda-da birnäçe eser döretdi. Onuň ençeme eseri ors diline geçirildi.

Beki Seýtäkow 1979-njy ýylyň 7-nji martynda Moskwada aradan çykýar hem birnäçe gün geçenden soň, Aşgabatda jaýlanýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy, şahyr Osman Hallyýewiň Beki Seýtäkow barasyndaky ýatlamasyndan:

—20-nji asyr türkmen edebiýatynda Beki Seýtäkow okyjylaryň arasynda gaty meşhurlyga eýe bolan hem öndümli işlän, dürli žanrlarda köp eserler döreden ýazyjylaryň biri. “Ýaşlyk” goşgusyny ýat beklän, kitaplarynyň hemmesini diýen ýaly okap çykan ýazyjymyzy iki-üç sapar ýakyndan görmek, onuň sözüni diňlemek bagty maňa-da miýesser etdi. Şol duşuşyklaryň biri hakynda: geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ortalarynda ýazyjylaryň bir topary Lebaba geldi. Olaryň arasynda Beki Seýtäkowam bardy. Duşuşyk Çärjew pedinstitutynyň aktlar zalynda boldy. Lebaply ýaşlardan üçüsini şol duşuşykda goşgy okamaga çagyrdylar. Şol üçüň biri mendim. Myhmanlar bilen bile bizi-de sahnada goýlan oturgyçlara geçirdiler. Yzky hatarda ýerleşdik.

Ýazyjy-şahyrlar yzly-yzyna çykyş edýär. Zaldaky studentler, mugallymlar kä el çarpýardylar, käte gülüşýärdiler. Duşuşygy alyp baryjy: “Indi goşgy okamak gezegi ýaş şahyr Juma Orazowdan“ diýdi. Ýaş şahyr atlandyrylan epeý adamyň saçynda gara gylyň ýokdugyny gören studentler el çarpyp, gülüşdiler. Köpi gören Juma Orazow aljyramady.

“Maňa ýaş şahyr diýmekleriniň sebäbini düşündireýin” diýip, söze başlady. – Şahyrlar üç topara bölünýär. Birinji topar, gyzlaryň şahyry, oňa Sapar Öre ikimiz girýändiris. Ikinji topar şahyrlar - gelinleriň şahyrydyr. Oňa Kerim Gurbannepes degişli. Üçünji topar - heleýleriň şahyry, oňa Beki aga girýär” diýenden başlanan gülki öňküleriň çeni-çaky bolmady.

Beki Seýtäkow diňe bir sahnadakylara däl, zalyň öň hatarynda oturanlara-da eşidiler ýaly edip, erbet sögündi: “Düş münberden!” diýdi. Juma Oraz Beki aganyň beýle sögünçlerini öňem eşidip, öwrenişen bolara çemeli. Münberden düşmäge hyýalam etmedi. Iki-üç goşgyny göwnühoşluk bilen okady.

Beki aga bilen baglanyşykly köp sanly degişmeleriň tarp ýerden döremeýändigini şonda bilip galdym. Duşuşykdan soň şäheriň etegindäki obalaryň birine - Beki aga bilen ýakyn gatnaşykdaky adamyň öýüne myhmançylyga gitdik. Gijäniň bir wagtyna çenli dowam eden oturylşykda Beki aganyň özi gülmän, töweregindäkileri gözi ýaşarýança güldürip bilýändigine şonda göz ýetirdik.

Garaşsyzlyk ýyllarynda beýleki ençeme ýazyjy-şahyrlar bilen bir hatarda Beki Seýtäkowy unutmak, ony halkyň aňyndan öçürmek syýasaty alnyp baryldy. Ýazyjynyň eserleri neşir edilmedi, tegelek seneleri bellenmedi. Ýöne halkyň taryhyndan tutuş bir döwri, onda ýaşan we döreden edebiýat we sungat işgärleriniň atlaryny öçürmek mümkin däl. Indi ýagdaý gowulyga tarap üýtgäne meňzeýär. Okuw kitaplarynda Beki Seýtäkowyň döredijiligine az hem bolsa orun berlipdir. Adamlar ýakyn döwürde “Doganlaryň”, “Gyz salgydynyň” we ýazyjynyň beýleki köp eserleriniň kitap tekjelerinde öz ornuny eýelejegine umyt baglaýarlar.

Beki Seýtäkow bilen üç ýyl “Sowet edebiýaty” žurnalynda bile işleşen Hudaýberdi Hally:

—Beki Seýtäkow kalby jomart adamlaryň hilindendi. Şol kalbyna görä açyk ýüzi, mert sözi, onuň yzynda durup biljek gaýraty hem prinsipiallygy bardy. Ol Berdi Kerbabaýewden soňky ikinji uly ýazyjy hökmünde halk köpçüliginiň aňyna siňdi. Beki aga hem ýazyjy, hem guramaçy hökmünde şol beýik orny gazandy hem uzak wagtyň dowamynda ony saklap geldi. Ýogsa, ýazyjy-şahyrlaryň arasynda onuň garşydaşlaram ýeterlikdi.

Beki Seýtäkowyň öz okyjylary bardy, olar köplükdi. Onuň kitap dükanynda geçmän ýatan kitabyna duş gelmek mümkin däldi. Ertirki günem Beki aganyň ýeterlik okyjysynyň bojagy belli.

Onuň şahsyýeti hem edebi hyzmaty ýaly belentdi. Guramaçy hökmünde-de edebiýat äleminde köp işler bitirdi. Ol bar adamy halap barmazdy, göwni galan adamlaryny, gep-gybat bilen ýigrenji edilen adamlary ýek görerdi. Başarsa, ýagşylyk ederdi, intelligensiýany gowy tanaýardy. Talantly ýazyjylara baha bermegi başarardy. “Meniň üç sany gowy görýän şahyrym bar, olar: Gara Seýitli, Kerim Gurbannepesow hem Mämmet Seýidow” diýerdi. Gurbannazar Ezizowy-da gowy görerdi hem degşip: “Inim, sen goşgularyňy bir guty baş agyry dermany bilen bile getir, seniň goşgularyňy dinlämsoň, kelläm ýarylyp barýar” diýerdi. Ol goşgulary bir çäýnek ajy çaýy önüne alyp, şahyryň öz agzyndan diňlärdi. Şol ýerde-de gol çekip, žurnalyň geljekki sanyna ýollardy.

Garşydaşlary barasynda aýdylanda, Beki aga olaryň garşysyna-da aýak diräp durmazdy. “Bular Merkezi Komitete, başga edaralara arz edýärler. Şonuň üçinem hökümete, partiýa zyýanlykly ýeri bolmasa, şonuň eserini geçiriň” diýerdi. Özüne gaty dözümlidi, aýylganç köp işleýärdi. Eserlerini elde ýazardy hem şol ýazan zadyna kän bir dolanyp durmazdy. Tankydy halamazdy. Möhüm bir bellik bolaýmasa, aýdylana üns bermezdi. Peýdaly belligi kabul ederdi. “Tylla seniň yşgyňda” diýen powestini Gurbannazar Ezizowyň maslahaty bilen döredipdi.

Berdi Kerbabaýewi halamasa-da, onuň “Aýgytly ädim” romanyna ýokary baha berýärdi. Öz topragyny söýerdi, oňa guwanardy. Aýdyşlaryna görä, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy diýen at döredilende, ony ilki bäş ýazyja bermeli edipdirler. Ýöne Beki aga şol wagtky Türkmenistanyň birinji sekretary Balyş Öwezowdan haýyş edip, şol sanawa altynjy adamy - 36 ýaşly Kerim Gurbannepesowy goşdurýar.

Ol gaty degişgendi, özüne degişli ýiti sözlerem aýdyp bererdi. Islendik degişmäni götererdi. Ynsanyň şu häsiýeti-de onuň neneňsi açyk göwünli adam bolandygyny görkezýär. Özi dogrusynda açyk gürrüň bererdi. “Meniň Suhan Babaýew, Berdi Kerbabaýew ýaly güýçli garşydaşlarym boldy. Ýöne olaryň ählisi birleşibem oglum Muhammediň eden zyýany ýaly ýamanlyk edip bilmediler” diýerdi. Onuň şeýle açyk göwünliligi hem her hili gep-gürrüňleriň döremegine sebäp bolardy.

Onuň ömründen sapak edinere zat bar. Ol ýaşan döwründe halkyň dilinden düşmedi, ýene ýatlanar, ýene okalar. Ol ömrüni il-gününe, halkyna, onuň taryhyny çeper beýan etmäge bagyşlapdy.

Aşgabatda ýaşaýan publisist-ýazyjy Amanmyrat Bugaýew:

—Daşhowza barýar Beki aga. Muny Beki Seýtegiň özi maňa gürrüň berdi. Onsoň öňünden dosty hem deň-duşy Hangeldi Garabaýew çykýar. Şol döwür Beki aga Ýazyjylar guramasynyň başlygy, Hangeldi aga guramanyň Daşhowuz oblasty boýunça edebi konsultanty. Maşynly aeroportdan Daşhowuz şäherine gaýdýarlar, Beki aga öňde, sürüjiniň ýanynda, yzynda-da Hangeldi Garabaý. Ol: “Ýoldaş Seýtäkow, siziň döredijiligiňiz bilen ir döwürden bäri gyzyklanýarys” diýende, Beki aga “Aýdyberiň, ýoldaş Garabaýew, nämämi okadyňyz?” diýýär. “1937-nji ýylda “Mydam taýýar” gazetinde:

“Pionerler üýşdüler,
Ýowarda bag ekdiler – diýen bir goşgyňyz bar eken” diýýär.

“Tüweleme, ol meniň ilkinji goşgym gazetde çykan. Başga nämämi okadyň?” diýýär. “Sen ondan soňam başga bir zat ýazdyňmy, ýoldaş Seýtäkow? diýip soraýar. Şeýdip, ol gepde utan gezeginden, utulan gezegini köp gürrüň bererdi pahyr.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat:

—Gözüm bilen görüp, gulagym bilen eşiden bir wakam. Bir gezek häzir merhum, şahyr Alty Akmämmet: “Beki aga, men Daşhowuzdan geldim. Hangeldi Garabaý saňa salam aýtdy” diýdi. Olam: “Kim?” diýdi. “Hangeldi Garabaý!”.

Türkmeniň hemişe “Salam aýdanam, salam getirenem sag bolsun” diýmesi bar. Beki aga: “Ibereniňem, getireniňem pylanysyny pylan edeýin, ýene kim salam aýtdy?” diýdi welin, Alty pahyr düwdenekläp, kabinetden çykyp gaçdy.

Beki Seýtegiň bir gyzy Moskwada ors ýigidine durmuşa çykypdyr. Hojageldi Nurmyradow diýen bir şahyr adamlaryň üýşen ýerinde: “Beki aga, gyzyň orsa çykaýdymy?” diýip sorapdyr. Olam ýüzüne dikanlap seredipdir-de: “Saňa bereýinmi dagy gyzymy?” diýipdir. Ol adamlary bir görende tanap, uly bolsun, kiçi bolsun, tapawudy ýok, halanyny halardy, halamadygynam ýaşyryp durmazdy. Ýigrenýän adamy üçin, özi aýtmyşlaýyn, ýeke gözünde iki oky bardy. Pahyryň bir gözi güllüdi.

Beki aganyň ýeke gözem gapyldy. Moskwa gitdi, şol ýerde eslije ýatyp, gözüni operasiýa etdirdi. Görmeýän gözi operasiýadan soň açylaýdy. Olam balkona çykyp, güneşi, ýagty ýalançyny görüp: “Dünýedenem, sendenem razydyryn, Allajan, gaýtaryp berdiň gözümi” diýip, göwnühoş bolup durka, dogtor gyz gelip: “Ýurduňyzdan bir adam gelipdir, sizi soraýar” diýipdir. “Şunuň ýaly şatlykly günümde ýurdumdan adam gelen bolsa, çagyr ony, goý, gelsin” diýipdir.

Halamaýan adamlarynyň biri suwulgan ýaly bolup gelipdir aňyrdan. Ony gören Beki aga ýokarsyna seredip: “Taňrym, ýeke gözümi açybam, görkezjegiň şu bolsa, gap şuny ýamaşgan!” diýipdir.

Häzir merhum, taryh ylymlarynyň doktory, professor Ata Rejebowyň Beki Seýtäkow barasynda Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinden (2001-nji ýylyň 5-nji oktýabry):

—Beki aganyň adamkärçiligem gowy, atly ýazyjymyz. Ýygnaklarda, beýleki ýerlerde köp duşuşardyk. Merkezi Komitetiň ýanynda Marksizm-leninizm initituty bardy, men şonda işleýärdim, şol jaýyň ýarpysynda-da gazet-žurnallaryň redaksiýalary ýerleşýärdi. Bekem şol ýerde işleýärdi. Günortan arakesmede woleýbol oýnaýardyk. Beki aga-da oturyp, oýna tomaşa ederdi, gaty wäşidi. Onuň ýylandan gorkýanyny köpler bilýärdi. Günleriň birinde Beki aga bilen şol taýda otyrdyk welin, “Tokmak” žurnalynyň işgäri Işanguly Guljaýew (o-da wäşidi) aňry ýanyndaky oglan bilen gepleşip dur, Beki aga-da eşider ýaly edip. Maksady Bekä eşitdirmek, ýoldaşyna gürrüň beren bolýar: “Şu taýdaky arhiw jaýynyň bäri gapdalynda iki sany ýylan görüpdirler. Şol ýylanlar özara uruşýarmyşam” diýdi.

Bu gürrüňi woleýbol oýnuna tomaşa edip oturan Beki aga eşidäýdi. Ýerinden galdy-da: “Aý onda men-ä oturybilmen” diýip, turup gitdi şo taýdan. Edarasyna baryp oturypmy-oturmanmy, onçasyny bilemok, öýüne giden bolmaga çemeli.

Ýylanly ýene bir ýatlama. Moskwada Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň üçünji gatynda, myhmanhana otagymyzda bäş-alty adam bolup otyrdyk çaý içip, çörek iýip. Şol oturanlaryň biri bilen koridora çykaýdym. Ýoldaşym: “Şu wagt ýylan bar” diýsek, Beki aga ynanarmyka?” diýdi. Üçünji gatda, onda-da Moskwada ýylan bar diýseň, ol ynanmaz diýdim. Olam “Bir aýdyp göreýin-le” diýdi. Girdik. “Be, şu taýda-da ýylan ber eken. Ine, biziň aşagymyzdaky jaýda, ikinji gatda bir ýylan suwlup gidipdir. Nirä gidenem belli däl, tapanoklar” diýdi. Muny eşiden Beki aga: “Nähili bold-aý bi?” diýip, ýerinden turdy. Otur diýip oturdyp bilmedik. Ýeke adamlyk otagda ýaşaýardy ol. Telefonam bardy. Moskwaly ýazyjy dostlarynyň birine jaň etdi. Olam yzyndan geldi, şeýdip, Beki aga göçdi ötägitdi.

Ýöne Beki Seýtek ýylan hakynda “Başa-baş söweş” diýip, ajaýyp bir hekaýa-da ýazdy. Gaty gowy adamdy pahyr. Ýatan ýeri ýagty bolsun.