Özbegistanyň ýokary okuw jaýlaryndaky biabraýlyk

Özbegistanyň bilim sistemasyndaky korrupsiýa, hususanda ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň studentlerden para alyp, olara gowy bahalary goýmaklary, hatda olary okuwa kabul etmekleri soňky döwür köp gürleşilýän tema öwrüldi.

Indi bular barada internetde wideolar hem peýda bolup başlady.

“YouTube” saýtynda ýaýran wideolar gitdigiçe köpelýän edepsiz student gatlagy bilen mugallymlaryň arasyndaky gatnaşyklary görkezýär.

Mysal üçin, aşakdaky wideo özbek jemgyýetinde köp gürrüňi edilýän waka boldy. Ol ýerdäki gyzyň kakasynyň prokurordygy aýdylýar. Ol gyz mugallymyna sögýär, oňa fiziki taýdan zorluk görkezýär.

http://www.youtube.com/embed/bv7V8rhmTyo

“Eeeeý, professor, maňa akyl öwretme. Çynym bilen aýdýan, seni şu ýerde bogup öldürerin. Tur diýýän ýeriňden, tur diýýän saňa!” diýip, ol gyz yzly-yzyna gaýtalaýar.

Dawa dowam edýär, mugallym studentini köşeşdirmäge synanyşýar: “Haýyş edýän, gaýrat et, sapakdan soň gürleşäýeli...”. Soňra ol gyz has hem gazaba münýär: “Seniň sapagyň meniň piňime-de däl”.

Mugallym otagdan çykjak bolýar, ýöne student gyz onuň öňünden aýrylman sömelip dur...

Başga bir wideoda bolsa bir ýaş oglan öz mugallymynyň üstünden amerikan dollaryny we özbek somuny seçýär, synpda bolsa aýdymyň sesi batly ýaňlanyp dur. Ol oglan mugallymyna pul berjek bolýar, onuň dosty bolsa tans edýär. Görnüşe görä, mugallym özüniň wideo düşürilýändigini bilýär.

http://www.youtube.com/embed/HDGnHQ-c7t4

Studentler mugallymyň köýneginiň jübsüne pul saljak bolup birnäçe gezek synanyşýarlar. “Ol dollary halanok. Belki som alar” diýip, oglanlaryň biri aýdýar. “Ýok, bu aýdymçy som üçin aýdanok, oňa dollar ber” diýip, beýlekisi jogap berýär. Mugallym garşylyk görkezjek bolanda bir student: “Pullary bu ejeň *****niň üstünden seç!” diýýär, onuň kursdaşy bolsa pul ýagdyryp başlaýar.

Bu wideolar baýlaryň we ýokary wezipeli adamlaryň çagalarynyň ýeten derejesini görkezýär diýip, özbek jemgyýetiniň wekilleri aýdýarlar. Emma wideodakylaryň kimdigi barada anyk bir zat aýtmak kyn.

Emma ol wideolar bize bir zady anyk görkezýär: ykjam telefonlar bilen “ýaraglanan” özbek studentleri beýleki ýurtlaryň okuw jaýlarynda bolup geçýän wejeralyklaryň tersini hem edýärler.

Mugallymlaryň okuwçylary urşuny görkezýän wideolar internetde näçe diýseň bar. (Mysal üçin, Orsýete degişli şu wideo serediň ýa-da ors mediasynyň ABŞ-da bolup geçen ýakymsyz waka barada beren şu habaryna serediň.)

Indi, höwesjeň wideoçylaryň tagallasy bilen, Özbegistanda-da şeýle biabraýçylyklaryň bardygyny görüp bilýäs.