Ors mediasynyň ýagdaýy

NTW telekanaly Kremli ýygy-ýygydan tankytlaýan üç esasy telekanalyň biridi. Ýöne 2000-nji ýylda, Putin prezident bolansoň, tankyt kesildi.

Premýer-ministr Wladimir Putin mart aýynda Orsýetde geçjek prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazansa, - ol muny gazanar diýen pikirden hem ugur alynýar – bu işde uly rol oýnajak Kremliň kontrollygyndaky esasy milli media bolar.

Telewideniýede berilýän habarlar sowet nusgasyndan has ýagtyrak, açygrak bolsa-da, adamlar onuň mazmun taýdan sowet döwründäkiden köp tapawutlanmaýandygyny aýdarlar.

NTW telekanaly Kremli ýygy-ýygydan tankytlaýan üç esasy telekanalyň biridi. Ýöne 2000-nji ýylda, Putin prezident bolansoň, tankyt kesildi. Telekanalyň oligarh eýesi wagtlaýyn türmä dykylyp, stansiýany ownuk paýdar bolan döwletiň eýeçiligindäki “Gazprom” eýeledi. Şeýdip, ol beýleki habar serişdeleriniň başyna gelen zatlara nusga boldy.

Kremle gerek zat – jemgyýetçilik pikirini manipulirlemek. Lewada merkeziniň aýtmagyna görä, ilatyň 80 prosent töweregi habalary döwletiň kontrollygyndaky telewideniýeden alýar.

Erkin metbugat ýok hem däl

Ýöne bu Orsýetde erkin metbugat asla ýok diýildigi däl. Mysal üçin, döwlet işgärleriniň arasyndaky korrupsiýa we Çeçenistanda bolýan haýynçylykly hereketler ýaly meseleleri derňeýänligi üçin hormatlýanýan “Nowaýa Gazetany” alyp göreliň. Her iki hepdeden bir gezek çykýan bu gazet özüniň alyp barýan işine agyr baha töledi: 2003-nji ýyldan bäri onuň dört habarçysy öldürildi ýa-da gümürtik ýagdaýda dünýäden ötdi.

Bu gazeti hökümetiň basyşyndan goraýan zat paýlaryň 49 prosentine eýe Aleksandr Lebedew bilen öňki sowet lideri Mihail Gorbaçýowyň oňa berýän goldawy. Galyberse-de, bu gazeti okaýanlar köp däl. Olar esasan Moskwa ýa Sankt-Peterburgda ýaşýan adamlar. Gazet 200 müň nusga bilen çykýar.

“Nowaýa Gazetanyň” baş redaktorynyň orunbasary Andreý Lipskiý munuň ýeterlik däldigini belleýär: “Bu bir paradoks. “Nowaýa Gazeta” häkimiýetlere-de gerek. Her zatdan öň hem öz biri-birleri barada ýakymsyz maglumatlar edinmek üçin”.

Orsýetde gaty hormatlanýan söwda baradaky gazetleriň biri “Kommersant”. Ozal sürgün edilen oligarh Boris Berezowskiniň eýeçiligindäki bu gazeti 2006-njy ýylda Kremle dostlukly garaýan polat tütjary Alişer Usmanow satyn aldy.

Ozal redaktoryň orunbasary bolan, soň hem bu wezipeden aýrylan Kirill Rogowyň aýtmagyna görä, “Kommersantyň” satylmagy bu gazetiň mundan beýläk garaşsyz bolmazlygyny kepillendiripdir: “‘Kommersant’ ozal Kreml we özüniň media tütjary bolan eýesi tarapyndan kontrol edip bolmajak ajaýyp, özboluşly ýagdaýdady. Ýöne indi ol döwür geçdi”.

Internetden peýdalanýanlar

Aýdylyşna görä, gadagan temalar häkimiýetlere çynlakaý zyýan ýetirip biljek – ýokary orunlardaky parahorluk, güýçli elitanyň arasynda güýç-gudrat ugrunda ýurduň içinde barýan göreş, şeýle hem Putiniň ýa Medwedewiň töweregindäki adamlar barada şahsy maglumlatlar ýaly zatlary öz içine alýar.

Internetden peýdalanýanlaryň sany indi Orsýetde gitdigiçe artýar. Olaryň sany 60 milliona ýakyn. Bu hem ilatyň 40 prosentinden geçýär. Ýöne synçylar: “Internet awtoritarizmi çökerer diýip Günbatarda edilýän umyt Orsýetde başa barmaz” diýýärler. Lewada merkeziniň işgäri Denis Wolkow hem: “Bolýan wakalardan internetiň üsti bilen habarly bolan ilatyň sany diňe 5-6 prosent. Munuň bilen ýurt üýtgemez” diýýär.

Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan blogçy Alekseý Nawalnyý ýaly adamlaryň Orsýetde ýönekeý adamlaryň arasynda hiç bir täsiri ýok. Wolkow: “Korrupsiýa Orsýetde bir uly mesele diýip hiç kime aýtmak gerek däl. Muny ondan ozal hem hemmeler bilýärdi. Medwedew bu barada hemmeden köp gürleýär. Ortaça orslaryň Nawalny barada bilýän zady ýok” diýýär.