Ýohan Bir: “Ýazgulyýewiň “jenaýat işi” syýasy äheňli bolup görünýär”

Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir Döwletmyrat Ýazgulyýewiň “jenaýat işi” diýilýäniň özlerine görnetin syýasy äheňli bolup görünýändigini aýdýar.

“Bu iş bize görnetin syýasy äheňli bolup görünýär. Ýazgulyýew iýulda Abadan partlamalary barada ýazandan soň eýýäm bir topar hupbat gördi” diýip, Ýohan Bir Parižden Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy. Ol häkimiýetleriň Ýazgulyýewi şondan bäri açyk nyşana alandyklaryny we žurnalistlik işini goýdurmak üçin oňa birnäçe gezek haýbat atandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew Azatlyk Radiosynyň diňleýjilerine eşitdirilen soňky maglumatynda häkimiýetleriň Duşak şäherçesinde zorlanyp öldürilen 22 ýaşly Jereniň ganhoruny tapjak bolup, güman edilýänlere garşy zorluk ulanýandyklaryny habar beripdi.

“Polisiýa işgärleri jenaýat işiniň üstüni açmak üçin zorluga esaslanýan ekenler. Bellemeli tarapy, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda jenaýatyň üstüni açmak üçin zorlugyň ulanylýanlygy gizlin zat” diýip, Ýazgulyýew öz ýanyna gelen ýerli ýaşululara salgylanyp aýdypdy.

Ýazgulyýewiň 27-nji sentbýarda, tussag edilmezinden birnäçe sagat öň Azatlyk Radiosyna iberen hatynda Duşakda öldürilen gyz bilen bagly jenaýaty derňemäge gelen kanun goraýjylaryň käbiriniň öz garşysyna galp, toslama maglumat toplamak, arza ýazdyrmak bilen meşgul bolýandyklary habar berilýärdi. Onuň garyndaşlarynyň Azatlyk Radiosyna iberen dokumentleri žurnalistiň hut şol toslama aýyplamalar esasynda tussag edilendigini görkezýär.

Gorkuzma usuly

Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň we aktiwistleriň häkimiýetler tarapyndan ýanalmagy ýa-da milli howpsuzlyk işgärleriniň olaryň şahsy, maşgala durmuşlaryna bikanun gatyşmagy täzelik däl. Olaryň şeýle bikanun usullar bilen daşary ýurt habar serişdesinde çykyş edýän raýatlaryň sesini sem etmäge we geljekde şeýle işe baş goşjak adamlary gorkuzmaga synanýandygyny tassyklaýan mysallar bir ýa iki däl.

Bu usul kähalatda öz netijesini berýän ýaly görünýär. Mysal üçin, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary Jumadurdy Öwezow, Meretmuhammet Hommadow, Balkan welaýatyndaky habarçysy Şamyrat Agöýli dagy şeýle ýanamalardan soň habarçylyk işlerini bes etdiler.

Meretmuhammet Homadow häkimiýetleriň öz maşgala agzalaryny ýanaýşy, gorkuzyşy barada 2007-nji ýylyň awgustynda Azatlyk radiosyna şeýle maglumat beriňdi: “8-nji iýun güni Azatlyk Radiosyna beren soňky maglumatym efire berlenden soň, gijeniň bir wagty Goňur obasynda ýaşaýan gyzymyň öýüne baryp, ony gorkuzypdyrlar. Gyzym bir topar ýaş çagasy bilen irden aglap geldi, “Kaka, işleme şol işde” diýýä...”

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary Aşyrguly Baýryýew, Halmyrat Gylyçdurdyýew, Soltan Açylowa dagy hem häkimiýetler tarapyndan şeýle ýanamalara we gorkuzmalara sezewar edildiler. Olaryň telefonlaryny kesmek, maşgala agzalaryny işden kowmak, toý, gudaçylyk işlerine çenli gatyşmak ýaly bikanunçylyklara ýüz uruldy.

Bäherdenli aktiwist Sazak Durdymyradow, garrygalaly aktiwist Amangelen Şapudakow dagy bolsa, öz berk graždan pozisiýalary üçin ruhy hassahana salyndy we diňe halkara guramalarynyň basyşy astynda azat edildi.

Pariždäki Serhetsiz reporterlar guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir Ýazgulyýewe ýüklenjek bolýan aýyplamanyň düýpden heňe gelmeýändigini we onuň sud ediljegi baradaky habardan özleriniň alada galandygyny aýtdy.

“Biz häkimiýetleri ony ähli aýyplamalardan saplamaga hem-de işlemegine ýol bermäge çagyrýarys” diýip, Ýohan Bir Parižden telefon arkaly beren interwýusynda aýtdy.

Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň erkin maglumat almak we ýaýratmak hukugyny ykrar edýär. Şeýle-de türkmen kanunlary raýatyň özüne ýa garyndaşlaryna garşy beren görkezmesiniň, zorluk, gorkuzmak astynda alnan görkezmeleriň kanuny güýjüniň ýokdugyny aýdýar.