ÝHHG: Türkmenistanda geçiriljek saýlawlar we metbugat azatlygy meselesi gozgaldy

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýyllyk maslahatynyň iş dowam edýär, Warşawa.

Warşawada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýyllyk maslahatynyň iş dowam edýär. Agza ýurtlarda Adam ölçegleri boýunça borçlaryň ýerine ýetirilişine garaýan bu ýyllyk maslahat 26-njy sentýabrda başlanyp, 7-nji oktýabrda tamamlanar. Oňa 56 ýurtdan müňe golaý resmi wekiller, ekspertler, hukuk goraýjy aktiwistler gatnaşýarlar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynda Adam ölçegleriniň berjaý edilişine syn edip, Warşawada geçirýän häzirki maslahatyna Türkmenistanyň resmi wekilleri şu ýyl hem gatnaşmaýarlar. Maslahatda Türkmenistandaky ýagdaýlar boýunça adam hukuklaryny goraýjylar, oppozisiýa agzalary we graždan aktiwistleri çykyş edýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bosgunlykdaky oppozision ”Respublikan” partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamow hökümete degişli bolmadyk türkmen wekilleriniň ÝHHG-niň şu ýylky maslahatyna gatnaşmagy üçin geçen ýylkysyndan tapawutlylykda ýeňillikleriň döredilenligini belledi. Adam ölçegleri boýunça geçen ýylky maslahata türkmen oppozisiýasynyň we graždan aktiwistleriniň goýberilmezligi bilen bagly waka ýüze çykypdy. Şol döwürde ÝHHG Gazagystanyň ýolbaşçylygyndady.

Metbugat azatlygynyň çäklendirilmegi

Şu ýylky maslahatda türkmen wekilleriniň gozgan problemalary, hususan-da, metbugat azatlygynyň çäklendirilmegine degişli boldy. Maslahatda çykyş eden graždan aktiwisti Annadurdy Hajyýew Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Plenar maslahatda eden çykyşymda men ÝHHG-niň Metbugat boýunça komitetini tankyt etdim. Komitetiň Türkmenistana sapar eden resmisi hanym Miýatowiçiň ÝHHG-däki öz çykyşynda ýurtda žurnalistleriň yzarlanýanlygy barada dil ýarmanlygyna ünsi çekdim. Ýurtda žurnalsitler, hususan-da Azatlyk Radiosy bilen işleşýän žurnalistler we internet bloggerleri yzralanýarlar. Internet çaklendirilýär, raýatlar internetden peýdalanyp bilmeýärler.

Hajyýewiň pikirine görä, ÝHHG-niň Türkmenistana sapar edýän resmileriniň öz çykyşlarynda ýurtdaky agyr problemalary ýeterlik derejede gozgamazlygy, türkmen resmileri tarapyndan, öz bikanun hereketlerini aklap, başga pikirdäkileri yzarlamagy dowam etdirmek üçin ulanylýar.

Saýlawlar we oppozisiýa

Türkmen oppozisiýasynyň liderlerinden, “Respublika” oppozision partiýasynyň wekili Nurmuhammet Hanamow ÝHHG-niň Warşawadaky şu ýylky maslahatynyň 30-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde çykyş etdi. Hanamow 2012-nji ýylda Türkmenistanda boljak prezidentlik saýlawlaryna oppozisiýanyň gatnaşmagyna degişli meseläni gozgady. Bu meselede Hanamow Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

—Men, birinjiden, Berdimuhamedowyň oppozisiýa Türkmenistana gelip biler we saýlawlara gatnaşyp biler diýen sözlerine ünsi çekdim. Biz şoňa begendik hem “Watan” hereketi bilen bilelikde beýannama ýaýradyp, barmak we saýlawlara gatnaşmak niýetimizi duýdurdyk. Biz ÝHHG-den goldaw soradyk. Türkmenistan bolýar diýse, biziň käbir şertlerimiz bar. Biz şony Türkmenistanyň wekilleri bilen maslahatlaşjakdyk. Biz muňa ÝHHG-niň hem gatnaşmagyny haýyş etdik.

2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildirýän oppozisiýa wekilleriniň birnäçesi Türkmenistanda jenaýat işi kesilip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ýurduň daşynda ýaşaýan oppozisiýa wekilleriniň saýlawlara gatnaşmagyna Konstitusiýanyň käbir maddalary hem päsgelçilik berýär. Hanamowyň sözlerine görä, şeýle ýagdaýda oppozisiýanyň saýlawlara gatnaşmagy üçin oppozisiýanyň we türkmen resmileriniň arasynda syýasy dialogyň geçirilmegi zerur.

ÝHHG-niň saýlawlardaky roly

Resmi Aşgabat 2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynyň halkara standartlaryna laýyk geçirljegini yglan etdi. Hanamow saýlawlaryň açyk-aýdyň we adalatly geçirilmeginde ÝHHG-niň uly rol oýnap biljegine ynanýar. Emma, Hanamowyň pikirine görä, munuň üçin ÝHHG Türkmenistanyň halkara kadalaryny berjaý etmegini has berk talap etmeli:

—ÝHHG halkara synçy hökmünde saýlawlara çagyrylmaly. Birinjiden, Türkmenistanyň çagyrmak üçin hereket etmelidigine ünsi çekdim. Ikinjiden, çagyrlaýan ýagdaýynda ÝHHG-niň öz missiýasynyň Türkmenistan tarapyndan 10 ýa 20 adam bilen çäklendirilmegini kabul etmeli däl. Türkmenistan, adatça, şeýle şertleri öňe sürýär. Şeýle bolanda, haýsy bir saýlaw bölümine ýetirip biljek 10-20 adamy? Şonuň üçin päsgel bermesinler, özüňiz näçe adam gerek diýip hasap edýän bolsaňyz, şony talap ediň diýip, ikinji meseläni hem kesgitledik.

Türkmen wekilleriniň gatnaşmazlygy

Türkmenistan ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça maslahatlaryna ýyllar boýy gatnaşman gelýär. Graždan aktiwisti Annadurdy Hajyýew türkmen resmileriniň ÝHHG-niň maslahatlaryna gatnaşmazlygyna olaryň öz halkara borçnamalaryna ýeterlik derejede ähmiýet bermezliginiň alamaty hökmünde garaýar:

—Biz şeýle maslahatlara gatnaşanymyzda dürli delegasiýalar bilen duşuşýarys. Bu sapar, hususan-da, ABŞ-nyň resmi topary bilen duşuşygymyzda olar türkmen resmileriniň ÝHHG-niň maslahtlaryna gatnaşmaýanlygyna geň galma we gynanç bildirdiler. Sebäbi türkmen resmileriniň şeýle çärelere gatnaşmazlygy, olaryň halkara guramalaryň we demokratik döwletleriň Türkmenistan barada we türkmen režimi barada aýdýan zatlaryny diňlemekden boýun gaçyrmagydyr.

Şu ýyl Warşawada Adam ölçegleri boýunça geçirilýän konferensiýanyň dowamynda esasy çäreler bilen bir hatarda 50-ä golaý dürli maslahatlar geçirilýär. Agza ýurtlaryň dürli problemalaryna bagyşlanyp geçirilýän bu duşuşyklary häkimiýet wekilleri we graždan aktiwistleri ÝHHG bilen bilelikde gurnaýar.