Warşawada ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça konferensiýasy dowam edýär. Oňa daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen oppozisiýasynyň wekilleri, aktiwistler, adam hukuklaryny goraýjylar gatnaşdylar hem çykyş etdiler.
Şolaryň biri-de öňki türkmen diplomaty, daşary ýurtda döredilen “Respublika” oppozision partiýasynyň agzasy Çary Işanýazow. Azatlyk Radiosy onuň bilen gürründeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Çary, siz haçan we haýsy temadan çykyş etdiňiz?
Çary Işanýazow: Geçen hepdäniň üçünji güni gün tertibinde goýlan üç tema: ölüm jezasynyň ýatyrylmagy, gynamalaryň gadagan edilmegi we terrorizme garşy göreş meseleleri boýunça çykyş etdim. Şol temalaryň üçüsi-de Türkmenistan üçin möhüm. Syýasy tussaglar, türmede oturan biziň kärdeşlerimiziň meselesi has-da möhüm.
2000-nji ýylda ölüm jezasynyň ýatyrylandygyny ýatlatdym, ýöne ol iş ýüzünde saklanýar. Türkmen türmelerinde tussaglar ölýär. Türkmen türmelerinde ölen adamlaryň ençemesiniň atlary bize belli. Men çykyşymda dört adamyň adyny tutdum. Olar: Tagandurdy Hallyýew, Batyr Saryjaýew, Rejep Saparow, Annamyrat Hojamyradow. Umuman, türkmen türmelerinde ölenleriň sanawy uzyn, olaryň hemmesiniň adyny tutmaga mümkinçilik bolmady.
Azatlyk Radiosy: Näçe adamyň türkmen türmelerinde ölenligi barasynda maglumat bar?
Çary Işanýazow: Bizde anyk maglumat ýok, dürli maglumatlara görä, diňe syýasy tussaglardan ölenler 10 adam. Muny 100% hiç kim tassyklap bilmez. Sebäbi ölenleri adyny türkmen häkimiýetleri ýaşyryn saklaýar. Men häzir syýasy tussaglar barasynda aýdýaryn. Beýleki tussaglar barasynda aýdylanda, türkmen türmesinde ölýänler juda köp. Olaryň saklanyş şertleri, medisina kömeginiň berilmezligi, kadaly iýmitiň ýetmezçiligi, klimat şertleri ýaly faktorlar ölüme sebäp bolýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň türmelerinde ölenleriň sanyny ýüzlerçe diýip hasap edýärin.
Azatlyk Radiosy: Ikinji gozgan meseläňiz gynamalar. Bu barasynda nähili gürrüň etdiňiz?
Çary Işanýazow: Tussaglaryň garşysyna gynamalaryň ulanylmaýandygyny türkmen häkimiýetleri şu ýyl dabara bilen yglan etdiler. Men ony ýalan diýip atlandyrdym. Sebäbi tussag astyna alnanlaryň gynamalara sezewar edilýändigi barasynda köp maglumatlar bar.
Biz Ogulsapar Myradowanyň ölümi baradaky tassyklamany aldyk. Onuň teninde köp sanly tegmiller bar eken. Maňlaýyndaky urgy tagmasy onuň ölümine sebäp bolupdyr. Beýleki adamlar bilen bagly ulanylan gynamalar barasynda-da bizde maglumatlar bar. Şol adamlaryň haýyşy esasynda olaryň atlaryny tutup bilmeýäris, Türkmenistanyň häzirki şertlerinde ol howply.
“Respublika” partiýasy türkmen häkimiýetleriniň şol ýalan beýannamasyny ýazgardy. Men çykyşymda adam gynamalarynyň ýokdugy barasynda Türkmenistandan hasabat talap etmegi ÝHHG-ä teklip etdim. Sebäbi ýylyň-ýylyna Türkmenistan adam hukuklary boýunça komissiýa şeýle hasabat bermekden ýüz öwrüp gelýär.
Azatlyk Radiosy: Terrorizme garşy göreş bilen bagly nähili çykyş etdiňiz?
Çary Işanýazow: Terrorizme garşy Türkmenistanyň özboluşly göreş alyp barýandygyny belledim. 2002-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň prezidentiniň janyna, hamana, kast etmäge synanyşyk bolupdyr. Şonda oppozisionerleri terroristler hökmünde görkezmek häkimiýetlere gerek bolupdy. Şondan bäri Türkmenistan terrorizm ady bilen oppozisiýa garşy göreş alyp barýar. Türkmenistan, bilip aňyrsyna geçip, terrorizm sözüni, düşünjesini galplaşdyrýar, ony oppozisiýanyň, başgaça pikir ýöredýänleriň garşysyna ulanýar. Biz ÝHHG-ni we dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň oppozisiýa garşy alyp barýan bu bikanun göreşini duruzmaga çagyrdyk.
Azatlyk Radiosy: Bu çykyşy etmekden maksadyňyz näme, neneňsi netijelere garaşýarysyňyz?
Çary Işanýazow: Çykyşdan meniň maksadym ýaňky üç möhüm meselä ünsi çekmekden ybaratdy. Sarsgyn boldy. Şol rezonansdan soň Türkmenistana garşy talap ediji çäreler peýda bolar diýip pikir edýärin. Başgaça aýdylanda, ÝHHG, beýleki halkara gurluşlar Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçlaryny berjaý etmegi boýunça talaplary öňe sürer.
ÝHHG-niň ýyllyk maslahatyna oňa agza ýurtlaryň ählisiniň wekilleri gatnaşýar. Şonuň üçin munuň ýaly çykyşlary hemmeler eşidýär. Öňki ýyllaryň tejribelerine syn etsek, anyk çykyşlar boýunça degişli çäreler görülýär.
Azatlyk Radiosy: Siziň çykyşyňyza türkmen tarapynyň reaksiýasy nähili boldy?
Çary Işanýazow: Gynansagam, ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça Warşawada geçirýän çärelerine Türkmenistan gatnaşmaýar.