Korrupsiýa çagalar baglarynda kök urýar

Her ýyl çagalar baglarynda mekdebe taýynlanylýan topardaky çagalaryň mekdebe barmaklary bilen, toparlar öňe süýşürilip, çagalar baglaryna, iň körpejeleriň toparyna çagalaryň kabul edilmegine eneler sabyrsyz garaşýarlar.

Türkmenistanda döwrebap çagalar baglarynyň gurluşygy tamamlanyp ulanylmaga berlenleriniň sany soňky ýyllar diňe bir paýtagtda däl, welaýat merkezlerinde, etrap merkezlerinde hem artýar. Täze gurulýan çagalar baglary multimedia hem-de beýleki zerur bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, ol ýerlerde körpeleriň sagdyn ösmekleri, mekdebe taýynlykly barmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Abadan şäheriniň ýaşaýjysy, özüni Gülbahar diýip tanyşdyran zenan, ikinji çagasy üç ýaşaýança enelik rugsadynda dynç alyşda oturandygyny, ýakyn günlerde çaganyň üç ýaşynyň dolýandygyny, ondan soň özüniň iş ornuna barmalydygyny gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Abadan şäherindäki çagalar baglarynyň birine çagasyny ýerleşdirmek üçin, ol eýýäm bir ýyl gowrak wagt bäri nobata durupdyr. Şeýle nobatlar şäheriň bilim bölüminde hasaba alynýar. Emma, muňa garamazdan, Gülbaharyň aýtmagyna görä, 300 manat möçberdäki puly çagalar bagynyň müdirine bermeseň, perzendiňi çagalar bagyna ýerleşdirmek mümkinçiligi aradan aýrylýar.

Her ýyl çagalar baglarynda mekdebe taýynlanylýan topardaky çagalaryň mekdebe barmaklary bilen, toparlar öňe süýşürilip, çagalar baglaryna, iň körpejeleriň toparyna çagalaryň kabul edilmegine eneler sabyrsyz garaşýarlar. Emma eneleriň öz çagalaryny çagalar bagyna ýerleşdirip bilmekleri üçin, tanyş-biliş gözläp, şäher bilim bölüminiň işgärlerine, ýa bolmasa, çagalar bagynyň müdirine diýen puluny bermeli bolýandygyny eneler aýdýarlar.

Şeýle hem çagalar baglarynda her topara 25 çaga kabul edilmeli diýseler-de, soňra toparda 35-38 çaganyň bardygy mälim bolýar. Bu bolsa çagalaryň kadaly terbiýelenmegi, dynç almaklary üçin kynçylyk döredýär. Kynçylyk esasan terbiýeçilere we enekelere düşýär.

Özüniň ilkinji çagasynyň häzir on ýaşyndadygyny, ýedi ýyl mundan ozal ilkinji çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirmeli bolanynda, hiç bir çykdajysyz, öz nobatyna ýerleşdirip bilendigini Gülbahar ýatlaýar.

Sany artdygyça, ýerleşdirmek kynlaşýar

Täze mekdepleriň, täze çagalar baglarynyň sany artdygyça çagalary çagalar bagyna ýa abraýly hasaplanýan mekdeplere ýerleşdirmegiň kynçylygy artýar. Eneler indi berilmeli paranyň möçberiniň-de köpelýändigini, munuň sebäplerine ene-atalaryň düşünip bilmeýändiklerini hem aýdýarlar.

Çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirenlerinden soň hem ene-atalardan el sabyny, kir sodasy, hajathana kagyzy, nahar iýmek üçin gerekli gap-gajy getirmekligi hem häli-şindi soraýarlar, ene-atalar wagtal-wagtal çagalar bagynyň bejeriş-abatlaýyş işleri üçin hem pul bermeli bolýarlar.

Mundan 20-30 ýyl ozal gurlan çagalar baglarynda ýyladyş sistemalary hem göwnejaý işlemeýär. Aňzakly gyşda, otaglaryň sowuklygy sebäpli, ýa bolmasa, aşa yssy howalarda elektrik togunyň ýetmezçiliginden sowadyjy enjamlaryň gowy işlemeýändigi sebäpli, çagalary öýde galdyrmaly pursatlar hem bolýar.

Çagaly eneler dynç günleri, baýramçylyk günleri, edara-kärhanalaryň işgärleri çärelere gatnaşmaly bolanlarynda hem çagalaryny öýde goýmaly bolýarlar. Öýünde işlemeýän hossary bolmasa, şular ýaly ýagdaýda, çagany saklatmak üçin, eneler goşmaça eneke hem tutunmaly bolýarlar, sebäbi çagalar baglary şenbe, ýekşenbe hem-de baýramçylyk günleri çagalary kabul etmeýär.

Tanyş-bilişlik bilen çagasyny mekdebe taýýar bolsun diýip, çagalar bagyna ugradýan, işlemeýän eneler hem bar. Olar üçin çagalar bagy haçan işleýär, haçan dynç alýar, tapawudy ýok.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.