Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy žurnalistlere “gapysyny açdy”

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň bu çäräni geçirmekden maksady—derňewiň alnyp barlyşy barada jemgyýetdäki nädogry pikirleri ýoga çykarmak.

Gyrgyzystanda ýapyk edara hasaplanýan Döwlet howpsuzlyk gullugy žurnalistleri derňew işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyryp, tussaglar sorag edilende, olary gynap maglumat almak ýaly faktlaryň ýokdugyny görkezdi. Bölümdäki tussaglaryň aglaba bölegi terrorçylyk, guramaçylykly jenaýat, şeýle-de uly mukdardaky neşe maddalary bilen ele salnanlar.

Geçen ýyl Bişkekde bolan partlamalara hem-de milisiýa işgärlerine hüjüm etmekde gatnaşygy bar diýlip güman edilýän “Jaýşul Mahdi” atly guramanyň 10 agzasyndan biri Murat Döwletgazyýew derňew bölüminiň şertleriniň özüni kanagatlandyrýandygyny Azatlyk Radiosynyň žurnalistine aýtdy:

—Bu ýeriň şertleri gowy. Meniň oturanyma bir ýyl-a däl, ýedi aý boldy. Gazetler bar, telewizor görýäris. Namazy-da şu ýerde okaýarys. Biz geçen ýylky waka boýunça otyrys. Meseläni sud çözer. Meni Arça Bişikdäki öýümden tutup getirdiler.

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň bu çäräni geçirmekden maksady—derňewiň alnyp barlyşy barada jemgyýetdäki nädogry pikirleri ýoga çykarmak. Wagtlaýyn kameralarda saklanýanlary urup-ýenjip boýun aldyrmak, şeýle-de olardan ýalan görkezme almak ýaly ýagdaýlaryň ýokdugyna kepil geçýän derňew bölüminiň başlygy Bagtybek Jumaýew bölümde ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtaýar:

—Bu ýerde hiç kim tussagy urup-ýenjip, gynamaýar. Bu ýerde derňew işleri kanunda görkezilişi ýaly geçirilýär. Şu mahala çenli tussaglara garşy güýç ulanylandygy barada ýekeje-de fakt bolmady. Biz bu ýerde terrorçylyk boýunça günälenýänleri aýratyn, guramaçylykly jenaýat toparlarynyň agzalaryny özbaşdak, öň sud edilen we sud bolmadyklary hem aýratyn kamerada saklaýarys. Bu ýerde “VIP” kamera diýilýän ýok. Kameralaryň hemmesi birmeňzeş. Tussaglara günde üç gezek gyzgyn nahar berilýär.

Şu mahala çenli adam hukuklaryny goraýjylar Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň derňew bölümine hiç kimiň goýberilmeýändigine esaslanyp, ol ýerdäki tussaglary gynap maglumat almak faktlarynyň dowam edýändigini aýdýardylar.

Derňew bölüminiň başlygy Bagtybek Jumaýew tussaglara bildirilýän günäleriň agyrdygyna garamazdan, olaryň garyndaşlary bilen duşuşmagyna çäklendirmäniň ýokdugyny belleýär:

—Tussaglaryň ählisiniň hossarlary bilen duşuşmaga deň hukuklary bar. Olaryň aklawjylary ýa-da garyndaşlary bilen duşuşmagyna ýol bermezlige hakymyz ýok. Derňewçileriň rugsady bilen biz olara duşuşyklary belläp berýäris. Garyndaşlary bilen duşuşmaga bir sagada çenli wagt berýäris. Aklawçylary bilen duşuşmaklaryna näçe wagt bolsa-da, çäklendirme ýok.

Şübheli garaýanlar bar

Şeýle-de bolsa, adam hukuklaryny goraýjylaryň käbiri ýörite gullukda aç-açanlygyň, äşgärligiň bardygyna ynanmaýar. “Er aýdooçu” atly adam hukuklaryny goraýjy guramanyň başlygy Kaçkyn Bulatow Döwlet howpsuzlyk gullugynyň derňew izolýatorlarynda gynamalaryň ýokdugyna şübheli garaýar:

—Ol ýerde oturanlardan “Hiç kim sizi urmaýarmy? Berýän naharlary gowumy?” diýip soranlarynda “Hawa, hemmesi gowy” diýip, jogap bermek tussaglar üçin adata öwrülen ýagdaý. Dogrusyny aýtsalar, olara nahar bermezler. Onsoňam urarlar we gynarlar. Şondan gorkup, olar “hemme zat gowy” diýýärler. Emma ol ýerden çykanlaryndan soň, näme bolanyny aýdyp berýärler. Ýörite gullugyň derňew bölüminde gümrük gullugynyň işgärini urup öldürenleri ýaňy dälmi? Soň ony ýykylyp ölüpdir diýdiler. Şeýle anyk faktlar bar wagtynda bizde gynamalar ýok diýmäge esas ýok.

Ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň döwründe ýalan jenaýat işiniň esasynda ýörite gullugyň izolýatorynda alty aý oturyp çykan Gyrgyzystanyň öňki daşary işler ministri Alikbek Jekşenkulow özüne belli bolan gynamalaryň hili barada gürrüň berdi:

—Men kamerada ýatanymda, aýylganç sesleri eşidýärdim. Meniň işim syýasy iş bolansoň, maňa garşy güýç ulanmadylar. Emma maňa garşy gynamagyň moral-psihologik basyş ýoluny saýladylar. Maňa “Bakiýewi goldap, oppozisiýany garalap, çykyş edersiň diýdiler. Men olaryň talabyny ýerine ýetirmänimden soň, meniň kameramda dürli sykylyklar peýda bolup başlady. Ony eşidip, kelläm aýlanyp, ýüregim bulandy. Soňra spesialistler onuň adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýän gizlin gynamalaryň bir usulydygyny aýtdylar. Ol ýerden çykanymdan soň, bir ýyl çemesi kesel bolup gezdim. Häzir birneme gowulaşdym.

Gyrgyzystanda geçen ýyl 7-nji aprelde hökümet çalşandan soň, wagtlaýyn hökümet Döwlet howpsuzlyk gullugynda reforma geçirjekdigini wada beripdi. Bu barada ýörite konsepsiýanyň taýýarlanýandygy aýdylanam bolsa, o barada ýurduň syýasy elitasy soňky döwürde dymýar.