Aýdogdynyň owazy

Aýdogdy Gurbanow (çepde) kompozitor Aman Agajykowyň “Sona” operasynda Annanyň rolunda. Çeşme: Türkmen-sowet ensiklopediýasy. 8-nji tom, 376-njy sahypa.

Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyklaryň çäginde klassyky saz sungatyna bolan üns belli bir derejede artýar. Golaýda Türkmenistanyň paýtagtynda ilkinji gezek Wena balynyň geçirilmegi, Wenanyň dünýä belli simfoniki orkestriniň Aşgabatdaky çykyşy muňa mysal bolup biler.

Mundan sähel wagt öň Türkmenistanda uly saz toparlary hem balet teatry işleýärdi. Soňra Opera we balet teatrynyň ýapylmagy, fortepianoda saz çalmagyň gadagan edilmegi professional sungata agyr zarba urdy. Ýogsam bolmasa geçen asyryň ortalarynda kemala gelen professional aýdym-saz medeniýeti halkyň söýgüsini gazanmagy başarypdy. Milli kompozitorlar, ençeme sazandalar hem belli aýdymçylar ösüp ýetişdi. Olar türkmen milli aýdym-saz sungatynyň täze bir ugruny döretdiler. Bu ugurda belli aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanowyň hem öz orny bar.

Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanow 1933-nji ýylda Kaka etrabynyň öňki Lenin adyndaky daýhan birleşiginde dünýä inýär. Onuň çagalyk hem ýetginjeklik döwri 30-40-njy ýyllaryň ýowuz döwründe geçýär. Ol 1948-nji ýylda doly däl orta mekdebi tamamlap, bäş ýyllap kolhozda işleýär. Ol ýer sürýär, orak orup, döwek döwýär, mal-gara bakyp, çopançylyk edýär.

Aýdogdy 1953-nji ýylda Türkmen döwlet sazçyklyk uçilişesine okuwa girýär. Uçilişäniň solfejio mugallymy Silwia Semýonowna Şteýnberg Aýdogdynyň mylaýym, örän ýakymly sesini halap, oňa aýratyn üns berýär. Silwia Semýonowna Aýdogdyda geljekki özboluşly opera aýdymçysyny görýär we onuň bilen irginsiz işleýär. Ol tejribeli mugallym Aýdogdynyň sesiniň liriki tenordygyny kesgitleýär we ony düzgüne salýar. Aýdym aýdanyňda nähili dem almalydygyny, nähili hereket etmelidigini, diksiýa, ýagny sahna diliniň üstünde nähili işlemelidigini öwredýär. Oňa opera artistiniň diliniň arassa, anyk we örän düşnükli bolmalydygyny düşündirýär.

Ýaşlykda zähmetde bişişen Aýdogdy okuwa erjellik bilen girişýär hem uçilişäni gowy tamamlaýar. Sazçylyk uçilişesinde okan ýyllarynda Türkmen Döwlet Opera we Balet Teatrynyň köpçülik sahnalarynda, ýagny horda çykyş edýär. Bu bolsa Aýdogdynyň teatr sungaty bilen has ýakyndan tanyşmagyna we ussatlygyny kämilleşdirmegine ýardam edýär.

Aýdogdy Gurbanow 1958-nji ýylda Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. 1963-nji ýylda konserwatoriýany üstünlikli tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Opera we Balet Teatrynda solist bolup, döredijilik işine başlaýar.

Onuň güýçli hem ýakymly liriki tenor sesi bolansoň, opera aýdymçylarynyň arasynda esasy orny eýeleýär. Operalarda esasy gahrymanlaryň obrazlaryny döredýär. Olardan “Şasenem we Garypda” Garybyň, “Leýli we Mežnunda” Mežnunyň hem Kömegiň, “Zöhre we Tahyrda” Tahyryň, “Kemine we kazyda” Daňataryň hem Keminäniň obrazlaryny üstünlikli ýerine ýetirýär. Aýdogdynyň döreden ol obrazlary halkyň söýgüsine mynasyp bolýar.

Bu klassyky opera spektakllaryny görmek üçin ýurduň dürli künjeklerinden Aşgabada ýörite gelerdiler. Ol belli operalar halkyň söýgüli spektakllaryna öwrülip, ahlak taýdan arassalygy ündäp, ýaş nesil üçin özboluşly merkdebe öwrüldi.

Aýdogdynyň mylaýym, gulaga ýakymly, örän milli türkmen sesi bilen birlikde, atristlik ussatlygy-da birkemsiz kämilleşdi. Ol “Magtymguly” operasynda Magtymgulynyň, “Abadan” operasynda Batyryň, “Sonada” Annanyň, Üzeýir Gajybekowyň “Arşin mal alan” operettasynda Askeriň obrazlaryny döretdi. S. Rahmaninowyň “Aleko” operasynda Alekonyň, I.P.Çaýkowskiniň “Ýewgeniý Onegin” operasynda Lenskiniň obrazlaryny türkmen sahnasyna çykaryp bildi. Žanrlary boýunça biri-birinden düýpli tapawutlanýan bu obrazlar şowly çykypdy.

Kinorežissýor Alty Garlyýewiň “Aýgytly ädim” filminde Artygyň “Aýna” diýen aýdymyny aýtmagy Aýdogdy Gurbanowa uly abraý getirdi. Oba ýerlerinde daýhanlaryň, çopanlaryň bu aýdyma hiňlenýändiklerine gabat gelinýärdi. Bu bolsa onuň döredijiliginiň halk köpçüliginiň aňyna däl, eýse ganyna siňendiginiň subutnamasydy.

Aýdogdy halkyň hak artisti hem hakdan içen aýdymçy saýylýar. Aýdogdy Gurbanowa 1965-nji ýylda ”Türkmenistanyň at gazanan atristi” diýen hormatly at berildi. 1977-nji ýylda bolsa ol ”Türkmenistanyň halk artisti” diýen ýokary hormatly ada mynasyp boldy. Ol konsert programmalary bilen Wengriýada, Bolgariýada, Fransiýada, Türkiýede we ençeme daşary ýurtlarda türkmen aýdym-saz sungatyny dünýä jar etdi.

“Türkmenistanyň halk artisti” Aýdogdy Gurbanow soňky wagtda Türkmen döwlet milli konserwatoriýasynda ýaşlara sapak berýär. Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly günlerde halka hyzmat eden, täze medeniýeti döreden şeýle aýdymçylaryň atlary-da tutulsa, gowy bolardy diýip, ýerli intelligensiýa wekilleri hasaplaýarlar.

Halmyrat Gylyçdurdyýew Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.