“Merkezi Aziýada graždan jemgyýeti howp astynda”

Guramalaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynda işlemegi üçin resmi hasaba durmak zerur. Emma hasaba durmak köp jemgyýetçilik guramalary üçin elýeterli däl.

Hökümete degişli bolmadyk halkara guramalaryň topary ÝHHG-niň ynsan ölçegi boýunça borçnamalaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça geçirýän maslahatyna gabatlap, bilelikde beýannama ýaýratdy. 21-nji sentýabrda ýaýradylan bu beýannamada Merkezi Aziýa döwletlerinde graždan jemgyýetiniň howp astyndadygy aýdylýar we Türkmenistanda, Gazagystanda hem Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn berilýär.

“Graždan jemgyýeti Merkezi Aziýada howp astynda” - şeýle sözbaşy bilen ýaýradan öz bilelikdäki beýannamasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar regionda ynsan hukuklarynyň häzirki ýagdaýyna aladalanma bildirýärler.

ÝHHG-niň maslahatlarynyň öňüsyrasynda ýaýradylan bu beýannama “Ynsan hukuklary boýunça halkara partnýorlygy”, Niderlandlaryň Helsinki Komiteti, “Gazagystanyň ynsan hukuklary we kanunçylygyň berjaý edilmegi boýunça halkara býurosy”, adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” we “Özbegistanyň garaşsyz ynsan hukuklaryny goraýjylarynyň inisiatiw topary” tarapyndan gol çekildi.

Hökümete degişli bolmadyk halkara guramalaryň bilelikdäki beýannamasynda Gazagystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky problemalar barada habar berilýär. Hususan-da, Türkmenistanda graždan jemgyýetiniň hereket etmegi üçin şertleriň çakdanaşa agyrlygyna galýanlygy aýdylýar. Raýatlaryň söz, ýygnanyşmak we bileleşmek azatlyklarynyň berk çäklendirilýänligi bellenýär.

Hökümete degişli bolmadyk guramalar

Regional aktiwistleriň sözlerine görä, tutuş regiona mahsus uly problemalaryň biri hökümete degişli bolmadyk guramalaryň erkin iş alyp barmagyna degişli. Şeýle guramalaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynda işlemegi üçin resmi hasaba durmak zerur. Emma hasaba durmak köp jemgyýetçilik guramalary üçin elýeterli däl.

“Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýjylarynyň garaşsyz inisiatiw toparynyň” ýolbaşçysy Surat Ikramow Özbegistandaky ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Häkimiýetler guramalary hasaba almakdan ýüz öwrende, munuň sebäbini-de düşündirmeýärler. Emma, guramalar hasaba alnaýsa, olar Ýustisiýa ministrliginiň gözegçiligine düşýär we bu minstrligiň görkezmelerine tabyn bolýar. Şeýlelikde hasaba alynmak bilen gurama döwlete garaşly bolýar”.

Guramalaryň bilelikdäki beýannamasynda bellenişine görä, Türkmenistanda 100-e golaý hasaba alnan jemgyýetçilik guramasy bar. Olar döwletiň doly gözegçiliginde bolup, esasan sporta, medeniýete we ýaşlara degişli programmalar boýunça işler bilen meşgullanýarlar.

Graždan jemgyýetine näme howp salýar?

Ikramowyň pikirine görä, Merkezi Aziýa döwletlerindäki syýasy režimler regionda graždan jemgyýetine howp salýan esasy problema: “Meniň pikirimçe, režim üýtgemeli, sistemanyň özi üýtgemeli. Syýasy partiýalara ýol berilmeli, olar güýçlenmeli. ÝHHG guramasy ýaly halkara strukturalar ynsan hukuklary meselesine ünsüni güýçlendirmeli we Merkezi Aziýa döwletlerinden adam hukuklarynyň berjaý edilmegini yzygiderli talap etmeli”.

Hökümete degişli bolmadyk halkara guramalaryň ýaýradan bilelikdäki beýannamasynda Türkmenistandaky ýagdaý bilen baglylykda bellenişine görä, raýatlaryň garaşsyz maglumat almak mümkinçilikleriniň çaklendirilmegi, daşary ýurtly habar çeşmeleriň elýeterli bolmazlygy, döwletiň internete edýän gözegçiligi, graždan aktiwistleriniň yzarlamalara we basyşlara sezewar edilmegi ýurtda graždan jemgyýetiniň ösüşine päsgel beýär.