Depesine dürli reňkler çaýylyp, lowurdap duran gümmezli köşkleriň sany diňe bir paýtagtda däl, eýsem ýurduň welaýat merkezlerinde hem barha artýar. Olar sanardan kän.
Ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanan köşk gurluşygy soňy bilen has-da möwjäp ugrady. Tiz wagtda üç müň adama niýetlenen Maslahatlar köşgüniň, täze Bagt köşgüniň binalary ulanylmaga berler. Paýtagtyň günorta-günbatar bölegini, şäheriň merkezini kaşaň köşkler eýeleýär.
Aşgabadyň ýaşaýjysy Gulmyrat aganyň pikiriçe, ministrlikleriň, uly edara-kärhanalaryň owadan hem amatly binalarda ýerleşdirilmegi hem möhüm zat. Bu — ýurduň ýüzi bolup durýar. “Emma amatlyklar ministrliklere niýetlenip, ýönekeý ilatyň zeruryýet üçin barýan kiçiräk edaralary bolsa ýerzeminlerde, ýa bolmasa bolar-bolmaz binalarda ýerleşdirilse, bu hem ylalaşyp bolmajak ýagdaý” diýip, Gulmyrat aga aýdýar.
Şäheriň öý uprawleniýeleriniň birnäçesi, şäher tehniki inwentarizasiýa býurosynyň edara jaýy şu günki gün ýerzemin jaýlarynda ýerleşýär. Bu bolsa şu edaralaryň işgärleri üçin hem, bu edaralara ýüz tutup gelýän ýaşaýjylar üçin hem uly kynçylyklary döredýär.
Ozalky Bekrewe posýology 2000-nji ýyllardan soň paýtagtyň çägine girizilip, Aşgabat şäheriniň Çandybil etraby döredildi. Şäheriň ozalky Köpetdag etrabyna degişli şäher ýaşaýjylarynyň köpüsi täze etraba geçirildi. Çandybil etrabynyň etrap merkezi Bekrewe şäherçesinde ýerleşdirildi.
Etrap häkimligini, polisiýa bölümini, sosial üpjünçilik bölümini Bekrewede ozalky ýapylan çagalar baglarynyň jaýynda, konfiskasiýa edilen ýaşaýyş jaýynda ýerleşdirdiler. Aşgabatda ýaşaýanlar üçin bu edaralara ýüz tutmak zerurlygy bolanda, ýaşaýjylar Bekrewä gitmeli bolýarlar. Şäher bilen awtoulag aragatnaşygy ýola goýlany üçin aralyk uzagrak bolsa-da, baryp-gelmekde ýaşaýjylar o diýen kösenmeýärler.
Emma Gulmyrat aganyň aýtmagyna görä, Çandybil etrabynyň öý uprawleniýesi üçin, 2000-nji ýyldan bäri hiç bir ibaly jaý tapylmaýar. Eýýäm 5-nji gezek öz edara jaýyny çalşan öý uprawleniýesi, häzirki wagtda hem, polisiýa edarasynyň ýykylmaga degişli daýanç nokadynda ýerleşdirilipdir.
Darajyk dört otagdan ybarat bu ymaratyň içinde öý uprawleniýesine degişli alty adam bilen polisiýanyň daýanç nokadynyň işgäri ýerleşýär. Sprawka ýa beýleki zerur resminamalar üçin bu ýere ýüz tutup gelýän ýaşaýjylar, ygally hem jöwzaly günlerde daşarda nobata durup, resminama düzedilýänçä garaşýarlar. Resminama taýyn bolandan soň, ony demir gözenege elini sokup almaly bolýarlar.
“Bu gözgyny ýagdaýy görüp, başyňy ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Milliardlap serişde sarp edilip gurulýan köşkleriň gapdaly bilen ilat üçin zerur bolan ownuk edaralar üçin bir amatly ymarata döwletiň güýji ýetmeýärmi diýeniňi duýman galýarsyň” diýip, Gulmyrat aga janygýar.
Aşgabat şäherinde beýleki öý uprawleniýeleriniň ýerleşýän jaýlary hem şundan oňat ýagdaýda däl. Ýerzeminlerde ýerleşýän öý uprawleniýelerine işi düşüp barýan garrylara, maýyplara ol ýere girip-çykmagyň özi bir görgi bolýar.
Çandybil öý uprawleniýesiniň häzirki ýerleşdirilen meýdançasynda jaýlaryň ýykylmagy dowam edýär. Daş-töweregi ýumrulyp, ýeke özi galan öý uprawleniýesiniň jaýyna hem gezek ýetjekdigi görnüp dur. Öý uprawleniýesiniň indiki gonjak ýerini häzirlikçe hiç kim bilenok.
Aşgabat şäher tehniki inwentarizasiýa bölümi hem indi on ýyl bäri Görogly köçesindäki ýaşaýyş jaýynyň ýerzemininde ýerleşýär, eýlesi-beýlesi 4 metr ýaly insiz koridorda adamlar haýsydyr bir resminamany düzetmek üçin, sagatlap aýak üstünde durmaly bolýarlar. Zerur bolan halatynda ol ýere eltilýän garrylara, maýyplara resminama gol çekdirmeli bolnanda edaranyň işgärleriniň ýerzeminden çykyp, gol çekdirýändiklerini görüp bolýar.
Jahankeşdeleriň gözi bilen seredeniňde ajaýyp şähere öwrülen gözel Aşgabatda öz ýaşaýjylary üçin, ine, şeýle kösençlikler sanardan kän.
Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.