Orsýetdäki saýlawlar Merkezi Aziýa nähili täsir eder?

Wladimir Putin (sagda), Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ortada) we “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alkeseý Miller Kremlde, 2007-nji ýylyň 24-nji apreli.

Orsýetiň hökümet baştutany Wladimir Putin döwlet baştutany wezipesine dalaş etmekçi. Putin 24-nji sentýabrda “Bütewi Orsýet” partiýasynyň gurultaýynda 2012-nji ýylyň martynda Orsýetde boljak prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşjakdygyny yglan etdi. 2000-2008-nji ýyllarda Orsýetiň prezidenti bolup, soňky dört ýylyň dowamynda ýurduň hökümetine baştutanlyk eden Putin geljekki prezidentlik saýlawlaryndan soň, hökümetde uly üýtgeşiklikleriň boljakdygyny aýdýar.

2012-nji ýylyň martynda Orsýetde boljak prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak niýetini yglan eden Wladimir Putiniň ýeňiş gazanjagyna ýurduň içinde we daşynda köplerde şübhe döremeýär. Bir tarapdan Orsýetiň häzirki hökümet baştutany Wladimir Putiniň we döwlet baştutany Dmitriý Medwedewiň gatnaşmagyndaky “Bütewi Orsýet” partiýasynyň täsirliligi, başga bir tarapdan, ýurduň syýasy oppozisiýasynyň gowşaklygy prezident bolmak islegini yglan eden Putiniň döwlet başyna dolanyp gelmegine hiç hili päsgelçiligiň bolmajagyny görkezýär.

Synçylar Orsýetiň geljekki prezidentlik saýlawlaryna ýurduň 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri alyp barýan syýasatynyň dowamy hökmüne garaýarlar we ol syýasy ugruny üýtgeder öýdüp garaşmaýarlar. Şol bir wagtda-da ýurduň öz bähbitlerini goramak usullarynyň üýtgemeginiň ähtimallygy aradan aýrylmaýar. Putin prezident bolan ýagdaýynda bu Orsýetiň daşary syýasatyna nähili täsir ýetirip biler?

Merkezi Aziýa

Moskwadaky GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Andreý Groziniň pikirine görä, bu hususan-da Orsýetiň Merkezi Aziýa regionyndaky syýasy we ykdysady bähbitlerine degişli bolup biler:

—Syýasatda tapawut dörän ýagdaýynda bu diňe stilistika degişli bolar. Sebäbi Dmitriý Medwedew we Wladimir Putin bir syýasata hem umumy gymmatlyklara eýerýän adamlar. Emma Merkezi Aziýanyň liderleri, adatça, islendik özgerişliklere örän duýgur çemeleşýärler. Olaryň Orsýetiň häzirki prezidenti Dmitriý Medwedewe berk we güýçli bolmadyk, wagtlaýyn ýolbaşçy hökmünde garaýandyklary hiç kime syr däl. Moskwanyň soňky ýyllarda Daşkent, Duşenbe, Aşgabat bilen gatnaşyklarynyň çylşyrymlylygy hem hut şundan gelip çykýar — diýip, Grozin aýdýar.

Käbir günbatar bilermenleriniň pikirine görä, iki prezidentlik möhletini başdan geçiren Wladimir Putiniň ýene-de döwlet başyna dolanmagy Orsýetde syýasy durgunlygyň döremegine ýol açyp biler. Emma gazagystanly bilermen Saparbaý Jubaýew Putiniň döwlet başyna dolanyp gelmegi bilen Orsýetiň, aýratynam Merkezi Aziýa babatynda häzir alyp barýan syýasatynyň durnukly dowam etdiriljegine güwä geçýär diýip, pikir edýär:

—Orsýetiň Ýeltsin döwründe Merkezi Aziýa babatynda kesgitli bir syýasaty ýokdy. Putin döwründe bu syýasat kesgitlenip, integrasion häsiýete eýe boldy. Medwedew döwründe hem bu syýasat dowam etdirildi. Şeýlelikde Putiniň döwlet başyna dolanyp gelmegi bilen Orsýetiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen ýakynlaşmak we aralaşmak prosesini has-da aktiwleşdirmegine garaşýaryn. Regional guramalaryň döredilmegi, şol sanda Orsýetiň we Gazagystanyň gatnaşmagynda 2010-njy ýylda esaslandyrylan gümrük bileleşiginiň döredilmegi regional hyzmatdaşlygyň takyk netijesi. Merkezi Aziýa Orsýetiň geosyýasy bähbitleri bilen bagly region bolansoň, Moskwanyň bu regiona bolan ünsüni mundan beýläk-de gowşatmaz — diýip, Jubaýew aýdýar.

Energiýa

Howpsuzlyk meselelerine has uly üns bermek, Orsýetiň geosyýasy we enegriýa ugrundaky bähbitlerini has berk goramak Putiniň syýasatyna mahsus häsiýetler. Bu pikiri GDA institutynyň bilermeni Grozin aýdýar.

Türkmenistanyň yglan edýän köpugurly energiýa syýasaty we Ýewropa Bileleşiginiň Hazar regionynda öňe sürýän gazgeçirijiler boýunça proýektleri Moskwanyň göwnünden turmaýar. Orsýet öz energiýa göterijileriniň eksportyna strategik ugur hökmünde çemeleşýär we Ýewropanyň energiýa bazarynda özüne bäsdeş bolup biljek islendik proýekte garşy durmaga taýýardygyny duýduryp gelýär.

Andreý Groziniň pikirine görä, Türkmenistan Günbataryň regional energiýa proýektlerine goşulmak niýetini açyk mälim etmän gelýän hem bolsa, şeýle proýektleriň durmuşa geçirilmeginiň öňüni almak üçin Kremliň hazarýaka döwletlere, şol sanda Türkmenistana öz basyşyny has güýçlendirmegi ähtimal. Ol Orsýetiň Hazardaky harby flotiliýasynyň ýaýbaňlandyrylmagyna Moskwanyň “Transhazar” we “Nabukko” proýektlerine garşylyk bildirmeginiň alamatlarynyň biri hökmünde garaýar.

Brýussel Hazar deňziniň gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça ylalaşyk baglaşmak maksady bilen Türkmenistan we Azerbaýjan bilen oktýabr aýynda gepleşiklere başlamagy karar etdi. Munuň yz ýany Orsýetiň Daşary işler ministrligi Ýewropa Bileleşiginiň bu kararyna resmi taýdan gynanç bildirdi. Geçen hepdaniň aýagynda bolsa Yewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi suratda Brýussele sapar etmäge çagyrdy.