Şu hepde SMI.RU internet saýtynda ýerleşdirilen “Türkmen piarynyň şasy – Wiktor Hramow” atly maglumatyň awtory özüniň bu synyny “kaspiý” diýen anonim at bilen ýazypdyr.
Makalada awtor häzirki wagt türkmen prezidentiniň ýakyn maslahatçylarynyň biri hasaplanýan Wiktor Hramowyň Türkmenistanda öz karýerasyna 1974-nji ýylda Aşgabadyň telefon stansiýasynyň adaty montýory hökmünde başlap, soňra bary-ýogy on ýylyň içinde şol wagtky Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Saparmyrat Nyýazowyň komekçisi wezipesine çenli baryp ýetendigini ýazýar.
Hramow garaşsyzlyk ýyllarynda-da Nyýazowyň maslahatçysy wezipesinde galypdy. “Türkmen piarynyň şasy – Wiktor Hramow” atly synyň awtory bu synyň bir ýerinde şeýle ýazýar: “SSSR darganyndan soň, Hramowyň roly görnetin ýokarlandy. S.Nyýazowyň döwründe onuň kömekçisi W.Hramow prezidentiň ähli kontaktlaryna kontrollyk etdi. Şeýle hem, ol ýurduň baştutany üçin ýerli metbugat boýunça gysgaça syn we daşary ýurt telewizion programmalaryna edilen gözegçilikler boýunça wideomateriallary taýýarlamak bilen-de meşgullandy. Onuň wezipesine Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerine senzura goýmaklyk hem girdi”.
2006-njy dekabrynda Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen, käbir synçylar täze prezident, köp beýleki ýurtlarda edilişi ýaly, öz apparatynyň düzümini täzelär diýip garaşypdylar. Emma prezidentiň maslahatçylaryna gezek gelende, bu beýle bolmady.
Resmi we näresmi çeşmeler
Nyýazowyň maslahatçylary bolup işlän Wiktor Hramowyň, Wladimir Umnowyň we Aleksandr Žadanyň atlary Türkmenistanyň resmi we näresmi çeşmelerinde henizem prezidentiň maslahatçylary hökmünde geçýär.
Düýbi Germaniýada ýerleşýän “Euro-Asia Transition Group” atly syýasy barlaglar toparynyň postsowet döwletleri boýunça analitigi Maýkl Laubş Türkmenistanyň täze prezidentiniň ýanynda köne maslahatçy toparyň saklanyp galmagyny bu toparyň häkimiýetdäki täsirleri bilen baglanyşdyrýar.
—Elbetde, haýsydyr bir ýurtda täze hökümet we täze prezident peýda bolanda, täze prezident özüne täze maslahatçylary belleýär. Ýöne täze türkmen prezidentiniň ýanynda köne maslahatçylaryň oturmagy Berdimuhamedowyň hökümetiniň henizem prezident Nyýazowa gulluk eden adamlaryň kontrollygyndadygyny görkezýän bir mysaldyr.
Emma bosgunlykda döredilen “Respublika” oppozision partiýasynyň lideri, Türkmenistanyň Türkiýedäki ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow Wiktor Hramow ýaly ozalky maslahatçylaryň prezident apparatynda saklanyp galmagynyň sebäbiniň Türkmenistanyň ýokarky dolandyryş sferasynda tejribeli kadrlaryň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
—Ýokary strukturadaky adamlar daşary syýasatda-da, içeri syýasatda-da, ykdysadyýetde-de spesialist hökmünde gaty gowşak. Hramow şunça ýyllap Nyýazowyň ýanynda işlänsoň, onuň uly iş tejribesi bar. Meniň pikirimçe, Berdimuhamedow ony öz ýanynda şonuň üçin galdyrmaka diýýän.
Hanamowyň bu garaýşyndan tapawutlylykda, SMI.RU internet saýtynda ýerleşdirilen “Türkmen piarynyň şasy – Wiktor Hramow” atly synyň awtory Wiktor Hramowyň şu günki gün Türkmenistanyň dolandyryş sferasynda örän möhüm rol oýnaýandygyny öňe sürýär. Ol öz synynda ýene şeýle ýazýar: “...Hut Hramow dolandyryşyň ähli jylawlaryny öz eline aldy we hatda prezident Berdimuhamedowyň ýanyna barmaklyk-da şoňa bagly boldy. Ol ýurduň içinde-de, ýurduň daşynda-da maglumat alyş-çalşygy boýunça ýapyk topar döretdi. Şeýlelik bilen, köp synçylaryň garaýşyna görä, W.Hramow döwlet dolandyryş strukturasynda ikinji şahsyýete, öz şahsy baýlygy boýunça bolsa birinji şahsyýete öwrüldi”.
“WikiLeaks”
Ýakynda “WikiLeaks” internet saýty tarapyndan ýaýradylan Aşgabatdaky amerikan ilçihanasyna degişli diplomatik hatlaryň-da käbirinde türkmen prezidentiniň maslahatçy topary bilen bagly meseläniň aşaklyk bilen gozgalýandygyny görmek bolýar.
Mysal üçin, 2007-nji ýylyň 30-njy aprelinde amerikan ilçihanasy tarapyndan “gizlin” diýen bellik astynda ýazylan bir hatda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Gürjüstanyň ilçisi Aleksi Petriaşwili Berdimuhamedowyň özüni ýokaryk çykaran resmileriň bir toparynyň kontrollygyndadygyna ynanýar. Ol Berdimuhamedow şol resmiler toparynyň göwnünden turmadyk halatynda, ol toparda ony häkimiýetden aýyrmaga-da güýç bar diýip hasaplaýar”.
Amerikan ilçihanasynyň 2009-njy ýylyň 26-njy martynda ýazan başga bir diplomatik hatynda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösuş Bankynyň Türkmenistan boýunça bölüminiň direktory Neýl MakKeýn bilen amerikan diplomatynyň geçiren duşuşygy hem-de onda türkmen prezidentine maslahat beriji şahsyýetler barada pikir alşylandygy dogrusynda gürrüň gozgalýar.
Bu hatyň bir ýerinde, hususan-da, şeýle diýilýär: “Haçan-da biz Neýl MakKeýnden prezident Berdimuhamedowyň ykdysadyýet boýunça iň ýakyn maslahatçysynyň kim bolup biljekdigi barada soranymyzda, MakKeýn ol maslahatçylaryň prezident administrasiýasynyň resmileri Wiktor Hramow, Aleksandr Žadan hem-de Wladimir Umnowdygy barada öz garaýşyny aýtdy. Emma MakKeýn Nyýazowyň döwründen bäri oturan bu kölegedäki şahsyýetleriň nähili sebäbe görä ykdysady ugurdanam maslahatçy bolup galýandyklarynyň sebäbini düşündirmedi”.
“Euro-Asia Transition Group” atly syýasy barlaglar toparynyň postsowet döwletleri boýunça analitigi Maýkl Laubş Türkmenistanyň çakdanaşa ýapyk döwlet bolmagynda galýandygyna görä, ýurduň syýasy dolandyryş aýratynlygyna düşünmegiňem örän kyndygyny aýdýar.
—Elbetde, dünýäde iň bir ýapyk režimleriň biri bolan Türkmenistan ýaly ýurduň syýasy karar almak prosesini içgin öwrenmek gaty kyn. Ýöne, hakykat ýüzünde, ýurduň göze ilmeýän bir şahsyýetler tarapyndan dolandyrylýandygyny welin duýmak bolýar.
Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelen başky günlerinde ýurtda düýpli reformalaryň boljakdygyna wada berendigine garamazdan, türkmen jemgyýetiniň ähli sferasynda diýen ýaly henizem köneçe syýasatyň dowam etmegine käbir synçylar perdäniň aňyrsyndaky köne dolandyryjy bir toparyň ähli sfera kontrollyk edýändigini görkezýän bir alamat hökmünde baha berýärler.