Sowet döwrüniň türkmen edebiýatynyň aksakgaly, kerwenbaşysy, onuň düýbüni tutujylaryň biri – Berdi Kerbabaýew. Garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri geçen döwür içinde başga-da köp ýazyjy-şahyrlar, suratkeşdir kompozitorlar, umuman, döredijilik adamlary bilen bir hatarda Berdi aganyň-da ady ýurduň habar serişdelerinde tutulmady diýen ýaly. Onuň ömri we döredijiligi bilen bagly ýubileý seneleri, ýagny tegelek seneler ýurt derejesinde bellenmedi.
Berdi Kerbabaýew 1894-nji ýylyň 15-nji martynda Tejeniň Gowkuzereň obasynda dünýä inýär. Kaka, Buhara medreslerinde bilim alan Berdi Kerbabaýew döredijilik işine 1923-nji ýylda başlaýar. Ol “Gyzlar dünýäsi”, “Ýaz möwsüminde bir gözel”, “Kepän dodak”, “Amyderýa” ýaly poemalaryny, döwrüň täzeliklerini wasp edýän goşgulary döredýär. Ol edebiýatyň kyssa, dramaturgiýa ýaly žanrlaryna ýüzlenip, köp sanly hekaýalar, oçerkler, powestdir pýesalar ýazýar. Ol 30-njy ýyllarda çagalara niýetläp “Kim bilmeşek” atly kitabyny neşir etdirýär.
Kerbabaýew dünýä we ors edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime edýär. Olaryň arasynda Maksim Gorkiniň “Ene” romany, Lew Tolstoýyň “Hajymyrat” powesti, Mihail Şolohowyň “Göterilen tarp” romany, Woýniçiň “Gögeýin” romany, Arkadiý Gaýdaryň hekaýalary bar. Mürze Ibragimowyň “Ol gün geler” romanyny, Musa Jeliliň goşgularyny, Omar Haýýamyň rubagylaryny we başga-da köp eserleri türkmen diline terjime edýär.
1940-njy ýylda Kerbabaýewiň meşhur “Aýgytly ädim” romanynyň birinji kitaby çapdan çykýar. Ol üç kitapdan ybarat bu eserini uruşdan soň ýazyp gutarýar, eser 1948-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Şu döwürde Staliniň konfliktsizlik teoriýasynyň höküm sürýän döwründe döreden “Aýsoltan” powesti edebi nukdaýnazardan gowşak bolsa-da, döwrüň talabyna bap gelýändigi, sowet ideologiýasynyň islegini kanagatlandyrýandygy üçin 1951-nji ýylda şol eseri üçin Kerbabaýewe SSSR-iň Döwlet baýragy berilýär.
Berdi Kerbabaýew türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri - Gaýgysyz Atabaýew barada “Gaýgysyz Atabaýew” romanyny döretdi, “Suw damjasy – altyn dänesi” atly romany bolsa “Aýgytly ädimiň” logiki dowamydyr. Bu eserde Artygyň, Aşyryň, Mawynyň we “Aýgytly ädimdäki” beýleki gahrymanlaryň agtyk-çowluklary hereket edýär.
Ol ýolýazgylar žanryny türkmen edebiýatyna ilkinji bolup girizen ýazyjydyr. Onuň eserleri gaty köp daşary ýurt dillerine terjime edildi. Ol çeper döredijiligini ömrüniň ahyryna çenli dowam etdirdi. Umumy alnanda, Berdi Kerbabaýew Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasyna 20 ýyl ýolbaşçylyk etdi.
Berdi Kerbabaýew Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, başda belleýşimiz ýaly, SSSR-iň Döwlet baýragynyň iki gezek laureaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany.
Berdi Kerbabaýew 1974-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda aradan çykdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň düýbüni tutujylaryň biri, radionyň baýry işgäri (häzir merhum) Aman Berdimyrat öz wagtynda Berdi Kerbabaýew barasynda şeýle diýipdi:
— “Çagdaş türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy – Berdi Kerbaba”. Bu jümle edebiýatçy alym Hanguly Taňrygulyýewiň Berdi Kerbabaýewe bagyşlanan, 1982-nji ýylda neşir edilen kitabyndan alnan.
Dogrudan-da, çagdaş türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhyny Berdi agasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen edebi diliniň dinamiki ösüşine-de Berdi Kerbaba uly goşant goşdy. Bir alymyň Berdi Kerbabaýewiň 70 ýyllyk ýubileýinde dogry belleýşi ýaly, “Klassyk edebiýatda Magtymguly şahyr bolan bolsa, çagdaş edebiýatda Berdi Kerbaba şol derejä ýetdi”.
Edebiýatçy alym Tejen Nepesowyň Magtymguly bilen Kerbabaýewi deňeşdirmesi ýöne ýerden däldir. Awtor Magtymgulyny Berdi Kerbabadan gowy bilýän adamyň ýokdugyny, türkmen edebiýatynyň taryhynda Magtymgulydan soň klassyk derejä Berdi Kerbabaýewiň çykandygyny belleýär. Nepesowyň ýazmagyna görä, Magtymguly milli taryhy ideallary işledi, türkmen milli şygyr sungatyny özbaşdak ugur hökmünde kesgitledi. Türkmen milli dilini edebi diliň normalary hökmünde praktiki taýdan ulandy. Magtymgulynyň şahsyýeti bilen tebigatyň türkmene joşan bu bu beýik keramatyny her bir sagdyn aň duýdy.
Magtymguly türkmen taryhynyň agyr döwründe ýaşan hem döreden bolsa, Berdi Kerbaba sowet döwrüniň agyr şertlerinde, ideologik syýasy gysyşy astynda işledi we döretdi, partiýanyň talabyna eglişik etmeli boldy, faktlary ýoýmak bilen türkmenleriň göýä 1917-nji ýyldaky ors ynklabyndan soň Türkmenistanda sowet häkimiýetiniň berkarar edilmegine orslar bilen bile türkmenleriň-de gatnaşandygyny girizmeli boldy. Berdi Kerbabaýewiň sosialistik realizm usulynda ýazan “Aýsoltan” powesti, “Nebitdag” romany gowşak hem ynançsyz çykdy. Bir söz bilen aýdylanda, Berdi aga halkyň ajy günlerini-de, süýji günlerini-de bile paýlaşdy. Ýörgünli söz bilen aýdylanda: “Halkyň ody bilen girip, küli bilen çykdy”.
Magtymgulynyň beýik şahyrlygyny, şahsyýetini dünýä açyp görkezmekde, onuň eserlerini ýaýratmakda Berdi aga uly hyzmat degişlidir. Ol baryp 1926-njy ýylda Magtymgulynyň 289 goşgusyny ýygnap, arap hatynda kitap edip çykartdy. Oňa Bertels, Samoýlowiç ýaly gündogarşynas alymlar ýokary baha berdiler.
Şol wagtlar halkyň medeni mirasyny inkär etjek bolan proletkultçular kitabyň täze medeni gurluşa zyýanlydygyny öňe sürüp, gadagan etdirjek boldular. Emma öz sopy şahyrynyň eserlerini Gurhandan soň ikinji ýerde görýän, mukaddes hasaplap gelen türkmenler Magtymgulynyň kitabyny şol wagtyň özünde düýelerine ýükläp, alyp gidipdirler.
Berdi Kerbaba häkimiýetleriň dürli şyltaklaryna, ýanamalaryna garamazdan, mertebesini saklady, öz halkynyň döredijiligini öwrenmek işinden el çekmedi we ahyrsoňy päsgelçilikleri ýeňip geçdi. Netijede Magtymgulynyň dabarasy dag aşdy.
Berdi Kerbaba halypasy Magtymgula eýermek bilen bir goşgusynda:
Söýýän seni joşgun urýan ýürekden,
Ömrüm saňa gurban, Türkmenistanym!
Zerursyň sen maňa çaýdan-çörekden,
Ähli derde derman, Türkmenistanym!
Guwanjym, baýlygym hem hany-manym,
Bilimde kuwwatym, damarda ganym,
Gözümde görejim, göwrämde janym,
Seni dünýä bermen, Türkmenistanym!
- diýýär. Indi ýaş edebiýatçylaryň mirasdüşerlik etmeginde Berdi Kerbabanyň ömür, döredijilik ýoluny tankydy gözden geçirmek bilen partiýanyň we KGB-niň arhiwleriniň materiallaryndan peýdalanmak arkaly täze-täze eserler döretmeklerini arzuw edýärin.
Öz wagtynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy, merhum Saparmyrat Öwezberdiýew şeýle gürrüň beripdi:
—1957-nji ýyl. TKP MK-nyň 1-nji sekretary Suhan Babaýew “Eziz hanyň nökeri” diýip, Kerbabaýewi türmä basdyrjak bolup ýördi. Ýazyjynyň garşysyna degerli dokumentleri taýýarlaýardy. Emma SSSR Ýazyjylar soýuzynyň şol döwürdäki başlygy, şahyr Alekseý Surkow gyssagly suratda Aşgabada geldi. Ol gele-gelmäne Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynda ýygnak geçirdi. Iki kabineti dolduryp, ýygnaga gatnaşan türkmen ýazyjylary Alekseý Surkowyň agzyndan: “Türkmenistany ýykmak mümkin, emma Berdi Kerbabaýewi ýykmak mümkin däl. Ony bütin dünýä tanaýar” diýen sözleri eşitdiler. Şeýlelikde, Alekseý Surkowy Kreml goldap, Berdi Kerbabaýewiň, halk dilinde aýdylyşy ýaly, “bitiniň burnam ganamady”.
Berdi Kerbabaýewi nämede aýyplamak islediler?
Türkmenistanly žurnalist, ýurduň ýakyn taryhyny öwreniji Allaýar Çüriýewiň “Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi” atly kitabyndan, Ýusup Öwezowa bagyşlanan oçerkde onuň ýatlamasyndan bölek: “TK(b)P MK-nyň sekretary bolan döwrümde, 1952-nji ýylda, Londonyň gazetleriniň birinde Berdi Kerbabaýew hakynda habar çap edilýär. Habar türkmen ýazyjysynyň ozal iňlislere satylandygy barasynda ýazylypdyr. Bu habary Müsüriň bir gazetem göçürip çap edýär. Şol gazetler bize gelip gowuşdy. Moskwadanam: “Eger respublika üçin gerek hasaplasaňyz, onda Berdi Kerbabaýewe degmäň” diýip ýazypdyrlar. Seredip gördük, maslahat etdik. Kerbabaýewiň Türkmenistan üçin bitiren işiniň agramy gaty uly. Berdi aga Eziz hanyň mürzesi bolupdyr. Ýöne bu zatlar hakynda Berdi aga partiýa girende öz terjimehalynda görkezmän eken”.
Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew:
—Eziz hanyň tutulyşy barasynda il içinde her hili gürrüň bar. Hakyky bolan waka şeýle: Eziz hany ýok etmegiň kül-külüne düşen iňlisler aldaw-hile gurýarlar, Eziz hanyň ýanyna ýollanan ak gwardiýaçy ofiser: “Men Denikiniň Mara gizlin ýol bilen gelen wekiliniň adýutanty” diýýär hem Eziz hany Mara gelmäge çagyrýandygyny, gizlinlikde duşuşmak isleýändigini aýdýar.
Iňlisler bilen ýeňasty, gizlin gatnaşykda bolan Berdi Kerbabaýewem, Hally dilmajam bu hileden habarly eken. Ýöne olar Eziz hana pursatdan peýdalanmagy, Mara gitmegi maslahat berýärler. Ýalana, hilä güp ynan Eziz han dilmajy Hally dilmaç hem mürzesi Berdi Kerbabaýew hem şahsy janpenalary dokuz adamy ýanyna alyp, Mara gitmäge razyçylyk berýär. Iňlisler we akgwardiýaçylar ony ýörite wagon bilen üpjün edýär. Iňrik garalanda Eziz han Tejenden Mara ýola düşýär. Gijäniň bir wagty otly Garybata stansiýasynda saklanýar. Wagona münen akgwardiýaçylar, iňlisler Eziz hanyň janpenalaryny ýaragsyzlandyryp, wagondan düşürýärler, soňra Eziz hanyň ýerleşen küpesine girýärler. Eziz han Hally dilmaç, Berdi Kerbaba bilen bir küpede barýan eken.
Aldawa düşenine göz ýetiren Eziz han ýaraga ýapyşýar, Hally dilmaç: “Haý, han, saklanaweri, sen olary atsaň, bizem atarlar” diýip, Eziz hanyň iki eliniň daşyndan gujaklaýar. Wagony yzyna öwürýärler, Berdi Kerbabaýew bilen Hally dilmajy bolsa Tejene ýetilmegine 15-20 kilometr galanda wagondan düşürip goýberýärler. Eziz hany bolsa gös-göni Aşgabada, ondan soň Krasnowodskä getirýärler, şol ýerde-de ol iňlisler we akgwardiýaçylar tarapyndan atylyp öldürilýär.
Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty Aşyrguly Baýryýew:
—Berdi Kerbabaýewiň hemişelik hemralary gaýrat, gujur, zehin, paýhas, hyjuw. Edebiýat dünýäsine ol Artyklary, Aýnalary, Gaýgysyz Atabaýewleri, Japbaklary berdi. Näme diýseler diýibersinler, “Aýgytly ädim” romany 20-nji asyr türkmen edebiýatynyň in naýbaşy eseri hökmünde taryhda galar. Ýazyjynyň ýigrimi ýyllyk yhlasy, maňlaý deri siňen baş kitabyna halk durmuşynyň ensiklopediýasy diýmek bolar. “Aýgytly ädimden” taryha, etnografiýa, dine, däp-dessura, edep-ekrama degişli baý maglumatlary tapmak mümkindir. Roman aýratynam türkmen diliniň özboluşly ýadygärligi. Ondan ömrüňde eşitmedik sözleriňdenem bir sözlük düzse bolar. Şonuň ýaly-da saňa ozaldan tanyş sözleriň-de ýazyjynyň ötgür galamynyň astynda täze öwüşginlere eýe bolýandygyny duýmak kyn däldir.
Berdi Kerbabaýew ýaly sözleri gerek ýerinde jylawlap, gerek ýerinde jylawyny ýazdyryp bilýän ýazyjy az-azdyr. Türkmen diliniň gandu-şekerli, nogul-nabatly, çeşme şemally, bugdaý maýsaly owazyna melul bolmak üçin aram-aram Berdi Kerbabaýewiň eserlerini okamak gerek.

Berdi Kerbabaýewiň ses ýazgylaryndan
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar