Aşgabatda ilkinji gezek “Wena baly” geçirildi

Şenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ilkinji gezek “Wena baly” geçirildi.

Ýewropanyň klassyky saz tradisiýasynda “Wena baly” diýlip, esasan, Awstriýanyň beýik klassyk kompozitory Iogann Ştrausyň wals sazlarynyň astynda balet jübütleriniň tans etmekleri bilen gurnalýan ýörite konsert programmasy atlandyrylýar.

“Wena baly” üçin Türkmenistana Wenanyň iň bir meşhur klassyky aýdym-saz kollektiwlerinden biri bolan “Iogann Ştraus” ansambly çagyryldy. Bu ansambl bilen bilelikde türkmen-awstriýa birleşen orkestri Aşgabadyň Mukamlar köşgüniň önündäki giňişlikde Iogann Ştrausyň wals sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Bu sazyň astynda awstriýaly iki sany balet jübütleri Konstans Karl-Rýukert bilen Frantişek Sulek hem-de Katrin Kerl bilen Dawid Slobaspiskiý dagylar tans etdiler.

Aşgabatda geçirilen bu ilkinji “Wena balyna” Türkmenistanyň dürli hökümet we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem Awstriýa Respublikasynyň ýörite delegasiýasynyň resmileri tomaşa etdiler.