Orsýetli milliarder Mihail Prohorow Kremliň baş ideology Wladislaw Surkowa garşy görülmedik söz hüjümine başlady we ony özüniň “Prawoe delo” (“Hak iş”) partiýasynyň işine gatyşmakda aýyplady.
Düýn Mihail Prohorow öz üç aý ýolbaşçylyk eden partiýasyndan çekildi, emma muňa garamazdan, dekabrda Döwlet dumasyna geçiriljek saýlawlara gatnaşmakçydygyny yglan etdi.
Rus milliarderi Mihail Prohorow Döwlet dumasynyň saýlawlaryna bary-ýogy üç aý galanda öz gysgajyk partiýa syýasatyny bes etdi. Ol munuň sebäbini Kremliň öz partiýasynyň işine bökdençlik döretmegi bilen düşündirdi.
Prohorow özüniň partiýa ýolbaşçylygyndan çekilendigini aýdýar, emma partiýanyň içindäki garşydaşlary öz gurultaýlaryny geçirip, ony işden çetleşdirendiklerini aýdýarlar.
Kremle haýbat atdy
Prohorow öz tarapdarlarynyň ýygnanyşygynda çykyş edip, Kreml tarapyndan tassyklanan oppozision partiýanyň hatarlarynda Kremliň özüniň agzalalyk döredýändigini aýdyp, bu ýagdaýy ýazgardy.
“Prawoe delo” partiýasynyň ýyl ahyryna çenli Orsýetdäki ikinji uly partiýa bolmagyna garaşylýardy. Prohorow Kremliň baş ideologyna, prezident diwanynyň başlygynyň birinji orunbasary Wladislaw Surkowa görülmedik söz hüjümini edip, ony çekip-çydap bolmajak we awtoritar syýasy klimaty döretmekde aýyplady.
«Ýurtda syýasy sistemany bireýýäm hususy eýeçiligine geçiren gurjakçy bar, ol ýurduň ýolbaşçylaryna öňden bäri ýalňyş maglumat berýär we köpçülikleýin habar serişdelerine basyş edip, raýatlaryň pikir-garaýşyna täsir ýetirmäge synanýar. Onuň ady Wladislaw Ýurewiç Surkow» diýip, Prohorow aýtdy.
Prohorow syýasy sahna bary-ýogy üç aý öň, “Prawoe delo” partiýasynyň lideri hökmünde gelipdi. Bu ýagdaý premýer-ministr Wladimir Putiniň döwlete liderlik eden döwründe syýasata goşulmak islän käbir oligarhlaryň tussag edilişi ýaly, ýene hökman tussag ediljekdikleri barada dörän umumy düşünjä bir urgy bolupdy.
2008-nji ýylda döredilen “Prawoe delo” partiýasy kölegede galdy we Döwlet dumasynda orun alyp bilmedi. Prohorowyň bu partiýa ýolbaşçylyk edip başlamagy bilen, onuň serişdeleri dekabrda geçjek saýlawlarda bu aram sagçy partiýany belli bir üstünlige eýe eder diýlip garaşylýardy.
Prohorow mamlamy?
Partiýanyň tanymal agzalarynyň biri Georgiý Bowt düýn Moskwada rus telewideniýesinde eden gürrüňinde Mihail Prohorow bilen dörän konflikte milliarderiň öz ýalňyşlarynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Bowt bu sözüne delil edip Prohorowyň ukrain prezidentligine kandidat Arseniý Ýatsenýuk üçin netijesiz kampaniýa gurnan agitasiýa toparyny hakyna tutmak kararyny, şeýle-de onuň ýaşuly gwardiýany “Prawoe delo” partiýasynyň regional liderliginden çetleşdirmegini mysal getirdi.
Indi “Prawoe delo” partiýasynyň Mihail Prohorowyň maliýe serişdelerine daýanmazdan nähili saklanyp biljegi belli däl. Ýöne Prohorowyň ýokary derejeli resmi barada aýdan onuň soňky ýyllarda dile alan iň awuly aýyplamalary boldy.
«Kommersant» gazeti Mihail Prohorowyň «Men Surkowyň işden boşadylmagy üçin islendik zady ederin, biz ýokary syýasata diňe şondan soň eýe bolarys» diýenini ýazdy.
Maglumat we ylmy barlag merkezi bolan «Panoramonyň» prezidenti Wladimir Pribylowskiý Mihail Prohorowyň bu maksadynyň real däldigini aýdýar. Onuň pikiriçe, Surkowyň arkasynda Putin durka ondan hiç kim, hatda Medwedew hem dynyp bilmez.
Surkow Kreml adminstrasiýasynda on ýyldan gowrak wagt bäri işleýär we häzirki rus režiminiň ideologyýa ýolbaşçysy hem-de «özygtyýarlykdaky demokratiýa» termininiň awtory hasaplanýar.