Ýewropa Bileleşigi Hazar deňziniň tebigy gazyny Ýewropa ýetirmek maksady bilen Türkmenistandyr Azerbaýjan bilen ylalaşyk baglaşmak ugrunda gepleşiklere başlamakçy. Gepleşikleriň başlanmagy şu çaka çenli yza tesdirilip gelinýän proýektler üçin nähili perspektiwalary döredip biler?
Ýewropa Bileleşiginiň bu soňky gelen kararyny 12-nji sentýabrda Bileleşigiň energiýa meseleleri boýunça edarasynyň baştutany Günter Ottinger mälim etdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen başlamakçy bolýan gaz söwdasyna degişli gepleşiklerini Bileleşigiň 27 agza döwletiniň adyndan Ýewropa Komissiýasy alyp barar. Ýewropa Bileleşigi gepleşiklerde energiýa resurslaryna baý Hazar deňzinde planlaşdyrylýan we “Günorta akym” proýektiniň bir bölegini düzýän gazgeçirijini gurmak barada teklibi öňe sürer.
Ýewropa Bileleşiginiň energiýa meseleleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Günter Ottingeriň resmi beýannamasynda bellemegine görä, Trans-Hazar proýekti Ýewropa täze gaz serişdelerini getirmeklige gönükdirilen “Günorta akym” proýektinde esasy orun tutýar. Muny Ýewropa döwletleriniň biragyzdan tassyklaýanlygyny nygtamak bilen, Ottinger “Niýetimiz: muňa mümkin boldugyndan tiz ýetmek” diýip belledi.
ÝB-niň maksady
Ýewropa Bileleşiginiň Hazar regionynda öňe sürýän proýektleri Ýewropanyň gaz üpjünçiliginde Orsýetiň gazyna garaşlylygy azaltmaga gönükdirilýär.
Ýewropa Bileleşigi köpden bäri gaza baý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň “Nabukko” proýektini gaz bilen üpjün etmekdäki ähmiýetini nygtap gelýär. “Nabukko” arkaly Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wengriýanyň üstünden Günbatar Ýewropa tarap ýylda 31 milliard kubometr möçberinde gaz akdyrmak planlaşdyrylýar.
Azerbaýjanyň “Nebiti öwreniş merkeziniň” ýolbaşçysy Ilhan Şaban ÝB-niň Aşgabat we Baku bilen gepleşiklere başlamagyna köpden bari garaşylýandygyny belledi.
Emma ol bu gepleşikleriň netijeli bolmagynyň öňünde birnäçe päsgelçilikleriň bardygyny aýtdy: “Bu biraz howlukmaç ädim diýip hasap edýärin. Sebäbi öňde duran ilkinji mesele çözülmänkä, indiki bir mesele ugrunda hereket edilýäne meňzeýär. Has takygy ýewropa döwletleri we ýewropa kompaniýalary regionda entek ornaşyp-ornaşmankalar, gaz akdyrmak üçin infrastruktura döretmekçi bolýana meňzeýärler”.
Ýurtlaryň pozisiýalary
Azerbaýjan Ýewropa Bileleşiginiň proýektlerine gatnaşmaga we öz gazyny akdyrmaga öz taýýarlygyny yglan edip gelýär. Azerbaýjan Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça Memoranduma gol hem çekipdi. 2011-nji ýylyň ýanwarynda taraplaryň arasynda energetika meseleleri boýunça işçi topar hem döredildi.
Bu ýagdaýda Ilhan Şaban planlaşdyrylýan gepleşikler prosesiniň netijeliliginiň Türkmenistana bagly boljagyny çak edýär. Emma, onuň pikirine görä, şu çaka çenli Türkmenistan halkara derejesinde teklip edilýän energiýa proýektlerine gyzyklanma bildirse-de, bu ugurda takyk bir jogap bermän gelýär.
2008-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa ugrundan birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekdi. 2009-njy ýylda bolsa, Türkmenistan Germaniýanyň RWE kompaniýasy bilen energiýa pudagyndaky işler boýunça şertnama baglaşdy. Häzirki wagtda RWE kompaniýasy Hazar deňziniň 23-nji blogunda gözleg-anyklaýyş işlerini alyp barýar.
Päsgelçilikler
Azerbaýjanly analitik Ilhan Şabanyň pikirine görä, köp ugurly energiýa marşrutlaryna eýe bolmaga ymtylýan Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygyny aktiwleşdirmegine esasy päsgelçilik döredýän zat: Orsýetiň täsiriniň güýçli bolup galmagy we Hytaýyň täsiriniň gitdigiçe artmagy.
Hazar regionynyň energiýa baýlyklarynyň Ýewropa tarap akdyrylmagy Eýranyň hem göwnünden turmaýar. Emma azeri bilermeniniň pikirine görä, ÝB-niň regionda täze gazgeçirijileri gurmak ugrunda gepleşikler prosesini aktiwleşdirmegini Tähran öz bähbitleri üçin ulanyp biler.
“Häzir Eýran üçin öz bähbitleri ugrunda Günbatar bilen söwdalaşmaga gowy pursat doreýär. Eýran Hazar deňziniň statusynyň kesgitsizligine degişli temany regiondaky energiýa proýektlerine garşy çykyş etmek üçin peýdalanyp gelýär we muny öz atom programmasyna garşy BMG-niň sanksiýalary we Ýakyn Gündogardaky syýasaty babatynda deňagramlylyk hökmünde ulanýar. Şeýlelikde Tähran bu temany Ýewropa Bileleşiginiň Hazar deňzindäki täze proýektlere degişli planlary babatynda-da peýdalanyp, Brýussel we Waşington bilen söwdalaşmak üçin ulanmaga çalşar” diýip, Ilhan Şaban belledi.
Ýewropa Komissiýasynyň Baku we Aşgabat bilen gepleşikler geçirmek boýunça aýan eden planlaryna görä, taraplaryň öz pozisiýalaryny 1-nji oktýabra çenli kesgitlemegine garaşylýar.