Ýaşlaryň öňünde ýene diwar peýda boldy

Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan we tomus dynç almaga öýlerine gelen studentler türkmen-özbek serhedinden geçirilmeýärler.

Täjigistanyň Döwlet medisina uniwersitetinde okaýan türkmenistanly student gyz öz adynyň agzalmazlyk şerti bilen beren gürrüňinde Duşenbäniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň esasy böleginiň Lebap welaýatyndandygyny, ýöne beýleki welaýatlardan hem okaýan ýaşlaryň bardygyny aýtdy.

“Men bäşinji kursa geçdim. Her ýyl tomus kanikulynda öýmüze gelip gidýärdim. Ozallar serhetden geçmekde hiç hili kynçylyk ýokdy. Şu ýyl sentýabrda türkmen serhetçileri meni we ýene-de birnäçe studenti serhetden geçirmediler. Onuň sebäbinem düşündirmediler. Buýrugyň ýokardan berlendigini, arz-şikaýatlarymyzy şol ýere göndermelidigimizi aýtdylar” diýip, lebaply bu student gyz gürrüň berdi.

Azaplar we serişdeler köýermi?

Duşenbedäki Sadriddin Aýni adyndaky Täjik Döwlet uniwersitetiniň dördünji kursunyň ýene bir studenti özleriniň hemişe geçýän Tallymerjendäki geçelgeden hem-de Farap geçelgesinden hiç hili düşündiriş berilmezden geçirilmändigini mälim etdi.

Ol “Biz Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat edarasyna, Aşgabatdaky merkezi edarasyna baryp gördük. Ikisinde-de bize serhetden geçmegiň gadagandygyny aýtdylar. Emma şol gadagançylygyň näme sebäpden we näçe wagtlyk girizilendigini aýtmadylar” diýdi.

Maglumatlara görä, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň ählisi diýen ýaly öz hasabyna okaýarlar. Türkmenistanly ýaşlaryň ýokary bilim almak uçin Täjigistany saýlap almaklarynyň sebäbi ol ýerdäki okuwyň töleginiň arzan, gidip-gelmesiniň ýenil, ýol çykdaýjylarynyň-da azlygy üçin diýip, ene-atalar aýdýarlar.

Olaryň aýtmaklaryna görä, okuwlaryň tölegi bir ýyl üçin, ortaça, 700 bilen 1000 amerikan dollarynyň aralygynda. Ene-atalar we studentler çeken azaplary bilen tölän pullaryna janlarynyň agyrýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýew ene-atalar bilen gürrüňdeş bolanda, olar Lebap regionynda ýylyň başynda oba geňeşleriniň işgärleriniň öýme-öý aýlanyp, kimiň daşary ýurtlarda okaýandygy ýa-da işleýändigi barada maglumat ýygnandyklaryny aýdypdyrlar.

Öz çagasy Täjigistanda okaýan lebaply ene-atalardan biri: “Çagalarymyzyň okaýan, işleýän, ýaşaýan ýerleriniň adreslerini ýazyp aldylar. Şonda göwnüm bir erbetlik syzan ýaly bolupdy. Emma beýle bolar öýtmändim. Bilenligimde, ogluma tomus kanikulyna gelme diýerdim. Onuň her ýylyna 750 amerikan dollaryny töläp okadýardym. Ýaşaýyş jaýynyň kireýini, iýjek-içjegini, ýol harjyny goşanyňda, her ýyl 2000 amerikan dollary töweregi çykdajy edýärdik” diýip janykdy.

Häkimiýetler dymýarlar

Türkmenistanly studentleriň okuwyny dowam etdirmäge Täjigistana goýberilmeýändiginiň sebäpleri barada, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden we Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasyndan maglumat alyp bolmady.

Täjigistanyň Döwlet medisina uniwersitetiniň dekanynyň orunbasary, daşary ýurtly studentler bilen işleýän Akbar Urunow uniwersitetde Türkmenistandan 16 studentiň okaýandygyny, olaryň okuwa gelmändigi barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasyna ýuz tutandyklaryny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Biz bu mesele boýunça Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasyna ýüz tutduk Emma şu häzire çenli ilçihanadan hiç hili jogap bolmady” diýip, Akbar Urunow belledi.

Täjigistanyň Bilim ministrliginiň ýokary okuw jaýlar boýunça bölüminiň baş spesialisti Mirzoýew hem türkmenistanly studentleriň birinji sentýabra çenli okuwa gelmelidigini, emma şu mahala çenli olaryň hiç biriniň gelmändigini aýtdy.

“Biz 20-nji sentýabra çenli garaşarys. Eger-de şoňa çenli olar gelmeseler, biz olara ýörite hat ýollarys we olary okuwdan çykarmaly bolarys” diýip, Mirzoýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Şeýle-de bolsa, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary Türkmenistanyň häkimiýetleri studentleriň okuwlaryny dowam etdirmegine rugsat bererler diýip umyt edýärler.