Öňki KGB-niň täze taryhy

Öňki KGB-niň, häzirki FHG-niň (ФСБ) baş edarasy, Moskwa.

Orsýetli žurnalistler Andreý Soldatow bilen Irina Borogan “Täze dworýançylyk. FHG-niň taryhyndan oçerkler” atly kitabyny daşary ýurtda, iňlis dilinde çapdan çykartdylar. Olar “Munuň ýaly kitaby Orsýetde çykaryp bolmaz” diýip hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu kitap “United Press” neşirýatynda rus dilinde çykaryldy. Şu gün şol kitaby ýazanlar Andreý Soldatow bilen Irina Borogan Azatlyk Radiosynda myhmançylykda boldy. Şeýle hem ol ýerde ýene bir myhman — harby razwedkanyň baýry işgäri Witaliý Şlykow hem boldy.

Ýelena Rykowsewa: Witaliý Wasilýewiç, bu kitapda FHG-niň (ФСБ) işi dogruçyl beýan edilipdirmi?

Witaliý Şlykow: Kitap bar bolan maglumatlaryň esasynda yhlas bilen, akýüreklilik bilen ýazylypdyr diýip hasaplaýaryn. Men — professor, köp kitap okaýaryn, maglumatlaryň ygtybarlylygyny we çeşmelerini yzarlaýaryn. Bu kitapda barysy ýerbe-ýer. Hiç hili galplyk ýok.

Ýelena Rykowsewa: Men şu kitap esasynda FHG-niň iş ugruny gysgaça böleklere böldüm. Aslynda olar näme bilen meşgullanýarlar? Kitap göwrümli — 250 sahypa. Men FHG-niň ähli işini ýarym sahypa sygdyrdym.

1.Olar agentlerini oppozisiýa ornaşdyrýarlar. Bu barada tutuş bap bar. Men-ä muňa olaryň edere işi ýok diýip düşünýän. Garri Kasparowyň ýanyna agent iberip, soňam oňa pul tölenilmegini, onuň bilen nähilidir bir şertnama baglaşylmagyny, onuň bilen elektron poçta arkaly hat alşylmagyny dagy näme bilen düşündirjek? Aýylganç zat. Men muny iş diýip hasaplamaýaryn. Sebäbi munuň nämä gerekdigi hiç kime düşnüksiz.

2.Rublýowkadaky ýer uçastoklaryny paýlamak. Elbetde, munuň özi, has möhüm iş. Muňa düşünýärin. Ýöne munuň ýene graždanlara-da, olara bölünip berilýän býujete-de dahylly ýeri ýok.

3.Olar sporta-da serenjam berip ýörler. Halkyň gowy görýän güýmenjesi. Ýöne sportda FHG-siz hem oňup bolardy ahyry.

4.Olar özleri barada kino surata düşürýärler. Munuň olara möhümdigi, zerurdygy düşnükli. Tomaşaçylara şeýle kino zerurmy? Býujetiň hasabyna maliýeleşdirilýän şeýle kinony adamlaryň göresiniň gelýändigine şübhelenýärin.

5.Olar terrorçylygyň garşysyna göreşýärler. Ýöne Soldatow bilen Boroganyň bize düşündirişine görä, şol göreş şowsuz.

6.Olar Orsýetiň duşmanlaryny ýok edýärler — munda üstünligem bar, şowsuzlygam bar. Şu iki ugra FHG-niň alyp barýan çynlakaý ugry diýip boljak. Olar şonuň üçin hak alýarlar.

Emma hatda Şanhaý hyzmatdaşlygynyň çäginde-de, GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň çäginde-de olaryňky ugruna baryp duranok. Sebäbi olaryň topragynda, rus topragynda Özbegistanyň ýörite gulluklary öz oppozisionerlerini tutup äkidýärler, Orsýetiň ýörite gulluklaryna welin, olaryň keseki ýerlerden gözleýän adamlarynyň duşmanlaryny hiç kimiň beresi gelenok. Bu, näme üçindir, başa baranok. Hatda oňaýsyz guramalaryň, aýdaly çeçen söweşijileriniň saýtlaryny döwýän hakerlerem FHG-den däl-de, “özümizden”, Kremlden. FHG hatda şuňa-da gatnaşmaýar.

Olar näme bilen meşgullanýar? Munuň özi ullakan gurama ahyry. Siziň çaklamalaryňyza görä, 200 müň adam. Pul köki çykýandyr-a bulara?

Witaliý Şlykow: Men dürli ýörite gulluklary — kontrrazwedkany, razwedkany we beýlekileri kän öwrendim. Olaryň barysy ägirt býurokratik gurluş. Eger-de şuny göz öňünde tutmasaň, olaryň işine düşünmek kyn. Bu bir tarapdan. Beýleki tarapdan, Federal howpsuzlyk gullugy (FHG) islendik bir döwletiň goşun we şoňa meňzeş zatlar ýaly zerur bölegi. Bärde ony gerekmejek zat diýip, şübhe astyna alyp oturmagyň-da hajaty ýok.

Ýelena Rykowsewa: Şu kitaby okanymda “Şeýle struktura nämä gerek?” diýen pikir kelläme geldi. Eger-de terrorçylygyň gaprşysyna göreşmek zerurlygy ýüze çyksa, onda goşun, milisiýa kömek eder. Munuň ýaly hetdenaşa struktura nämä derkar?

Witaliý Şlykow: Bu kitabyň (ol maňa ýarady) gowy tarapy — ol professional jähtden derňelmegini talap edýär. Adaty okyjy üçin onuň düşnüksiz, hatda sus bolup görünmegi-de ähtimal. Sebäbi bu kitapda hiç hili haýran galdyrýan wakalar ýok, hiç hili solgunlyk ýok, hiç hili toslamalar ýok. Barysy ýerlikli. Ýöne örän guraksy çykypdyr.

Ýelena Rykowsewa: Witaliý Wasilýewiç, belki, gurak bolsa — bolýandyr, ýöne ol iňňän düşnükli kitap. Onda hiç hili düşnüksiz zat ýok. Olaryň näme bilen meşgullanýanlary-da düşnükli.

Witaliý Şlykow: Olaryň nämeler bilen meşgullanýanyna kitaby ýazan adamlar änigine-şänigine çenli belet bolandyrlar öýdemok. FHG-de bolsa iňňän çynlakaý işler bilen meşgullanýarlar. Bu babatda birjik-de şübhelenip oturmaň.

Ýelena Rykowsewa: Kitapda okanlarymyzdan başga ýene-de nämeler bilen meşgullanýarlar? Aýdyp bilmersiňizmi?

Witaliý Şlykow: Ýok, aýdyp biljek däl.

Ýelena Rykowsewa: Andreý, Russiýa Federasiýasynda şeýle strukturanyň bardygy, onuň näme üçin we nämä gerekdigi baradaky düşünip-düşünişmezlige garaýşyňyz nähili? Eger-de siziň kitabyňyza salgylansaň, onda bu gulluk diňe terrorçylykly waka ýa-da terrorçylary zyýansyzlandyrmak bolup geçenden soň kä wagt goşulmaga ýaraýar. Özem nalajedeýinlik bilen, uly adam pidalaryna eltmek bilen goşulýar. Şeýle bolsa, onuň nämä geregi bar? Siz kitaby şeýle sowalyň döremegi üçin ýazan-a dälsiňiz?

Andreý Soldatow (sagda) we Irina Borogan
Andreý Soldatow: Şeýle sowalyň döremegi üçinem ýazdyk. Şu ýörite gulluk 90-njy ýyllaryň başlarynda döredilende hiç kim “Bize şeýle täze ýörite gulluk täze wezipeler üçin gerekmi?” diýen sowaly goýubam durmady. Oňa bütinleý başga syýasy äheň bilen seredildi. Biziň KGB-ni nämedir bir zatlar etmegimiz gerek. Böleklere bölüp, ony anyk syýasy ýolbaşçylygyň gözegçiligine bermeli, ýagny Ýelsine bermeli, her dürli ýörite gulluklaryň arasynda bäsdeşlik düzgünini oýlap tapmaly. Hiç kim “Geliň, netijeli işleýän ýörite gullugy döredeliň, ol nähili bolmaly, o taýda nähili adamlar işlemeli, bularyň barysy nähili esasda işlemeli?” diýen meseläni goýmady. Netijede 20 ýyldan soňky, hasam on ýyldan soňky döwri gözegçiliksiz ösüşiň hem-de täze we täze ýeňillikleriň alnan ýyllary boldy diýip bolar. Biz hatda FHG-niň işgärleriniň kellesindäki pikirleri-de ýörite beýan etmäge çalyşdyk. Görlüp oturylsa, olaryň kellesi buýr-bulaşyk. Olar özleriniň kimdigini bilenoklar. Olar özleriniň kontrrazwedkaçydyklaryna, syýasy polisiýadyklaryna, gizlin polisiýadyklaryna, patyşa aňtawynyň ýa-da Dzeržinskiniň mirasdarlarydyklaryna düşünenoklar.

Ýelena Rykowsewa: Irina, FHG-niň (terrorçylyk temasyny aýralyň. Onuň garşysyna göreşilmelidigini hemmeler bilýär) häzirki döwürdäki wezipelerini we olaryň işleriniň görnüşlerini kesgitläp bilersiňizmi?

Irina Borogan: Herhal, FHG Sowet Soýuzynyň ýörite gulluklarynyň mirasdüşeri bolup durýar. Sowet mirasdarlygyndan halas bolmak oňa başartmady. Şonuň üçinem syýasy gözegçilik we syýasy aňtawlyk wezipesi öňküligine galdy. Bu örän möhümdir. Sebäbi olar mundan başga-da köp zat edýärler — terrorçylygyň garşysyna göreşýärler, kä wagtlar hatda guramaçylykly jenaýatçylygyň garşysyna-da göreşýärler, ykdysady jenaýatçylygyň içine-de girýärler. Başga-da sanasaň, sanap oturmaly. Şondaky üstünlikler hil-hil — kä wagt gowrak, kä wagt ýaramazrak. Ýöne jemgyýete olaryň syýasy gözegçilik işi bilen meşgullanmagy zerur. Şonuň üçinem bu ýörite gullugyň ähmiýetine kiçi diýip baha berip bolmaz. Olar 2000-nji ýyllarda alymlaryň garşysyna, adam hukuklaryny goraýjylaryň garşysyna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň garşysyna iş baryny gozgadylar. Ýörite gulluklaryň resurslary bar, özem gaty uly resurslary bar. Şonuň üçinem bularyň barysy syýasy, jemgyýetçilik proseslerine örän ýaramaz täsirini ýetirdi. Mysal üçin, daşary ýurtlar bilen ylma alyş-çalyş togtady. Şu günki täzelik — ylmy alyş-çalyş FHG-niň onuň dowam etmegine ygtyýar bermänligi sebäpli durup galdy. Bularyň barysy jemgyýet üçin ýaramaz netijeler getirdi. Häzir biz adamlaryň öz pikirlerini aýtmaga gorkýandyklaryny görüp durus. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň aglabasy wakalary salykatly şöhlelendirýär, öz garaýyşlaryny doly bermeýärler, käbir temalar, hususan-da ýörite gulluklaryň öz işleri gozgalmaýar. 90-njy ýyllarda gaty köp žurnalist ýörite gulluklar barada ýazýardy. Her gazetde ýörite gulluklaryň işini açyp görkezýän 1-2 adam bardy. Häzir Andreý ikimizden başga adam galmady. Bar kişi şu temadan daşlaşdy. Sebäbi olar gysyş görkezýär, sebäbi olar işlemäge goýanoklar. Şeýle basyşlar baş redaktorlara-da edilýär.

Ýelena Rykowsewa: Irina, men siziň jogabyňyza dogry düşündimmi? Ýigrimi ýyl mundan ozalam, häzirem FHG-niň esasy wezipesi jemgyýetçiligi syýasy gözegçilige syýasy gözegçilik etmekmi, syýasy aňtawmy? Şeýlemi?

Andreý Soldatow: Hawa, şeýle.

Irina Borogan: Bu olaryň esasy wezipesi diýib-ä aýdyp bilmen.

Andreý Soldatow: Bu olaryň esasy wezipeleriniň biri. Aslynda olaryň esasy wezipesi konstitusion gurluşyň goragy. Terjime edeniňde, munuň özi, düzgüniň goragy.

Ýelena Rykowsewa: Witaliý Wasilýewiç, siz şunuň bilen ylalaşýaňyzmy? Siz olaryň işine bu syýasy aňtawyň, syýasy taryhyň, syýasy senzuranyň we beýlekileriň örän uly ugrunyň, uly paýynyň düşýänini duýýaňyzmy?

Harby razwedkanyň baýry işgäri Witaliý Şlykow
Witaliý Şlykow: Ýok, duýamok. Diýmek, ussatlyk derejesi bilen işleýändirler. Muňa şeýle-de düşünip bolar. Meniň Andreý Soldatowa sowalym bar. Mihail Grişankow bilen FHG-niň ozalky direktory Nikolaý Kowalýowyň kanun taslamasynyň ykbaly nähili bolduka? Oňa FHG-niň işgärlerine ýokarlandyrylan talaplar goşulypdy, ýagny daktiloskopiýa (barmak yzlaryny bellige almak), neşekeşlige, arakhorluga bolan barlag, iň esasy-da eli arassalyga gaýdyp gelmek, daşary ýurtdaky emläge gadagançylyk. Niçik? Eger-de şu zatlar saklanylsa, hakyky keşp bolardy! Şu kanun taslamasy ýöremedimi?

Andreý Soldatow: Men häzirlikçe diňe daşary ýurtdaky emläk baradaky meselä seredişlik gidýär diýip eşitdim. Munuň özi ýagdaýy üýtgeder. Ýöne barlagy kim geçirer? Eger FHG-niň özi işgärlerini barlamak bilen meşgullansa, onda, meniň pikirimçe, bu iňňän ýöntem bolar. Siz daşarky gözegçiligiň zerurdygyna düşünýäňiz ahyry. Diňe daşarky gözegçilik, islendik görnüşdäki islendik daşarky gözegçilik ýagdaýy nähilidir bir üýtgedip biler. Ýörite gulluk öz-özüni üýtgedip gurmaz, özi özüni arassalap durmaz.

Witaliý Şlykow: Munuň özi kanun çykaryjylaryň elinde.

Andreý Soldatow: Hatda Döwlet Dumasynyň howpsuzlyk komitetiniň-de ýörite gulluklaryň üstünden parlament gözegçiligini etmäge hukugy ýok.

Witaliý Şlykow: Häzirlikçe ýok. Ýöne şeýle meseläni goýmak gerek. Ýörite gulluklar gözegsiz, jemgyýetçilik tarapyndan gözegsiz bolmaly däl ahyry.

Andreý Soldatow: Gaty dogry.

Witaliý Şlykow: Biziňki ýaly ýagdaý gowşak ösen döwletlerde-de saklanyp galypdyr. Beýleki punktlar hem bar. Şolardaky işleriň köp usullarynyň köneçilligine haýran galýaryn. Ýöne muny, ilkinji nobatda, kanun çykaryjylar çözmeli. Jemgyýet-ä, meniň pikirimçe, gözegçilik etmek meselesine parhsyz garaýar.

Andreý Soldatow: Elbetde, KGB bilen FHG-niň arasynda ägirt uly tapawut bar. KGB tas her bir adamyň diýen ýaly durmuşyna goşulýardy. FHG muny saýlap-seçip edýär. Bärde Orsýetiň millionlarça ilatyna gözegçilik etmekdäki güýji bisowat ulanmakda gürrüň baranok. Gürrüň aktiw durmuş pozisiýasy bilen meşgullanýan aktiw raýatlara gözegçilik etmek barada barýar. Olar nähilidir bir dini toparlara, syýasy toparlara, jemgyýetçilik guramalaryna, jemgyýetçilik birleşmelerine, profsoýuzlara ýygnanýarlarmy? Islendik hasaba alynmadyk jemgyýetçilik aktiwligi FHG-de gyzyklanma döredýär.

Ýelena Rykowsewa: Aktiwlere gözegçilik etmek — olaryň wezipesi.

Andreý Soldatow: Hawa, muny gözegçilikde saklamaly. O ýerde näme bolýanyna düşünmeli. Eger-de hiç hili jemgyýetçilik işini alyp barmaýan, hatda öz howlusynyň, öz şäheriniň durmuşynda hiç hili iş etmeýän adamlar bilen, elbetde, FHG-niň işi bolmaly däl. Şu meselede režim SSSR döwründäkiden has erkin.

Ýelena Rykowsewa: Ýörite gullugyň ortaça işgäri baý adammy?

Andreý Soldatow: Baý diýmäge dilimiz barmaz. Ýöne ol ýeterlik gowy hak alýar. Indi 90-njy ýyllardaky ýaly däl. Şol döwürde olaryň aýlygy 200 dollardy.

Irina Borogan: Ýöne olaryň sowet döwründäkileri ýaly girdejileri-de ýok. Sowet döwründe orta zwenodaky işgärleri kwartiralar bilen örän çalt üpjün edýärdiler. Häzir ol öz aýlygyna jaý satyn alyp bilmeýär.

Ýelena Rykowsewa: “Täze dworýançylyk. FHG-niň taryhyndan oçerkler” kitabynda Moskwadaky öýlerdäki partlamalaram, Litwinenko-da, Anna Politkowskaýa-da sanalyp geçilýär. FHG bilen baglanyşykda agzalýar. Ýöne hiç hili netije çykarylmaýar. Näme, ýene-de FHG günäkärmi?

Andreý Soldatow: Elbetde, bu agzalaýmalydam. Sebäbi bu wakalaryň barysyna FHG-niň dahyly bardy. Litwinenko FHG-niň ofiseridi. Politkowskaýanyň işinde derňewden geçýän FHG-den biri. Bu wakalaryň barysyny ýatlamazlyk mümkin däl. Birinjiden, 1999-njy ýyldaky wakany FHG derňemedi. Ikinjiden, şol terrorçylykly aktyň guralmagynda FHG-niň durmandygyny gös-göni ýazdyk. Şu terrorçylykly aktlar barada sowal berenleriň agzyny ýumdurandyklarynda FHG ýazykly. Munuň ozi FHG-niňem, Putiniňem abraýyny ýere çaldy hem-de ýörite gullugy gara donly etdi.

Irina Borogan: Garadonly bolanlarynyň ýene bir sebäbi olaryň jemgyýetiň öňünde hasabat bermäge endik etmediklerinde. Şonuň üçinem olar özleriniň samsyklaç okuwlaryny geçýändiklerini uzak wagtlap ýaşyryp gezdiler. Netijede olar şeýle bir ýaramaz ýagdaýa düşdüler, ilatyň uly bölegi öýleriň ýarylmagyny FHG gurapdyr diýilýänine çyny bilen ynandy. Eger-de okuwlary başa barmadyk bolsa, olar köpçülige aýan bolan bolsa, onda muny başdan düşündiräýmelidi.

Ýelena Rykowsewa Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.