Orsýetdäki uçar heläkçiliginde hokkeýçiler öldi

Çarşenbe güni öýlän Orsýetiň Ýaroslawl şäheriniň “Lokomotiw” hokkeý komandasynyň münüp barýan uçary heläkçilige uçrady. Wakada uçardaky hokkeýçiler we olaryň trenerleri bilen birlikde azyndan 43 adamyň ölendigi habar berilýär.

Bu uçar heläkçiliginde diňe iki adamyň agyr ýaralanan halda diri galandygy barada maglumat alyndy. Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň metbugat sekretary Sergeý Miroşniçenko deslapky maglumatlara görä, uçaryň içinde jemi 45 adamyň bolandygyny we häzirki wagta çenli şolardan 27-siniň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

Ölen hokkeýçileriň arasynda “Lokomotiw” komandasynyň düzüminde oýnaýan kanadaly, belarusly, çehiýaly, şwesiýaly we slowakiýaly hokkeýçileriň-de bardygy aýdylýar.

Ýolagçy uçary düýn öýlän Ýaroslawl şäheriniň aeroportundan howa göterilen badyna anyk bolmadyk sebäbe görä Wolga derýasynyň gyrasyna gaçdy.

Uçardaky hokkeýçiler Belarusyň paýtagty Minskde ýerli hokkeý komandasy bilen ýaryşa barýardylar.

Penşenbe güni prezident Dmitriý Medwedew bu heläkçiligiň bolan ýerine sapar etdi.