Hindistandaky partlamada azyndan 11 adam öldi

Çarşenbe güni Hindistanyň paýtagty Nýu-Delidäki Ýokary suduň binasynyň öňünde amala aşyrylan partlamada azyndan 11 adam ölüp, 60-dan gowrak adam ýaralandy. Bu partlama Ýokary suduň binasynyň öňüne uly mähelläniň ýygnanan wagty amala aşyryldy.

Hindistanyň howpsuzlyk resmileri bu wakanyň yzy bilen Günorta Aziýada hereket edýän “Harkat-ul-Jihad al Islami” atly ekstremistik bir toparyň bu partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alyp elektron poçta arkaly maglumat ýaýradandygyny habar berdiler.

Ýöne partlamanyň anyk näme bilen baglanyşykly bolup biljekdigi barada häzirlikçe hiç hili garaýyş öňe sürülmeýär.