7-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde Abadan şäheriniň täze medeni-durmuş maksatly binalar-jaý toplumynyň gurluşygy boýunça taýýarlanan proýektler bilen tanyşdy.
Täze şäher Ruhabat etrabynyň "Türkmenistan" daýhan birleşiginiň çäginde gurlar. Berdimuhamedow şäheriň guruljak ýerini oňlaýandygyny aýdyp, gurluşyk işlerine tiz girişmegiň zerurdygyny belledi hem-de täze Abadanyň Türkmenistan boýunça nusgawy şäher bolmalydygyny mälim etdi. Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, täze şäheriň taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin potratçylar bäsleşik esasynda saýlanyp alnar.
Täze Abadan şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezi, myhmanhana, amfiteatr, saglygy goraýyş binalar toplumy, medeniýet merkezi, oba senagat binalar toplumy gurlar. Mundan başga-da, täze guruljak desgalarda Ahal welaýat hem-de Abadan şäher häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we döwlet edaralarynyň jaýlary ýerleşer.
Şu ýylyň 7-nji iýulynda Abadan şäheriniň eteginde ýerleşýän ýarag ammarynda partlama bolupdy. Partlamanyň şähere näderejede zyýan ýetirendigi barada resmi ýagdaýda anyk maglumatlar berilmese-de, 10-njy iýulda hökümet toparynyň mejlisinde Berdimuhamedow Abadanda täze şäheriň guruljakdygyny aýdypdy we bu meselede ähli zerur çäreleriň görüljekdigini mälim edipdi.
Karta: Ruhabat etrabynyň "Türkmenistan" daýhan birleşigi we Abadan şäheri.
http://maps.google.com/maps?f=q&source=s_q&hl=en&geocode=&q=Abadan,+Ahal,+Turkmenistan,+Asia&aq=4&sll=37.0625,-95.677068&sspn=21.736617,56.162109&vpsrc=6&ie=UTF8&hq=&hnear=Abadan,+Ahal,+Turkmenistan&ll=38.048161,58.195469&spn=0.042033,0.109692&t=h&z=13&output=embed
Ulaldyp gör
Arkadagdan Abadanamy?
Şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatdan 40 kilometr gündogarda Ahal welaýatynyň täze administratiw şäheriniň düýbüni tutmak meýilleşdirilipdi. Resmi ýagdaýda beýan edilmese-de, assyrynlyk bilen bu şähere Arkadag diýen ady dakmak kampaniýasynyň alnyp barlandygy barada habar berildi.
Adyny aýtmakdan saklanan jogapkär işgär Ahal welaýatynyň täze administratiw şäherini düýpden gurmakdan resmileriň el çekendigini aýdýar. Ahal welaýat häkimliginiň edara ediş binasy täze Abadan şäherinde ýerleşer.
Şeýle hem şol jogapkär işgäriň aýtmagyna görä, geljekde ýurtda altynjy welaýatyň emele gelmegine garaşylýar. Abadan şäheri Ahal welaýatynyň administratiw şäheri bolar. Balkan welaýatynyň Serdar (öňki Gyzylarbat) etrabynyň bolsa Ahal welaýatyna goşulmagy meýilleşdirilýär. Kaka, Tejen, Altynasyr, Babadaýhan, Sarahs etraplarynyň Ahal welaýatynyň düzüminden çykarylyp, täze dörediljek welaýata girizilmeginiň mümkindigi barada ol öz pikirini mälim edýär.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.