Ideologiýa ýolbaşçysyna näme üçin käýinç berildi?

Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň ideologiýa, medeniýet we köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa bu wezipedäki dördünji käýinji aldy.

Türkmenistanyň wise-premýeri Maýsa Ýazmuhammedowa berk käýinç yglan edildi. 2-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda yglan edilişine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýazmuhammedowa, özüne ynanylan wezipede ýol beren düýpli kemçiliklerini gysga wagtda düzetmese, işden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň ideologiýa, medeniýet we köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa bu wezipedäki dördünji käýinji aldy.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Ýazmuhammedowa goýberen kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmese, işden boşadylar.
Maslahatda Berdimuhamedowyň ony berk tankytlamagyna milli telewideniýäniň we metbugatyň işindäki kemçilikler, konsert programmalarynyň guramaçylygynyň pes derejesi, şeýle-de sosial-medeni maksat bilen gurulýan obýektleri, şol sanda Medeniýet şäherçesini işe girizmek boýunça görülýän taýýarlyklaryň pes derejesi sebäp bolupdyr.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Ýazmuhammedowa goýberen kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmese, işden boşadylar. Emma düzedişler üçin berlen möhlet we düzedilmeli işler barada resmi habarda takyk maglumat berilmedi.

Kemçilikler

Idelogiýa Türkmenistanyň hem birinji prezidenti, hem häzirki prezidenti üçin jemgyýete gözegçilik boýunça esasy gural.
Ýazmuhammedowa 2007-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň ideologiýa, medeniýet we habar serişdeleri boýunça orunbasary wezipesini ýerine ýetirip gelýär. Ol hökümet maslahatynda eden çykyşynda özüne ynanylan ugruň durnukly ösüşe eýe bolanlygyny habar berdi we mysal hökmünde täze obýektler gurlup, ýurduň medeni binalarynyň sanynyň artanlygyny, neşir işleriniň aktiwleşenligini we dürli derejelerdäki medeni çäreleriň geçirilenligini sanap geçdi.

Emma Berdimuhamedow ideologiýanyň we medeniýetiň ýurduň içeri syýasatyny amala aşyrmakdaky we ony propagandirlemekdäki ägirt uly ähmiýetini nygtady.

Ýazmuhammedowynyň adyna edilen tankyt türkmen režiminiň ideologik propagandanyň häzirki derejesinden kanagatlanmaýanlygyny görkezýär. Bu barada syýasy bilermen, Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan aýdýar.

“Idelogiýa we medeniýet Türkmenistanyň hem birinji prezidenti, hem häzirki prezidenti üçin jemgyýete gözegçilik boýunça esasy gural. Şeýlelikde häkimiýetler bu pudakda alnyp barylýan işlerdäki gowşaklygyň ideologiýa taýdan ýalňyşlyga ýol açmagyndan howatyrlanýarlar” diýip, Ulunýan belleýär.

Talaplar

Türkmen prezidentiniň ýurtda informasiýa we medeniýet ugrunda alnyp barylýan işleri tankyt etmegi täzelik däl. Emma onuň pudak ýolbaşçylaryndan edýän talaplary, adatça, takyklaşdyrylmaýar.

Bu pudakdan edilýän talaplar häzirki işleriň many-mazmun taýdan özgerdilmegine däl-de, olary amala aşyrmak usullarynyň özgerdilmegine degişli.
“Ýurduň ýolbaşçysy öz yglan edýän pikirlerine we ideýalaryna edara ýolbaşçylarynyň has döredijilikli çemeleşip, jar etmeklerini isleýär” diýip, Ulunýan aýdýar. “Türkmenistanyň idelogiýa we medeniýet sferasynyň häzirki häsiýeti bolsa Nyýazow döwründäkä meňzeşligi bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde bu pudakdan edilýän talaplar häzirki işleriň many-mazmun taýdan özgerdilmegine däl-de, olary amala aşyrmak usullarynyň özgerdilmegine degişli”.

Türkmenistanda informasiýa we medeniýete degişli edilýän resmi talaplaryň döwlet ideologiýasynyň mazmun taýdan däl-de, onuň diňe forma taýdan özgermegine degişlidigini aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew hem belleýär.

“Gürrüň bärde forma hakda barýar. Sebäbi öňki mazmun, öňki ýöredilýän syýasy propaganda häzir Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny, megerem, kanagatlandyrýan bolmaly” diýip, Bugaýew aýdýar. “Olar ýöne şonuň formasyny has gyzykly etmek hakynda gürrüň edýärler. Ynha, Türkmenistanda ýene iki sany telekanal işläp başlajak. Olaryň biri diňe Aşgabat şäherinde gidýän gurluşyklary wasp etmäge bagyşlanan. Onuň ady-da “Aşgabat” telekenaly”.

Islendik özgerişlik üçin inisiatiwanyň görkezilmegi zerur. Emma, ýerli döredijilik wekilleriniň bellemegine görä, türkmen ýolbaşçylarynda özbaşdak hereket etmäge mümkinçiligiň örän çäkli bolmagy we olaryň ýokardan jezalandyrylmakdan howatyrlanyp, ýalňyş hereket etmekden çekinmegi islendik inisiatiwanyň öňüne böwet bolup gelýär.