Adam hukuklaryny goraýjy “Halkara günä geçiş” (Amnesty international) guramasy şeýle habar berdi: Siriýada hökümetiň garşysyna çykyşlara gatnaşandyklary üçin tussag edilen onlarça adam jebir-sütemler zerarly, aradan çykdy. Siriýanyň häkimiýetleri protest bildirýänleri basyp ýatyrmak üçin goşun sürmegi dowam etdirýär, şol çaknyşyklarda öldürilýänler-de bar.
“Halkara günä geçişiň” dokladynda 2011-nji ýylyň 1-nji aprelinden 15-nji awgusty aralygynda azyndan 88 sany tussagyň heläk bolandygy baradaky maglumatyň özlerinde bardygy aýdylýar. Şol tussaglaryň 52-siniň zorluklara sezewar edilendigi barada delilnamalar ýeterlik. Ölenleriň arasynda çagalaram bar.
“Halkara günä geçişiň” baha bermegine görä, martyň ortalarynda başlanan protest çykyşlarynyň dowamynda Siriýada müňlerçe adam tussag edildi. 1800-den köpräk adam öldürildi — şolaryň köpüsi parahatçylykly ýöriş mahalynda harbylar tarapyndan atyldy.
Adam hukuklaryny goraýjylar Siriýadan gaçyp çykanlaryň görkezmelerine we ýurtda ýaşap ýörenler bilen telefon arkaly gürrüňdeşliklere esaslanýarlar. Maglumatlary beýleki çeşmeler bilen seljerip görmek mümkin däl. Daşary ýurt žurnalistlerine we adam hukuklaryny goraýjylara Siriýada işlemäge ygtyýar bermeýärler.
“Halkara günä geçiş” guramasy BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmalarynda günäkärleri jogapkärçilige çekmäge - hususan-da, işi Halkara jenaýat suduna geçirmäge çagyrdy. Şonuň ýaly-da adam hukuklaryny goraýjylar ynsanyýetiň garşysyna jenaýat etmekde günä bildirilýän Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň we beýleki resmileriň serişdelerini doňdurmagy zerur hasaplaýarlar.
Adam hukuklaryny goraýjylar görkezmeleri ýygnamak bilen baglanyşykly ullakan kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. “Halkara günä geçişiň” wekili Jeýms Linç şeýle habar berdi:
—Protest çykyşlary basylyp ýatyrylyp başlanan mahaly biz köp sapar haýyş bilen ýüz tutsak-da, “Halkara günä geçiş” guramasyna Siriýada işlemäge ygtyýar berilmedi. Bu biziň işimizi has-da kynlaşdyrdy. Biziň dürli çeşmelerden— pidalaryň maşgalalaryndan, kä wagtlar wakalaryň şaýatlaryndan we wideoýazgylary goşmak bilen, beýleki ýollardan alýan habarlarymyzy seljermek kyn düşýärdi. Biz şu görkezmelere öz ülňülerimize laýyk ýüzlenýärdik. Aram-aram bizde şübheler döreýärdi. Sebäbi maglumatlary tassyklamak üçin habarlar ýetmezçilik edýärdi ýa-da şol habarlary aşa gijikdirip alýardyk. Şeýle bolansoň, öldürilenleriň sany hakykat ýüzünde has-da köp bolmagy mümkin. Bizde henize-bu güne çenli tussagda saklanýan adamlaryň üç ýarym müň töwereginiň atlary bar, ýöne şolaryň sanynyň 12 müňe ýetmeginiň mümkindigi barada hem habar bar. Bu sanlar, bu bahalar bilen jedel gurmak niýetimiz ýok. Tussagdaky adamlaryň takyk sanyny ýöretmek şeýle bir kyn, diýip-aýdar ýaly däl. Çünki Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň hereketi bütinleý ýapyk, olar bu barada maglumatlary hiç ýerik bermeýärler. Üstesine-de, olaryň hereketi çalasyn we tozduryjy häsiýete eýe bolup biler. Ýyldyrym çaltlygyndaky hereketden soň adamlaryň nirelere alnyp gidilendigi barada hiç hili habar alyp bolmaýar. Adamlary kimleriň tutup alyp gidendigini, olaryň nirelerde saklanandygyny, olaryň nirelerde heläk bolandygyny yzarlamak bize örän kyn düşýär. Köplenç halatlarda biz diňe adamlary nähiliräk ýagdaýda tutup äkidendiklerini, şundan soňam olaryň jesedini maşgalalaryna nädip gaýtaryp berendiklerini aýdyp bilýäris. Şu aralykda nämeleriň bolup geçenini yzarlamak welin örän kyn - diýip, Jeýms Linç aýdýar.
Jeýms Linçiň sözlerine görä, “Halkara günä geçiş” guramasy şu doklady çap etmek bilen dünýä jemgyýetçiligini Başar al-Assadyň režiminiň garşysyna çäre görmäge çagyryş bilen ýüzlenýär:
—Biz halkara jemgyýetçiligini üç zada çagyrýarys. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bu meseläni Halkara jenaýat suduna geçirmeli diýip hasaplaýarys. Munuň özi gyssagly suratda edilmeli iş. Şonuň ýaly-da biz Geňeşiň Siriýa ýarag satylyşynyň ähli zady öz içine alýan gadagançylygy girizmegini zerur hasaplaýarys. Liwiýa-da hut şunuň ýaly gadagançylyk girizilipdi. Şeýle hem biz şunuň ýaly adam hukuklarynyň aýylganç bozulmalarynda şübhelenilýän prezident Başar al-Assadyň we onuň töweregindäkileriň serişdeleriniň doňdurylmagynyň tarapdary. Halkara jemgyýetçiligi Siriýanyň häkimiýetleriniň hereketini ýazgardy. Soňky hepdelerde köp sanly musulman ýurtlary-da zorluklaryň togtadylmagyny talap etdiler. Ýogsa, bu döwletler mundan ozal Siriýadaky wakalara baha bermekden saklanýardylar. Birleşen Ştatlar Siriýanyň garşysyna täze çäklendirmeleri girizýändigini habar berdi. Amerikalylara birnäçe ýokary derejeli siriýaly çinownikler, şol sanda daşary işler ministri Walid al-Muallem bilen iş gatnaşyklaryny etmek gadagan.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nuland mundan iki hepde ozal Döwlet sekretary Hillari Klintonyň “Basym Eýran Assadyň ýeke-täk dosty bolup galar” diýen sözüni ýatlady.
—Men-ä, dogrusy, hatda Eýranyňam Assadyň režiminden çekilip barýanyny belläsim gelýär—diýip, Wiktoriýa Nuland nygtady.
Täze çäklendirmeler amerikalylary birnäçe ýokary derejeli çinownikler, şol sanda daşary işler ministri Walid al-Muallem bilen iş gatnaşyklaryny ýola goýmagy gadagan edýär. Siriýanyň resmileriniň ABŞ-daky ähli serişdeleri gabalyp goýuldy.
Siriýadan gelip gowuşýan maglumatlara görä, soňky günleriň dowamynda siriýaly harbylar täze protest ýörişlerine gatnaşanlaryň azyndan ýedisini öldüripdirler. Öldürilenleriň arasynda 13 ýaşly ýetginjeklerem bar. Deraa welaýatynda alty, Homs şäherinde bir adam ölüpdir.
Sişenbede, 30-njy awgustda, musulmanlaryň mukaddes Oraza aýynyň tamamlananyny baýram eden gününde Siriýada Başar al-Assadyň häkimiýet başyndan gitmegine talap bildirýän täze köpçülikleýin ýörişler geçdi.
Walentin Baryşnikow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.