Balyk we balyk önümleri gymmatlaýar

Balyk we balyk önümlerine goýulýan nyrhlaryň gümürtik bolýanlygy sebäpli, bu harytlaryň bahalary ýazylyp goýulmaýar. Surat: Aşgabat şäheriniň “Gülüstan” söwda merkezinde, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Adam bedeni üçin iň bir zerur hem-de ýokumly iýmit bolan balygyň hem-de balyk önümleriniň soňky 3-4 ýyllykda ilata ýetirilişiniň barha pese gaçýandygy göze ilýär.

Alymlar tarapyndan geçirilen dürli barlaglar, tejribeler muny ýyllarboýy tassyk edip gelendigi sebäpli, kadaly durmuşda ýaşaýan adamlar özleri üçin hepdäniň bir gününi balyk we balyk önümlerini iýmeklige bagyşlaýarlar. Ony öz iýmit rasionyna gündelik goşýan adamlar hem seýrek däl.

Aşgabadyň ýaşaýjysy, 40 ýaşly lukman Sähediň aýtmagyna görä, balyk hem-de balyk önümleri adam bedenini sagdyn saklamakda, ynsanyň ömrüniň dowamly bolmagynda juda möhüm rol oýnaýar.

Garaşsyzlykdan ozal Soýuzyň çäklerinde hereket ediýän jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda her hepdäniň penşenbe güni “Balyk güni” diýlip atlandyrylýardy, hem-de balykdan bişirilen dürli görnüşli iýmitler müşderilere hödürlenýärdi.

Ondan daşary ähli welaýatlarda hem emeli köller, suw howdanlary gurlup, Garaşsyzlykdan ozal hem, Garaşsyzlygyň başky ýyllary hem, balykçylyk pudagyna uly üns berilýärdi. Daşoguz welaýatynda “Sarygamyş” köli, Mary welaýatynda “Howuzhan” suw howdany, Ahal welaýatynda ýöriteleşdirilen balyk hojalygy, Gökdepe suw howdany ýaly belli-belli ýerlerde balygyň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýärdi we ilata ýetirilýärdi.

Bu balyk öndürilýän suw howdanlary şu günki gün hem bar. Emma olaryň öndürijiligi pese gaçdy. Sähediň belleýşine görä, Türkmenistanyň çäklerinde Hazar deňzine öz bioserişdeleri bilen tebigatyň ýurda eçilip beren peşgeşi diýseň hem boljak. Emma Hazar deňziniň gymmatly balyklary ilat üçin ýat bolup barýar.




Aşgabat şäheriniň “Gülüstan” söwda merkezinde, Hazar deňziniň önümi bolan bekre balygyny hemişe satyn alyp bolýar. Kenarýaka şäheri bolan Türkmenbaşyda, Hazar şäherçesinde satuwda bolelin tapylmaýan bekre balygy bu söwda merkezinde bir kilogramy 90-100 manat aralygynda satuwa çykarylýar. Bekre balygynyň işbiliniň bir kilogramy bolsa 1,500 amerikan dollaryna barabar, emma harytlara goýulýan nyrhlaryň hem gümürtik bolýanlygy sebäpli, bu harytlaryň bahalary ýazylyp goýulmaýar.

Aşgabat şäherinde Lebapdan gelýän telekeçiler Amyderýanyň balygyny, Marydan gelýän telekeçiler “Howuzhanyň” balygyny satuwa çykarýarlar. Olar hem balyklary görnüşlerine görä baha goýup, bir kilogramyny 10 manatdan 20 manat aralygynda satuwa çykarýarlar.

Türkmenistanyň bioserişdelerini gorap saklamak we ony köpeltmek barada Türkmenistanyň kanuny “Türkmenistan” gazetiniň 2011-nji ýylyň 28-nji maý sanynda çap edildi. Kanunda suwuň bioserişdeleriniň gorlarynyň goragyny we üznüksiz köpelmegini üpjün etmek maksatlary göz öňünde tutulýan bolsa-da, Garaşsyzlyk ýyllary bu pudagyň ünsden düşürilmegi netijesinde, şu günki gün balyk we suwuň beýleki bioserişdeleri gyt haryda öwrülip barýar.

Bekre balygynyň işbiliniň bir kilogramy 1,500 amerikan dollaryna barabar



Aşgabatly lukman Sähet balyk we suwuň beýleki bioserişdeleri satuwda tapdyraýan ýagdaýynda hem, olaryň ýönekeý ilat üçin elýeter däldigini belleýär. Onuň aýtmagyna görä, soňky ýyllar balyklary ýöriteleşdirilen howdanlarda köpeldip, soňra ony deňze, derýalara goýbermek işi öz-özünden ýatyp galypdyr.

“Bu ugurdan tejribeli hünärmenler ýok diýen ýaly. Ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanýan hünärmenler bolsa teoriýadan aňry geçip bilmeýärler. Şeýle-de Hazar deňzinde ýangyç daşaýan ýük gämileriniň sanynyň köpelmegi, deňizde nebit çykarýan wyşkalaryň peýda bolmagy hem balyklaryň köpelmegine uly päsgelçilik döredýär” diýip, Sähet aýdýar.

Magtymguly etrabynyň çäklerinden akýan Sumbar derýasynyň, Etrek etrabynyň çäginden akýan Etrek derýasynyň suwunyň kesilmegi hem Hazaryň balyklarynyň süýji suwa çykyp, işbil taşlamagyna böwet bolýar.

Sähediň aýtmagyna görä, Hazaryň türkmen kenarynda bu ugurdan degerli iş amala aşyrylmaýan wagtynda, goňşy Eýran öz Hazar kenaryny kanallar, çeşmeler arkaly süýji suw bilen birikdirip, balyklaryň köpelmegine uly mümkinçilikler döredýär.

Türkmenbaşy şäherindäki balyk konserwa zawody hem häzirki wagtda geregiçe önüm öndürmeýär. Konserwirlenen balyk önümleri ýurda esasan Orsýetiň şäherlerinde öndürülip getirilýär.

Sähet ilaty balyk we suwuň bioserişdeleri bilen üpjün etmek barada döwlet derejesinde aladanyň zerurdygyny nygtaýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.