Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň aklawçylary Orsýet bilen baglaşylan gaz ylalaşygyndan 200 sahypanyň ýitirim bolandygyny aýdýarlar. Timoşenko 2009-njy ýylda gaz kontraktyny baglaşanda wezipe ygtyýarlylygynyň çäginden çykmakda aýyplanyp, sud edilýär. Eger-de onuň günäsi subut edilse, oňa on ýyla çenli türme tussaglygynyň hem berilmegi mümkin.
Timoşenkonyň öz sözlerine görä, ýitirim bolan sahypalar oňa ýöňkelýän aýyplamalaryň galplaşdyrylandygyny subut edip bilerdi. Ol duşenbe güni geçirilen sud diňlenişiginde özüniň goranmak hakyny çäklendirýändikleri üçin döwlet aýyplaýjylaryny günäledi. Suduň zalynda Timoşenko: “Siz jenaýat işiniň materiallaryny elýeterli etmediňiz. Siz maglumatlary seljermek üçin diňe bir ýarym, iki gün berdiňiz. Aslynda siziň iki günden has köp wagtyňyz bardy” diýip, çykyş etdi.
Sülçüler Timoşenkonyň işi boýunça hiç bir maglumatyň ýitmändigini öňe sürýärler. Olaryň bellemegine görä, resminamalar döwlet derňewçileri tarapyndan seljerilenden soň, ýaňadandan toparlara bölünipdir. Hut şu sebäpli, maglumatlar ýitirim bolan ýaly bolup görünýär.
Ýuridiki işler boýunça bilermenler hem bu beýanatyň hakykata bap gelýän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Aklawçy Tatýana Muntýanyň Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna gürrüň bermegine görä, maglumatlar seljerilenden soň, olaryň tertibiniň üýtgemegi – Ukrainanyň ýuridiki sisteamasynda juda ýygy duş gelýän bir ýagdaý.
“Dokumentleriň sany köp ýa-da az bolup, olaryň yzygiderligi üýtgäp biler. Bu, elbetde, gowy däl. Ýöne bu juda köp gaýtalanýar. Muňa onçakly bir adatdan daşary ýagdaý hökmünde hem garalmaýar” diýip, Muntýan aýtdy.
Muntýan Timoşenkonyň aklawçy toparynda sud işiniň materiallarynyň nusgalarynyň bolmalydygyny belläp, aklawçylaryň häzire çenli aýyplamalary subut edip bilmändiklerini hem sözüne goşdy.
Ýöne, Timoşenkonyň aklawçysy Ýuriý Sukhowyň Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtmagyna görä, olarda diňe suda hödürlenen materiallaryň nusgalary bar. “Bärdäki kynçylyk şundan ybarat: ýagny bizde 522 sahypalyk goşmaça materiallaryň bardygyny mälim edýän bir hat bar. Başga bir hata görä bolsa, ýene-de 13 tomluk goşmaça maglumat bar. Ýöne bu materiallar ne sudda, ne-de bizde bar” diýip, Sukhow mälim etdi.
Timoşenko suda hormatsyzlygy üçin şu aýyň başynda tussag astyna alnypdy. Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi bu hereketi ýazgaryp, ukrain häkimiýetlerini Timoşenkony azat etmäge çagyrdylar.
Timoşenkonyň tarapdarlary bu sud işiniň syýasy matlap bilen gurnalandygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, prezident Wiktor Ýanukowiç bu hereketiň üsti bilen özüniň syýasy garşdydaşy Timoşenkony geljekki saýlawlara gatnaşdyrmajak bolýar.