Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Arkadag” diýen adyň berilmegine garaşylýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzda geçirilen Ýaşulular maslahatynda, 2010-njy ýylyň 14-nji maýy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakyndaky” permana gol çekdi. Permana görä, ýaşulular maslahatyny guramaçylykly geçirmek, gelen teklipleri düýpli öwrenmek maksady bilen döwlet komissiýasy döredilip, onuň düzümi tassyklandy.

Ýaşulular maslahaty Türkmenistanda öňki prezident tarapyndan 1990-njy ýylda döredildi. Aradan 2-3 ýyl geçip-geçmän, ol Halk maslahatyna öwrüldi. 2008-nji ýylda ýurduň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň Halk maslahaty ýene Ýaşulular maslahatyna öwrüldi we ol halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli organy bolmaklygyndan diňe maslahat beriji jemgyýetçilik guramasy statusyny aldy.

Baş tema

Oktýabrda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna ilat köpçüligi uly tolgunma bilen garaşýar diýlip, habar berilýär. Sebäbi soňky üç-dört aýyň dowamynda Aşgabat şäheriniň hem-de ýurduň beýleki welaýatlarynyň ýaşulularynyň maslahatynda garalan meseleler Türkmenistanyň geljekki syýasy ugruny saýlap almagynda bu maslahatyň uly rol oýnajakdygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň başlygynyň orunbasary Myrat Garryýewiň Aşgabat şäher hem-de welaýat ýaşulular maslahatynda oktýabr aýynda geçiriljek döwlet derejesindäki Ýaşulularyň maslahatynda ähli ýaşulularyň adyndan Berdimuhamedowa “Arkadag” diýen ady bermek barada (manysy: ýakyndan goldaw berýän, arkaňy tutýan, tarapyňy çalýan), mundan başga-da Ahal welaýatynyň täze administratiw şäherine Arkadag diýen ady dakmak barada teklip bilen çykyş etmegi ýaşululara ündeýändigini şol maslahatlara gatnaşanlar gürrüň berýärler.

Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde welaýatlarda, Aşgabat şäherinde ýaşulularyň maslahatynyň geçirilişi bilen bagly berilýän maglumatlarda Myrat Garryýewiň öňe sürýän teklipleri agzalmaýar.

Türkmen mediasynda eýýäm bir ýyla golaý wagt bäri Berdimuhamedowa “Arkadag” diýlen epitet goşulýar. Ýöne bu at häzirlikçe "mertebeli", "hormatly", "mähriban" diýen sözler ýaly, diňe mahabatlandyryjy söz hökmünde getirilýär. “Arkadag” epiteti heniz “Türkmenbaşy” epitetiniň derejesine ýetirilenok.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 1992-nji ýylda özüne "Türkmenbaşy" diýen ady dakdyrypdy. Şol döwrüň ideologiýasy ençeme ýyllap bir bitewi döwletsiz ýaşan türkmenleriň garaşsyz döwlet bolmagynda hut Saparmyrat Nyýazowyň aýratyn tagallasynyň bardygyny öňe sürüp, ýurduň ilkinji prezidentine "Türkmenbaşy" diýen epitetiň berilmegini gazandy. Netijede ýurtda Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýet kulty döredildi.

Nyýazow 2001-nji ýylyň 22-nji maýynda, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň Aşgabatda geçirilen VI ýubileý konferensiýasynda öz adynyň öňünden “Beýik” sözüniň goşulmagyny gazandy. Dünýä türkmenleriniň “haýyşy” boýunça gelnen karardan soň, Saparmyrat Nyýazowa Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy diýlip ýüzlenmeli edildi.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda...

Ýaşulularyň maslahaty Aşgabatda fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulýan Maslahatlar köşgünde geçiriler. Maslahatyň geçiriljek gününe çenli bu bina doly taýýar bolar. Bu binanyň düýbüni Saparmyrat Nyýazow heniz aradan çykmanka tutup gidipdi.

Maslahatlar köşgünde geçiriljek Ýaşulularyň maslatynda Berdimuhamedowa Saparmyrat Nyýazowa berlen aýratyn hukuklaryň berilmezligi mümkin diýlip garaşylýar. Sebäbi prezident saýlawlarynyň möhleti eýýäm köpçülige aýan edildi. Emma öňde durýan prezident saýlawlaryna onuň ýeke-täk kandidat hökmünde görkezilmeginiň ähtimallygy welin ýok däl diýip, ýerli çeşmeler habar berýärler.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Ýaşulular maslahatyny Nyýazowyň döwründe hereket eden Halk maslahatynyň mirasdüşeri diýip atlandyrdy. “Munuň özüniň hukuk güýji ýok. Bu diňe maslahat beriji geneş hökmünde önki Halk maslahatynyň ýerine döredildi” diýip, Bugaýew aýdýar.

Ýaşulular maslahatyna her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 100 adam, şeýle-de intelligensiýa wekilleri, student ýaşlar we ýokary wezipelerde işleýän işgärler gatnaşýarlar. Bu bir tarapdan Gündogardaky gadymdan gelýän edebe, ýörelgä bap gelýär. Sebäbi türkmenler gadymdan öz ýaşulularyna uly hormat goýýarlar. Ýaşulular şol hormata akyl-paýhaslary we bitirýän işleri bilen mynasyp bolupdyrlar.

“Häzirki Ýaşulular maslahatyna ýygnanýanlar welin, ýaşulular däl. Olar diňe el çarpýanlar. Döwlet syýasatyny hiç hili pikirlenmezden, kabul edilýän karary seljermezden, el çarpyp, özlerine berilýän sowgady goltugyna gysyp çykyp gaýdýan adamlar” diýip, Bugaýew aýdýar.

25-nji oktýabrda geçiriljek bu geňeş 2012-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

Şu ýylyň 8-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde oppozisiýa girýän adamlary prezident saýlawlaryna gatnaşmaga çagyryş etse-de, Berdimuhamedow olaryň özlerine bäsdeş bolup bilmejegine düşünýär diýip, synçylar belleýärler. Baş Kanunyň 51-nji maddasynda soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, kärhanalarynda, edaralarynda, guramalarynda işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyp bilner diýlip ýazylan. Şu sebäpden daşary ýurtlarda ýaşaýan oppozisiýa wekilleriniň prezident saýlawlaryna gatnaşmaga hiç hili şanslary ýok diýerlikdir.

Ýerli çeşmeleriň goşmaça maglumatlary esasynda taýýarlandy.