GKÇP Merkezi Aziýanyň syýasy elitasyny aljyradypdy

Orsýetiň prezidenti Boris Ýeltsin tankyň üstünde GKÇP-ä garşy çykýar, Moskwa, 1991-nji ýylyň 19-njy awgusty.

1991-nji ýylyň 19-njy awgustynda sowet ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýowyň garşysyna gurnalan döwlet agdarlyşygynyň Moskwada radiodan yglan edilmegi hem ýönekeý ilaty hem-de Merkezi Aziýanyň syýasy elitasyny aljyraňňylyga salypdy. Prezidentler muny goldamak ýa goldamazlyk kararyna gelip bilmän, wagt utmaga synanyşypdylar.

Şonda Orta Aziýa respublikalarynyň arasynda ara salym salman, öz halkyny pitneçileriň buýruklaryny ýerine ýetirmezlige çagyran diňe gyrgyz prezidenti Askar Akaýew bolupdy.

“Men şol gün, 19-njy awgustda, Gyrgyzystanyň ilatyna ýüzlenip, munuň döwlet agdarlyşygydygyny, awtoritar Sowet režimini halas etmek üçin edilýän synanyşykdygyny düşündirdim. Telewideniýede beren beýanatymdan soň, halk bize jaň etmäge, hökümet jaýyna telegramma ýollamaga başlady. Hemmeler bizi goldadylar. Men Gyrgyzystan muňa guwanyp biler diýip, pikir edýärin. Sebäbi Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlarda we beýleki respublikalarda resmileriň hiç biri pitnä garşy däldi. Olar diňe garaşyp, näme zatlaryň bolýanyny görjek bolýardylar” diýip, Akaýew aýdýar.

Pitnäniň tarapyny çalan howpsuzlyk güýçleriniň başlygynyň beren duýduryşlaryna seretmän, Akaýewyň “Gyrgyzystanyň öz ykbalyny özüniň kesgitlemegine wagt boldy” diýeni öňki içeri işler ministri Feliks Kulowyň henizem ýadynda.

Goňşy Türkmenistanda bolsa, prezident Saparmyrat Nyýazowyň çemeleşişi gaty ätiýaçly boldy. Şol wagtlar onuň ministrleriniň biri bolan Nurmuhammet Hanamow Nyýazowyň pitnäni goldandygyny, ýöne muny daşyna çykarmanlygyny aýdýar.

Nyýazow öz aljyraňňylygyny gizledi, ýöne onuň täjigistanly kärdeşi Gahhar Mahkamowyň şo gün bir žurnaliste gyssagly interwýu bermegi onuň prezidentlik ornuny ýitirmegine getirdi.

Moskwada bolan döwlet agdarylyşygy baradaky habar özbek prezidenti Islam Karimowa Hindistana eden resmi saparyndan dolanyp gelýärkä gowuşdy. Karimowyň ýakyn ýaranlarynyň käbiriniň aýtmagyna görä, onuň ilkinji reaksiýasy bu işi eden kommunist işgärleri goldamak bolupdyr.

Özbegistanyň öňki kanun çykaryjylarynyň biri bolan Jahongir Mamodow Karimowyň pitneçileri goldap, Moskwa bir telegramma iberendigini aýdýar: “Ol wagtlar Karimowyň halkara gatnaşyklar boýunça geňeşçisi Şahobiddin Ziomowdy. Hindistandan gelenlerinde, men onuň bilen gürleşdim. Ol şonda ‘Biz uçardan bir telegramma iberdik’ diýdi”.

Kerimow soňra özüniň telegramma iberenligi baradaky myş-myşlary we medianyň bu baradaky habarlaryny inkär etdi.

Haýsy tarapy goldamakda has kynçylykly ýagdaýda bolan gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew bolup görünýär.

Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Krawçugyň aýtmagyna görä, Sowet Soýuzy çökmezden öň, Gorbaçýow Nazarbaýewe Sowet Soýuzynyň premýer-ministri wezipesini wada edipdir: “Gorbaçýow özüniň Nursultan Nazarbaýewiň Sowet Soýuzynyň premýer-ministri wezipesinde bolmagyny isleýändigini ençeme gezek gaýtalady. Ol muny gizläp durmaýardy. Meniň pikirimçe, pitne baradaky reaksiýasynda bu pikirler Nazarbaýewiň ýadynda bolandyr” diýip, Krawçuk belleýär.

Nazarbaýew 19-njy awgustda dymdy. Ertesi gün bu agdarylyşygyň şowsuzlyga uçranlygy görnüp ugranda, ol Gazagystanyň döwlet telekanalynda çykyş edip, özüniň Moskwadaky konserwatorlary goldamanlygyny aýtdy.

Agdarlyşygyň başa barmazlygy Sowet Soýuzynyň dargama prosesini çaltlandyrdy. Şol ýylyň aýagyna çenli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmesi öz garaşsyzlygyny yglan etdiler. Akaýew, Kerimow, Nazarbaýew we Nyýazow hem özbaşdak döwletleriň prezidentleri bolup galdylar. Indi, bu wakadan 20 ýyl soň, Karimow bilen Nazarbaýew henizem öňki wezipede.

Ýöne geň zat: Orta Aziýa ýolbaşçylarynyň arasynda ilkinji bolup pitnäni ýazgaran Askar Akaýewiň indi Sowet Soýuzyny belli bir formada täzeden dikeldip boljakdygyna ynanýanlygy. Üstümizdäki hepde ors mediasyna beren bir interwýusynda Moskwa uniwersitetiniň professory Akaýew Sowet Soýuzy ýene 10-15 ýyldan täzeden dörär diýip, welilik satdy.