Şypahana hyzmatlary gün tertibinde

“Ýyly suw” şypahanasy

Ýakynda geçen hökümet maslahatynda döwlet baştutany bütün dünýäde şypahanalarda dynç alýan adamlara bugly hammam, sauna, mineral suwly wannalar bilen bejeriş hyzmatlarynyň, owkalamagyň dürli görnüşleriniň we beýleki bejeriş hyzmatlarynyň hödürlenýändigini aýdyp, ýurdumyzda bar bolan şypahanalaryň ilata ediýän hyzmatlaryny dünýä derejesine laýyk ösdürmek baradaky meseläni orta atdy.

Aşgabatly ýaşaýjy, 68 ýaşly pensioner Oraz aganyň pikiriçe, bu mesele örän wagtynda gozgalan mesele. Onuň aýtmagyna görä, soňky 5-10 ýyllykda ýurtda bar bolan şypahanalara uly üns berilýär, emma şypahanalarda edilýän hyzmatlar dünýä ölçeglerine laýyk gelerden has uzakda.

Soňky ýyllar “Farap” şypahanasynyň, Baýramalynyň böwrek sanatorisiniň, “Ýyly suw” şypahanasynyň, Arçman şypahanasynyň durky täzelenip, olarda goşmaça binalar hem guruldy. Ozalky binalar bilen deňeşdireniňde, täze gurlan şypahana binalarynda düýpli tapawudyň bardygyna göz ýetirmek mümkin.

Oraz aga soňky ýyllarda hassahanalaryň hyzmatlar üçin tölegleriniň ýokarydygyny, şeýle-de bolsa, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ekologiýa zerarly keselçiligiň artýandygynyň sebäbindenmi, şypahanalara bejergi almaga gelýänleriň hem sanynyň ýyl-ýyldan köpelýänidigini, olaryň köpüsüniň hem ýaşlardygyny belleýär.

Iki ýyl mundan ozal “Ýyly suw” şypahanasynda 80 orunlyk täze bejeriş korpusy guruldy. Häzir ol ýerde ýene-de 200 orunlyk şypahana korpusy gurulýar. “Farap” şypahanasynda 200 orunlyk täze korpus guruldy, “Arçman” şypahanasynda 420 orunlyk täze korpus gurlup, ulanylmaga berildi.

Emma ýylyň islendik paslynda bu şypahanalara baryp, nobatsyz ýerleşäýmek aňsat iş däl. Aýratyn-da, “Arçman” şypahanasynda 3-4 aý öňünden nobata ýazylmaly bolýar. Şeýle nobatlar bolsa näsaglaryň mümkinçiligine görä, islän wagty baryp, bejergi almagyna bökdençlik döredýär.

Şypahana binalarynyň göwnejaýlygyna, olaryň näsaglar üçin enjamlaşdyrylyşynyň, naharhana hyzmatlarynyň oňatlygyna seretmezden, näsaglaryň bejergi almagy üçin şertleriň ähli şypahanalarda deň-derejede gurnalmandygyny aýtmak bilen, Oraz aga “Farap” şypahanasynda hiç bir düzgün-tertibiň ýokdugyny nygtaýar.

“Farap” şypahanasynda

Onuň aýtmagyna görä, “Farap” şypahanasynda nobata ýazylan günüň barsaň hem, kösenmän ýerleşip bolmaýar. Şeýle-de ol bejergi almak üçin otaglaryň, wanna otaglarynyň öňündäki nobatlaryň, şepagat uýalarynyň edýän bidüzgünçilikleriniň şypahana gelenlerde nägilelik döredýändigni aýdýar.

“Ýaşyň ýokarydygyna, ýarawsyzlygyňa seredilip, ýeňillik döredilmeýär, hiç bir tertip-düzgün ýola goýulmaýar, güýç-güýç ýeteniňki, baş çarana bejergi bar, ýogsa-da wagtyňy boş geçirip öýüňe gaýdybermeli. Şypahananyň merkezi binasyndan 700 metr ýaly daşlykda 50 orunlyk myhmanhana jaýy ýerleşýär, şypahanada ýer ýetmeýän näsaglary wagtlaýynça diýip şol myhmanhana ýerleşdirýärler” diýip, Oraz aga aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: “Şeýle näsaglardan hem bejergi üçin tölegler doly alynýar. Olara ýer boşadygy şypahana geçirmegi wada berýärler. Emma soňra olar barada düýbünden unudylýar. Näsaglaryň aglabasy aýak agyryly bolanlygy sebäpli, ol ýerden bejergi almak üçin gatnamaga, naharhana barmaga ýöräp bilmeýäni üçin uzakly gün şypahanadan gaýtman, boş wagtlaryny hem koridorda oturyp geçirýärler. Eýläk- beýläk geçip duran baş lukman bu ýagdaýlary görmezlige salýar. Özüne ýüz tutulan halatynda ol “ýer ýok” diýip jogap berýär”.

Oraz aga ýaşaýan ýeriňden maşgala lukmanynyň düzedip beren şypahana kartasyny hem şypahanada kabul etmeýändiklerini, şypahananyň özünde analizleri tabşyryp, terapewt, newropatolog, diş lukmanynyň gözegçiliginden geçmeli bolýandygyny, şeýle gözegçiligiň goşmaça 30 manada durýandygyny hem gürrüň berýär.

Soňky ýyllar sosial üpjünçilik bölümlerinden, edara-kärhanalardan berilýän ýeňillikli ýollamalar düýbünden diýen ýaly ýatyryldy. Mugt ýollamalaryndan diňe Ikinji jahan urşuna gatnaşanlar peýdalanyp bilýärler. Nebit-gaz konserni, Dokma senagaty ministrligi ýaly käbir ulurak edara-kärhanalar öz işgärlerine ýeňillikli ýollamalar beräýmese, beýleki ownuk-uşak edara-kärhanalarda, oba hojalygyna degişli daýhan birleşiklerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň ýeňillikli ýollamalary ýok diýen ýaly. Daýhan birleşikleriniň kärdeşler arkalaşyklaryna ýüz tutýan daýhanlara 40 manat möçberinde kömek puluny berip bilýärler. Şypahanalarda bolsa bejergi üçin saglyk ätiýaçlyk pasportyň bolan halatynda 280 manat, doly bahasyna bolsa 570 manada çenli pul tölemeli.

Ýeňillikli bejergä zerurlyk

Oraz aganyň aýtmagyna görä, saglyk ätiýaçlyk pasportyň bilen ýeňillikli bejergi almaga bir ýylyň dowamynda islendik bir şypahanada 10 gün bejergä rugsat berilýär. Goşmaça bejergi almak üçin, galan günler üçin doly bahadan tölemeli. Bu bolsa sosial taýdan pes ýaşaýan adamlara geregiçe bejergi almaga mümkinçilik bermeýär.

“Soýuz döwri alymlar tarapyndan ykrar edilen bejerginiň möhleti şypahanalarda 24 güne ýetýärdi” diýip, Oraz aga soňky ýyllar Kawkaz döwletlerinde lukmanlaryň bu möhleti 54 güne çenli uzaldylmalydygy baradaky ylmy açyşlary edendiklerini hem ýatlaýar.

Şypahanalara ýerleşýän näsaglaryň sany juda köp, islendik şypahanalarda ýer-jaý ýetmänden soň, ol ýere barýan näsaglar kireýine jaýlarda ýaşap, gündelik nagt tölegli bejergi almaga çalyşýarlar. Olar hiç bir lukmançylyk gözegçiliginde saklanmaýarlar. Bu bolsa uly nobatlary emele getirýär.

Oraz aga ýurduň çäginde mineral suwly çeşmeleriň sanynyň sanardan köpdügini, emma olaryň köpüsiniň eýeçiliksiz bolmagynda galýandygyny aýdyp, döwlet baştutanynyň ýurtda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça gozgan meselesine eglenmezden girişilse gowy boljakdygyny aýdýar.

“Eýeçiliksiz ýatan çeşmeleriň başynda hem şypahanalar gurulsa, bar bolan şypahanalaryň nobatlary azalyp, ildeşlerimiz geregiçe göwnejaý bejergi almaga mümkinçilik alardylar” diýip, Oraz aga bejergi almagyň ýeňillikli möhletiniň hem uzaldylmagynyň, onuň tölegleriniň sosial taýdan pes adamlar üçin hem elýeter bolmagy barada alada edilmegine, lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň iş ýükleriniň hem kadaly bolmagyna döwlet tarapyndan üns berilmeginiň zerurlygyny nygtady.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.