Berlin diwary: diwarly we diwarsyz ýaşalan ýarym asyr

Şu ýerden Berlin diwary geçipdi.

13-nji awgustda Berlin diwarynyň gurlan gününe 50 ýyl dolýar. Munuň özi Berliniň ilaty üçin bütinleý garaşylmadyk waka bolsa-da, GDR-iň ýolbaşçylarynyň sowet ýolbaşçylary bilen ylalaşan bu gizlin planlary ABŞ-a mälimdi. Ýöne munuň garşysyna hiç hili çäre görmediler, dogrusy, çäre görjegem bolmadylar. Çünki serhediň ýapylmagy okkupasiýanyň sowet we günbatar sektorlarynyň arasyndaky araçäkdäki dartgynly ýagdaýy gowşadýardy. Hakykatdan hem, şol wagt araçäkdäki ýagdaý hemişe jygba-jyglydy. GDR-iň raýatlary, çemini tapdygy, günbatara gaçyp gidýärdiler. Germaniýanyň ilaty 28 ýyllap duran diwaryň gurluşygynyň sene dönümini nähili garşylaýar?

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Berlin diwarynyň gurlan gününe 50 ýyl dolýar



GDR bilen GFR-iň arasyndaky araçägiň ýapylmazynyň öňüsyrasynyň diňe iň soňky gününde gündogar Berlinden günbatara 3,290 adam gaçdy. Şundan soň Berlin diwarynyň gurluşygyna başlanypdy. Ondan bäri indi 50 ýyl geçipdir. 1945-nji ýyldan başlap gündogardan günbatara jemi 3,6 million adam geçdi. Diwaryň gurulmagy Berliniň we GFR-iň raýatlarynyň okkupasiýalaryň arasyndaky zonalarda erkin gezmeginiň soňuna nokat goýdy. Berlin diwarynyň ýyllaryň dowamynda yzygiderli kämilleşdirilendigini-de aýtmak gerek. 1961-nji ýylyň 13-nji awgustyndan köp sanly nemes maşgalalary bölünip, hersi bir tarapda galdy, GDR-iň ilaty bolsa, «sosialistik behişdiň» içinde daşy gulplangy galdy.

Şu günler diwaryň gurluşygynyň başlanmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlanylyp, Germaniýada sergiler, konsertler, leksiýalar geçirilýär, her dürli gezelençler guralýar. Mysal üçin, hatda Şpreýe derýasy boýunça kanoedäki turistik marşrutlary-da bar. Şol marşrutlara professional kürekleýjiler we ekskursowodlar beýemçilik edýärler. Şäheriň çägindäki ozalky on üç sany GBP-leriň (Gözegçilik barlag punktlary) duran ýeriniň hemmesinde, şolaryň arasynda iň meşhury hasaplanylýan Çekpoýntçarlide, şonuň ýaly-da, beýleki ýerlerde, mysal üçin, ýer parlamentiniň we Martin-Gropius-Bauwyň binasynyň ýanynda şu günler ýatlama çäreleri geçirilýär. Olaryň sany ýüzden geçýär. Berlinliler, Berliniň döwlet we jemgyýetçilik guramalary şäheriň taryhyndaky möhüm wakany şunuň ýaly jikme-jigi bilen taýýarlykly belleýärler. Şol diwaryň bölekleriniň saklanyp galynmagy, onuň taryhynyň muzeýlerde beýan edilmegi şol çärelere girýär. Diwaryň taryhyndan bir nyşan hökmünde şäherde — asfaltyň üstünde togalak daş goýuldy.

Berlindäkileriň köpüsi diwar hakynda yzygiderli ýatlanylyp durulmagynyň tarapdary. Bu gussaly senä bagyşlanylyp, şäheriň Fridrihştrasse (bu-da ozalky gözegçilik barlag punkty) wokzalynda açylan «Bölünen wokzal» sergisi hakydalary durlaýan aýdyň mysaldyr. Westibýuldaky we platformalardaky ägirt uly fotosuratlar wokzalyň gaýgyly geçmişinden habar berýär. Bu ýerde ikä bölünen ýurduň we şäheriň raýatlary ýörite rugsat boýunça araçäkden geçýärdi, esasanam, bir tarapa hereket edilýärdi, günbatardakylar öz gündogardaky dogan-garyndaşlarynyňka görme-görşe gelýärdi.

Robert Haweman adyndaky adam hukuklaryny goraýjy jemgyýetiň ýolbaşçysy Olaf Wahsbah serginiň açylyşynda çykyş edeninde şeýle diýdi.

— «Ikä bölünen wokzal», göräýmäge, serginiň ady ýönekeýden sada ýaly. Ýöne şol ýönekeýden sadalygyň aňyrsynda Germaniýany ikä bölmegiň taryhynyň bütinleý manysyzdygyny, bolgusyzdygyny görkezýän aýdyňlyk ýatyr. Özem şol manysyzlyk, bolgusyzlyk öz döwründe biziň şäherimiziň köp sanly raýaty üçin hem, Germaniýanyň günbatar böleginiňem, gündogar böleginiňem köp sanly raýaty üçinem kadaly ýagdaý bolupdy. Emma bu taryhda aslynda hiç hili kadaly ýagdaý ýokdy. Biziň ýurdumyz ikä bölünipdi, 1961-nji ýylyň 13-nji awgustynda GDR-iň kommunistleriniň erk-ygtyry bilen Berlinem diwar bilen bölündi. Şäheriň merkezinde ikä bölünen wokzal hem şu manysyzlygyň, bolgusyzlygyň nyşany boldy, bu ýerde gündogardan gelýän otlular öz ýollaryny tamamlaýardy, bu ýerden günbatara welin bütinleý başga otlular gidýärdi. Günbatarly ýolagçylaram, gündogarly ýolagçylaram şu wokzalyň platformalarynda birbada gabatlaşýardylar, biri-birlerinden birnäçe metr aralykda durýardylar, şonda-da birek-birek bilen duşuşmag-a beýlede dursun, hatda birek-biregiň ýüzlerine gözleri-de düşenokdy. Şeýle ýagdaý geçelgeleriň, germewleriň, gadagan zonalaryň GBP-niň gözegçilik nokatlarynyň ötlem-ötlemlikleri bilen üpjün edilendi.


Wideo: Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlap, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň 2009-njy ýylda taýýarlan ýörite proýektinden bölek.

Hawemanyň jemgyýeti barada, has dogrusy, jemgyýetiň adyny göterýän adamyň özi barada kelam agyz. Robert Haweman halkara derejesinde belli alym himiýaçydy, kommunist, Gitleriň diktaturasy ýyllarynda onuň garşysyna göreşijidi, uruşdan soň GDR-iň düzgüniniň tankytçysydy. Ol GDR-iň oppozision meýilli intelligensiýasy üçin simwoliki şahsyýet bolupdy. Haweman ömrüniň soňky ýyllaryny Gündogar Berliniň we GDR-iň ýolbaşçylarynyň diýdimzorlugy bilen öý tussaglygynda geçirdi. Ol 1982-nji ýylda aradan çykdy. Hawemanyň jemgyýetiniň Berlin diwarynyň gurulmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän sergä we beýleki çärelere gatnaşmagyny Olaf Wahsbah şeýle düşüňdirdi:

— Biz indi 20 ýyl bäri GDR-iň oppozisiýasynyň arhiwini döredýäris we GDR-iň taryhy boýunça takyk materiallary, ilkinji nobatda, oppozisiýanyň we garşylyk görkezijileriň taryhy boýunça dokumentleri ýygnaýarys. Şunuň ýaly sergi biziň arhiw hazynamyzyň belli bir bölegini giň köpçülige görkezmek üçin gowy mümkinçilik boldy.

Sergide bulardan başga-da Fridrihştrasse wokzalynda öz durmuşynda dartgynly pursatlary başdan geçiren adamlaryň beren gürrüňleri esasynda goýlan spektakl hem oýnalýar. Serginiň açylyşynda ýaş aktrisa şeýle spektakldan bir taryhy pursady ýerine ýetirdi:

«Men Halle şäherindäki uniwersitetiň pedagogika we fransuz dili hünäri boýunça studentkasydym. Oturanlaryň arasynda fransuzça gepläp bilýäniňiz barmy?.. Ine, şulam — daşary ýurt dilini uniwersitetiň daşynda ulanmak biziň üçin mesele bolmagynda galýardy. Fransiýa turist hökmünde gitmek (okuwa gitmek hakynda-ha gürrüňem ýok) hatda düýşümize-de girenokdy. Şonuň üçinem men kanikulda, nämüçindir, GDR-e gelen fransuz okuwçylarynyň ýany bilen gidip gazanç edýärdim. Meniň üçin, geljekki fransuz diliniň mugallymy üçin, munuň özi tapylgysyz zatdy. Tutuş günläp fransuzça geplemek! Üstesine-de, munuň üçin töleýärdilerem!»

Şundan soň fransuz okuwçylarynyň GDR-den öz watanlaryna gidilýän ýoldaky pasport barlagynda ofiseriň fransuz familiýalaryny dogry sanamakda kynçylyk çekişi baradaky waka gürrüň berildi. Ofiser atlary nädogry aýdýardy, myhmanlary ugradýan nemes gyzy bolsa ofisere kömek edýärdi, haçanda sanaw gutaranda ofiser nemes gyzyny-da geçelgeden aňryk itekläp goýberipdir. Ol nemes gyzyny-da şu topardandyr öýdüp şeýdipdir. Gyz doňňara daşa öwrülipdir. Ol özi üçin garaşylmadyk ýagdaýda eýýäm bir aýagy bilen günbatarda durdy. Hiç hili päsgelçilik ýokdy. Ýöne gyz beýle peşgeşe taýyn däldi. Çünki gündogar Berlinde onuň ene-atasy, doganlary galypdy. Şonuň üçinem gyz sähel salym oýlanyp, yzyna dolanypdyr-da, ofisere şeýle diýipdir:

«Men fransuz däl, men GDR-li studentka».

Şundan soň ofiser doňňara daşa öwrülipdir. Sebäbi şeýle ýalňyşyň onuň üçin gaty gymmada düşmegi mümkindi.

Spektaklda oýnaýan aktrisa öz taryhy pursadyny şeýle jemledi: «Men bu wakany hiç kime gürrüň bermedim. Diwar ýykylmazdan ozal bu wakany diňe ikimiz — men we şol ofiser bilýärdi». Elbetde, bu waka ýönekeýje. Sebäbi pajygaly ýagdaýlyr, mysal üçin GDR-däki tussag etmeler, serhetden aşmak islän adamlaryň heläk bolmalary ýaly wakalar gaty köp gabat gelipdi. GDR-iň ýolbaşçylary tarapyndan Fridrihştrasse wokzalynyň ýanynda ýörite gurlan, häzirem saklanyp galan pasport barlagy we wiza garaşylýan zala halk köpçüligi «Gözýaşlar köşgi» diýip, ýöne ýere at bermändi. Çünki bu ýerde gündogar Berliniň ilaty görme-görşe gelen hossary bilen hoşlaşýardy.

13-nji awgustda diwaryň gurluşygynyň başlanmagynyň 50 ýyl dönümine bagyşlanylyp, Berlinde esasy ýatlama çäreleri geçirilýär. Şu ýubileý ýyl dönümindäki çäreler Bernauerştrasse köçesinde, ozalky GBP-niň ýerleşen raýonlarynyň birinde, häzirki ähli ýatlama çäreleriniň koordinatory bolan «Berlin diwary» gaznasynyň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Çäre ARD jemgyýetçilik telewideniýesiniň birinji kanaly boýunça alnyp görkezilýär.