Britaniýada bulagaýçylara garşy çäre görülýär

Çarşenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron ýurduň birnäçe şäherinde dört gün dowam eden bulagaýçylyklardan soň, günäkärlere çäre görmek işleriniň ýola goýlandygyny aýtdy.

Ol telewideniýede eden bu çykyşynda indi mundan beýläk bulagaýçylara garşy Britaniýada ulanylmadak käbir çäreleriň, şol sanda güýçli suw pürkmeleriň we rezin oklaryny atýan ýaraglaryň ulanyljakdygyny mälim etdi.

Britaniýanyň dürli şäherlerinde topar-topar adamlaryň dükanlaryň aýnalaryny döwüp, harytlary talap, jaýlarydyr maşynlary ýakyp we polisiýa işgärlerine garşy hüjüm edip amala aşyran bu bulagaýçylyklary Britaniýada soňky onýyllyklaryň dowamynda görlüp-eşidilmedik bir waka boldy.

Häzirki wagta çenli bu bulagaýçylyklarda aýyplanylyp ýüzlerçe adam tussag edildi.