Köppartiýalylyk baradaky kanun kabul edilmese, söz azatlygy bolmasa, saýlawlar adalatly geçirilip bilnermi?

Geçen prezident saýlawlarynda ýurduň ýeke-täk partiýasyndan birnäçe dalaşgär halka hödürlenipdi, 2007-nji ýyl.

Adalatly, azat, erkin saýlawlar demokratiýanyň esasy sütünleriniň biri. Bular jemgyýetde adalatyň we kanunçylygyň berkarar bolmagyna ýardam berýän serişdeler hasaplanýar. Saýlawlar deňhukuklylyk we bäsdeşlik esasynda, kanunlarda kesgitlenen möhletde geçirilip durulmaly.

2007-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda Demokratik partiýanyň birinji sekretary Onjuk Musaýew şeýle diýipdi: “Eziz adamlar, men hiç wagt ýasama hereket etmedim. Şonun üçin baky beýik serdarymyzyň hatyrasyna Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhammedowy prezident saýlalyň. Edil şu wagt sizi saýlamaly bolsa-da, saýlarys” diýipdi. (Ol wagt geljekki prezidentiň familiýasy Berdimuhamedow däl-de, türkmen diliniň içki kadalaryna laýyklykda, Berdimuhammedow diýlip ýazylýardy. Soňra Türkmenistanyň resmi metbugatynda prezidentiň familiýasy üýtgedildi – Red. belligi.)

Şol wagtky Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýew hem, eger-de ýagdaý bolsa, prezident saýlawlaryny hakykatda geçirmän, hamana saýlawlar geçdi diýip, yglan edip biljekdigini nygtapdy: “Bu hakykat. Ýürekden aýdylýar. Ýöne kanun diýýärsiňiz. Dogry, kanuny ýerine ýetirmeli. Ýöne biz bitarap özbaşdak döwlet. Daş-töweregimizdäki döwletler hem seredip otyr. Nähili bolar, nähili geçirerlerkä diýip... Saýlaw geçdi diýip hem biljek, eger-de ýagdaý bolsa. Ýöne daş-töweregimizdäkiler seredip otyrlar-da”.

Şondan soň 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen prezident saýlawlarynda Berdimuhamedowyň saýlawçylaryň sesleriniň 89%-ini alandygy yglan edildi. Emma saýlawlara synçy hökmünde gatnaşan halkara synçylary saýlawlaryň adalatly geçmändigini aýdyp, saýlawçylaryň 98%-niň saýlawlara gatnaşandygy baradaky resmi beýanaty inkär edipdiler.

Bir ädim öňe

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Saýlawlary we Referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýasynyň başlygy çalşyrylyp, bu döwlet edarasyna 1990-njy ýyllardan bäri ýolbaşçylyk edip gelen Myrat Garryýewiň deregine onuň orunbasary bellendi. Onjuk Musaýew bolsa ýurduň syýasy sahnasyndan bireýýäm düşürildi.

Indi, öňki prezidentden tapawutlylykda Berdimuhamedow geçiriljek prezident saýlawlarynyň möhletini yglan etdi. Demokratik prinsiplere esaslanan bu ädim hakykatdan hem Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna düşendigini, prezident saýlawlarynyň-da adalatly, aç-açanlykda geçjekdigini aýňladýarmy ýa-da bu göz üçin edilýärmi?

Türkmenistanyň saýlawlar barada täze kabul eden kanunynda prezident saýlawlarynyň geçiriljek möhletiniň azyndan 6 aý öňünden bellenmelidigi barada maddalar bar.

Ýurtda işleriň belli bir derejede kanuna görä alnyp barylmagyny, elbetde, öňegidişlik diýip bolar. Emma munuň hem obýektiw, hem subýektiw sebäpleri bar.
“Ýurtda işleriň belli bir derejede kanuna görä alnyp barylmagyny, elbetde, öňegidişlik diýip bolar. Emma munuň hem obýektiw, hem subýektiw sebäpleri bar” diýip, synçy we garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew aýdýar. “Halkara basyşlar, umuman, türkmen hökumetini tankytlamalar ýerine düşdi diýse bolýar. Öňki prezidentiň döwründe, entek Soýuz döwründe prezident saýlawlary geçip, şondan soň saýlawlar geçirilmändi”.

Öňegidişligiň hakyky öňegidişlik bolmagy üçin ýurtda zerur bolan şertler barada Ýazgulyýew şeýle diýýär: “Ýurtda mynasyp oppozisiýa bolmasa, halk öz pikirini açykdan-açyk aýdyp bilmese ýa-da prezidentlige özbaşdak kandidatura hödürläp bolmasa, muňa belli bir ýagdaýda öňegidişlik diýip bolmaz. Biziň pikirimizçe, bu basyşlaryň esasynda edilýän zatlar bolmaly”.

Häzir Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy hem žurnalist Ak-Muhammet Welsapar hem Türkmenistanda prezident saýlawlarynyň möhletiniň bellenmeginiň türkmen jemgyýeti üçin bähbitlidigni aýdýar: “Sebäbi önki prezidentiň döwründe şeýle kiçijek formallyklar hem saklanmandy. Indi prezident Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen şu kiçijek demokratik elementler, şol ownujak zatlar saklanylýar. Ýöne welin, şujagaz zatlar bilen halky oňdurjak bolmak, öz göwnüňi hoşlamak, dünýä jemgyýetçiligini aldaýandyryn öýtmek - bu gaty bärden gaýtmak bolýar!”

Köppartiýalylyk

Köppartiýalylyk meselesi hem demokratik prinsipleriň esasy bir bölegi. Bu meselede edilmeli işler barada Ak-Muhammet Welsapar şeýle diýýär: “Indi etmeli zat: şol prezident saýlawlarynyň alternatiw esasda geçmegini gurnamaly. Öňki prezidentlik saýlawlary hakyky gözboýagçylyk boldy. Şonuň üçinem Berdimuhamedowyň halkara arenasyndaky abraýy örän pes derejede”.

Geçen prezident saýlawlarynda ýurduň ýeke-täk partiýasyndan birnäçe dalaşgär halka hödürlenipdi. Indiki saýlawlarda teklip ediljek dalaşgärler barada Ýazgulyýew şeýle diýýär: “Halk aýtsa – galp aýtmaz - diýen bir nakyl bar. Halk bir zady aýtsa, çynam bolýar. “Gyssagara bir partiýa döredilip, şol partiýadan hem bir dalaşgär çykaryljakmyş” diýen gep-gürrüň bar. Ýurt baştutany hem biz köppartiýalylyga garşy däl. Emma emeli partiýa döretmeris. Biz iki sany partiýa döredip, şol partiýa wekilleriniň konstruktiw bäsdeşlik etmeginiň tarapynda diýipdi”.

Häzir köppartiýalylyk baradaky kanunyň kabul edilmegi zerur. Metbugat hakyndaky kanun kabul edilmeli. Ýurtda güýzden gijä galman, söz azatlygy ýola düşüp başlamaly.
Ýazgulyýew geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlarynyň aç-açan we adalatly geçiriljekdigine o diýen ynanmaýar. Munuň sebäbini-de ol şeýle düşündirýär: “Türkmenistanda adalatly saýlawlaryň bolmagy üçin, kän ýollar geçmeli. Iň bolmanda halkyň öz pikirini aýdyp bilmedik ýagdaýynda adalatly saýlawyň geçiriljekdigi barada aýtmak hem adalatly saýlaw sözüniň üstünden gülmek diýip düşünýärin”.

Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi, halkara guramalary bilen gatnaşyklary giňeltmäge isleg bildirip gelýär we muny özüniň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde resmi derejede yglan edýär.

“Prezident saýlawlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi üçin näme etmeli? Elbetde, bu ýagdaý türkmen jemgyýetçiligi üçin möhüm. Türkmen prezidentiniň halkara derejesinde doly ygtyýarly prezident hökmünde kabul edilmegi üçin hem zerur” diýip, Welsapar aýdýar we öz sözüni şeýle dowam edýär: “Onuň üçin häzir köppartiýalylyk baradaky kanunyň kabul edilmegi zerur. Metbugat hakyndaky kanun kabul edilmeli. Ýurtda güýzden gijä galman, söz azatlygy ýola düşüp başlamaly”.

Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärleri teklip etmek saýlawlara 60 gün galanda başlanar we 30 gün galanda togtadylar. Ýurduň Konstitusiýasyna görä, döwletiň prezidenti wezipesine Turkmenistanda doglan, 40 ýaşdan geçen, emma 70 ýaşyna ýetmedik, döwlet dilini bilýän, ýurtda soňky 15 ýylyň dowamynda üznüksiz ýaşaýan, şeýle-de döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda we kärhanalarda işlän raýatlar saýlanyp bilýärler.