Merkezi Aziýa hökümetlerini köp zatda, korrupsiýadan başlap, olaryň demokratiýa o diýen laýyk gelmeýän dolandyryş usullarynda isledigiňçe tankytlap bolar. Emma, belki-de sowet mirasy sebäpli, aglaba musulman ilatly Merkezi Aziýa sebitinde aýallar syýasata, biznese we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryna işjeň gatnaşýar.
Muny biziň Merkezi Aziýanyň iň täsirli 10 aýaly hökmünde saýlap alan we aşakda gürrüňini etjek zenanlarmyzyň mysalyndan hem görse bolýar, olaryň käsi ýokary derejä diňe öz gujur-gaýraty bilen göterilen bolsa, beýlekileri maşgala gatnaşyklary esasynda ýokary çykdy.
Roza Otunbaýewa 2010-njy ýylyň aprelinde, prezident Kurmanbek Bakiýew halk gozgalaňy netijesinde häkimiýetden gyrakladylandan soň, geçiş prezidenti hökmünde hereket meýdanyna geldi. Şondan soň ol ýurdy gowgaly üç aýyň içinden, şol sanda gyrakladylan prezidentiň dogduk mekanynda turan ganly etniki zorlukdan alyp çykdy. Şeýle-de ol, 3-nji iýulda 2011-nji ýylyň dekabrynda soňlanýan bir möhletli prezidentlige kasam kabul etmezinden öň, Gyrgyzystanyň wagtlaýyn ýolbaşçylarynyň aýgytly referendumyny geçirdi we prezidentiň ygtyýarlyklaryny azaldan konstitusiýa düzedişlerini girizdi. Moskwada okan öňki diplomat Merkezi Aziýanyň ilkinji aýal prezidentidir. Ol iki çaganyň ejesi we 2005-nji ýylda sebitiň umyt maýagy bolan Çigildem rewolýusiýasynda uly rol oýnan adam. Ol Gyrgyzystanyň Britaniýadaky we Birleşen Ştatlardaky ilçisi bolup işledi, daşary işler ministri boldy.
Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ikinji gyzy Dinara Kulibaýewa “Forbes” žurnalynyň millarderler sanawyna giren ýeke-täk merkezi aziýaly aýaldyr, onuň 1,3 milliard dollarlyk baýlygynyň bardygy aýdylýar. Ol Gazagystanda baýlygynyň derejsi boýunça dördünji adam hasaplanýar. “Forbes” Kulibaýewanyň baýlyk çeşmesiniň bank işleri bolandygyny, onuň “HalykBanka” paýdarlygy barada maglumat bardygyny ýazýar. Ýöne onuň biznes işleri barada jemgyýetçilige belli zat az. Ol “Samruk-Kazynanyň” başlygy Timur Kulibaýewiň aýaly. “Samruk-Kazyna” döwlet emlägi bolup, gazak ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryna, şol sanda energiýa, altyna we uran pudagyna kontrolluk edýär. Moskwanyň Teatr sungaty institutyny tamamlan Kulibaýewa prezidentiň Magaryf fonduna ýolbaşçylyk edýär. Bu fond, başga işleriň arasynda, pukara maşgalalardan çykan studentlere maliýe kömegini hem berýär.
Özbek parlamentiniň Kanunçylyk we sud meseleleri komitetiniň başlygy Swetlana Ortikowa hünäri boýunça ýurist, ozal beýleki birnäçe uly wezipelerinden başga, Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň uly prokrurory, maglumat we aragatnyşyk bölüminiň başlygy bolup işlän. Ol Daşkentde halkara mediasyna interwýu berip bilýän az sanly ýokary derejeli resmileriň biridir. Ortikowa, aýdylmagyna görä, howpsuzlyk, gümrük we salgyt gulluklarynyň resmilerini bir ýere jemleýän “silowiki” toparyna degişli. Bu topar syýasatda belli bir täsire eýe hasaplanýar.
Akja Nurberdiýewa 2007-nji ýylyň fewralynda parlamentiň başlygy bolaly bäri özüniň izolýasiýadaky gaza baý ýurduny dünýä açmak ugrunda hereket edip başlady, şol sanda türkmen deputatlarynyň Ýewropa Bileleşigine alyş-çalyş saparlaryny hem gurnady. Nurberdiýewa häzirki ýolbaşçylyk işine komsomoldan, kommunistleriň ýaşlar guramasyndan we birnäçe hökümet wezipelerinden geçip geldi. Nurberdiýewany tanaýanlar onuň Türkmenistanda ýokary wezipe eýeleýänleriň arasynda özgerişligiň zerurdygyna düşünýän az sanly adamlaryň biridigini, ýöne režime wepalylyk zerarly hereket etmek mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar.
Özbek prezidentiniň körpe gyzy Lola Karimowa-Tyllaýewa Özbegistandaky esasy bazarlaryň birnäçesine, şol sanda günde azyndan 250 müň dollar dolanyşygy bolan “Abu Şahiý Nur” bazaryny öz içine alýan biznes imperiýasyna kontrolluk edýär. Ol häzir Daşkendiň ÝUNESKO-daky ilçisi bolup işleýär. Karimowa-Tyllaýewa kakasyna öz aýal dogany Gülnaradan has golaý diýen gürrüňler bar. Ygrarly gyz öz atasyna “diktator” diýen fransuz neşirini suda berdi, ýöne üstünlik gazanmady.
Oksfordda bilim alan we Londonda ýaşaýan Goga Aşkenazi öz üstünligini janypkeşlikli zähmet we gerek wagty gerek ýerinde bolmak bilen düşündirýär. Ol “MunaýGaz inženerçilik topary” atly hususy gazak nebit-gaz kompaniýasyny esaslandyryjy we onuň baş direktory, Gazagystana maýa ýatyrmak işleri bilen meşgul “MMG Global Konsultasiýa” toparynyň direktorydyr. Aşkenazi geçen ýyl beren bir interwýusynda soňky döwürde Gazagystanda altyn gazyp almak bilen hem meşgullanyp başlandygyny aýtdy. Ol öz ilkinji biznes ylalaşyklaryny 2003-nji ýylda Gazagystanda, uly döwlet işlerinde işleýän adamlar bilen maşgala gatnaşyklaryny ulanmak arkaly baglaşandygyny aýdýar. Aşkenazi näçe baýlygynyň bardygyny jemgyýetçilige hiç wagt açyk aýtmady. Onuň gazak prezidentiniň giýewisi we gujurly biznesmen Timur Kulibaýew bilen ýakyn gatnaşyklardan bir oglunyň bardygy aýdylýar. Şeýle-de ol, şazada Endreýu bilen dostlukly gatnaşyklary netijesinde, britan sosial sahnasy bilenem ysnyşykly ýaşaýar.
Özbek prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa telekeçilige, zergärçilige, moda we saza yhlasy bilen tanalýar. Häzir ol Özbegistanyň Ispaniýadaky ilçisi we BMG-däki we Ženewadaky beýleki halkara guramalaryndaky hemişelik wekili bolup işleýär. Karimowa ozallar kakasynyň mümkin bolan mirasdüşeri hasaplanýardy. Şeýle-de ol Şwesiýada ýerleşýän “Zeromaks” kompaniýasy bilen ilteşikli hasaplanýar. Bu kompaniýanyň Özbegistanda energiýa, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda işläp, 2010-njy ýylda emläkleri tutulyp alynýança ýurduň iň uly hususy iş berijisi bolandygyny aýdylýar. Ýöne Gülnara bu kompaniýa bilen gatnaşygynyň bolandygyny hiç wagt açyk aýtmady.
Täjik prezidentiniň gyzy Tahmina Rahmonowanyň biznes imperiýasy, aýdylmagyna görä, söwda merkezlerini, restoranlary we ýaşaýyş jaý biznesini öz içine alýar. Ýöne goňşy Özbegistanyň prezidentiniň gyzlaryndan tapawutlylykda, Tahmina il gözüne kän düşmeýär we jemgyýetçilik ýerlerinde seýrek görünýär. Onda Karimowyň gyzlarynyňky ýaly internet sahypalary ýok, ýa ol sahawatlylyk agşamlaryna-da gatnaşmaýar, interwýu hem bermeýär. Rahmonowanyň tankytçylary, şol sanda bas.tj internet saýty täjik biznesmenleriniň prezidentiň gyzyndan howatyr edýändiklerini, sebäbi onuň ýola düşen biznesleri ýa göze gelüwli ýerleri özüne alaýmasy bar diýip eşidýändiklerini aýdýarlar.
Daşkentdäki hökümet režimiň çekinmezek tankytçysy Mutabar Tojiboýewadan uzak wagt bäri biynjalyk bolup gelýär. Ol hökümet guramalaryny masgaralamakda aýyplanyp, tussag hem edildi. Emma bu jeza ony sem etmekden ejiz geldi. Ol Ženewada adam hukuklaryny goraýjylaryň Martin Ennals baýragy bilen, Waşingtonda bolsa halkara Batyrgaý aýallar baýragy bilen sylaglandy. Amerikan diplomatlarynyň “Wikileaks” tarapyndan çap edilen telegrammalarynda aýdylmagyna görä, özbek prezidenti Yslam Karimow Birleşen Ştatlaryň Tojiboýewany sylaglamak kararyndan nägileligini beýan edipdir. Diplomat telegrammasynda aýdylmagyna görä, Karimow Tojiboýewanyň özboluşly bir syýasy şahsyýet hökmünde öz garşysyna çykarylmak ähtimallygyndan aýratyn alada edýän ýaly görnüpdir.
Prezident Rahmon özüniň Jorjtaun uniwersitetinde bilim alan gyzy Ozodany 2009-njy ýylda daşary işler ministriniň orunbasarlygyna belledi. Emma onuň ýurt ýolbaşçysy bilen maşgala gatnaşygy sebäpli ministrden has kän ygtyýarlyga eýedigi hakynda gürrüň edilýär. Dokuz doganyň biri bolan Ozoda prezidentiň çagalarynyň arasynda jemgyýetçilik wezipesine bellenen ýeke-täk adam. Ol maliýe ministriniň orunbasary Jamolliddin Nuraliýewiň aýaly. Nuraliýew Täjigistanyň ýeke-täk tölegli ýoluna kontrolluk edýän kompaniýa dahyllydygyny ret edýär.

Roza Otunbaýewa: Gyrgyzystanyň prezidenti

Dinara Kulibaýewa: gazak prezidentiniň ikinji gyzy
Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ikinji gyzy Dinara Kulibaýewa “Forbes” žurnalynyň millarderler sanawyna giren ýeke-täk merkezi aziýaly aýaldyr, onuň 1,3 milliard dollarlyk baýlygynyň bardygy aýdylýar. Ol Gazagystanda baýlygynyň derejsi boýunça dördünji adam hasaplanýar. “Forbes” Kulibaýewanyň baýlyk çeşmesiniň bank işleri bolandygyny, onuň “HalykBanka” paýdarlygy barada maglumat bardygyny ýazýar. Ýöne onuň biznes işleri barada jemgyýetçilige belli zat az. Ol “Samruk-Kazynanyň” başlygy Timur Kulibaýewiň aýaly. “Samruk-Kazyna” döwlet emlägi bolup, gazak ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryna, şol sanda energiýa, altyna we uran pudagyna kontrolluk edýär. Moskwanyň Teatr sungaty institutyny tamamlan Kulibaýewa prezidentiň Magaryf fonduna ýolbaşçylyk edýär. Bu fond, başga işleriň arasynda, pukara maşgalalardan çykan studentlere maliýe kömegini hem berýär.
Swetlana Ortikowa: özbek parlamentiniň kanunçylyk we sud meseleleri komitetiniň başlygy
Özbek parlamentiniň Kanunçylyk we sud meseleleri komitetiniň başlygy Swetlana Ortikowa hünäri boýunça ýurist, ozal beýleki birnäçe uly wezipelerinden başga, Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň uly prokrurory, maglumat we aragatnyşyk bölüminiň başlygy bolup işlän. Ol Daşkentde halkara mediasyna interwýu berip bilýän az sanly ýokary derejeli resmileriň biridir. Ortikowa, aýdylmagyna görä, howpsuzlyk, gümrük we salgyt gulluklarynyň resmilerini bir ýere jemleýän “silowiki” toparyna degişli. Bu topar syýasatda belli bir täsire eýe hasaplanýar.
Akja Nurberdiýewa: Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy
Akja Nurberdiýewa 2007-nji ýylyň fewralynda parlamentiň başlygy bolaly bäri özüniň izolýasiýadaky gaza baý ýurduny dünýä açmak ugrunda hereket edip başlady, şol sanda türkmen deputatlarynyň Ýewropa Bileleşigine alyş-çalyş saparlaryny hem gurnady. Nurberdiýewa häzirki ýolbaşçylyk işine komsomoldan, kommunistleriň ýaşlar guramasyndan we birnäçe hökümet wezipelerinden geçip geldi. Nurberdiýewany tanaýanlar onuň Türkmenistanda ýokary wezipe eýeleýänleriň arasynda özgerişligiň zerurdygyna düşünýän az sanly adamlaryň biridigini, ýöne režime wepalylyk zerarly hereket etmek mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar.
Lola Karimowa: prezidentiň gyzy, ÝUNESKO-daky özbek ilçisi
Özbek prezidentiniň körpe gyzy Lola Karimowa-Tyllaýewa Özbegistandaky esasy bazarlaryň birnäçesine, şol sanda günde azyndan 250 müň dollar dolanyşygy bolan “Abu Şahiý Nur” bazaryny öz içine alýan biznes imperiýasyna kontrolluk edýär. Ol häzir Daşkendiň ÝUNESKO-daky ilçisi bolup işleýär. Karimowa-Tyllaýewa kakasyna öz aýal dogany Gülnaradan has golaý diýen gürrüňler bar. Ygrarly gyz öz atasyna “diktator” diýen fransuz neşirini suda berdi, ýöne üstünlik gazanmady.
Göwher “Goga” Aşkenazi: Londonda ýaşaýan gazak oligarhy
Oksfordda bilim alan we Londonda ýaşaýan Goga Aşkenazi öz üstünligini janypkeşlikli zähmet we gerek wagty gerek ýerinde bolmak bilen düşündirýär. Ol “MunaýGaz inženerçilik topary” atly hususy gazak nebit-gaz kompaniýasyny esaslandyryjy we onuň baş direktory, Gazagystana maýa ýatyrmak işleri bilen meşgul “MMG Global Konsultasiýa” toparynyň direktorydyr. Aşkenazi geçen ýyl beren bir interwýusynda soňky döwürde Gazagystanda altyn gazyp almak bilen hem meşgullanyp başlandygyny aýtdy. Ol öz ilkinji biznes ylalaşyklaryny 2003-nji ýylda Gazagystanda, uly döwlet işlerinde işleýän adamlar bilen maşgala gatnaşyklaryny ulanmak arkaly baglaşandygyny aýdýar. Aşkenazi näçe baýlygynyň bardygyny jemgyýetçilige hiç wagt açyk aýtmady. Onuň gazak prezidentiniň giýewisi we gujurly biznesmen Timur Kulibaýew bilen ýakyn gatnaşyklardan bir oglunyň bardygy aýdylýar. Şeýle-de ol, şazada Endreýu bilen dostlukly gatnaşyklary netijesinde, britan sosial sahnasy bilenem ysnyşykly ýaşaýar.
Gülnara Karimowa: özbek diplomaty, prezidentiň gyzy
Özbek prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa telekeçilige, zergärçilige, moda we saza yhlasy bilen tanalýar. Häzir ol Özbegistanyň Ispaniýadaky ilçisi we BMG-däki we Ženewadaky beýleki halkara guramalaryndaky hemişelik wekili bolup işleýär. Karimowa ozallar kakasynyň mümkin bolan mirasdüşeri hasaplanýardy. Şeýle-de ol Şwesiýada ýerleşýän “Zeromaks” kompaniýasy bilen ilteşikli hasaplanýar. Bu kompaniýanyň Özbegistanda energiýa, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda işläp, 2010-njy ýylda emläkleri tutulyp alynýança ýurduň iň uly hususy iş berijisi bolandygyny aýdylýar. Ýöne Gülnara bu kompaniýa bilen gatnaşygynyň bolandygyny hiç wagt açyk aýtmady.
Tahmina Rahmonowa: täjik telekeçisi, prezidentiň gyzy
Täjik prezidentiniň gyzy Tahmina Rahmonowanyň biznes imperiýasy, aýdylmagyna görä, söwda merkezlerini, restoranlary we ýaşaýyş jaý biznesini öz içine alýar. Ýöne goňşy Özbegistanyň prezidentiniň gyzlaryndan tapawutlylykda, Tahmina il gözüne kän düşmeýär we jemgyýetçilik ýerlerinde seýrek görünýär. Onda Karimowyň gyzlarynyňky ýaly internet sahypalary ýok, ýa ol sahawatlylyk agşamlaryna-da gatnaşmaýar, interwýu hem bermeýär. Rahmonowanyň tankytçylary, şol sanda bas.tj internet saýty täjik biznesmenleriniň prezidentiň gyzyndan howatyr edýändiklerini, sebäbi onuň ýola düşen biznesleri ýa göze gelüwli ýerleri özüne alaýmasy bar diýip eşidýändiklerini aýdýarlar.
Mutabar Tojiboýewa: özbek adam hukuklary aktiwisti
Daşkentdäki hökümet režimiň çekinmezek tankytçysy Mutabar Tojiboýewadan uzak wagt bäri biynjalyk bolup gelýär. Ol hökümet guramalaryny masgaralamakda aýyplanyp, tussag hem edildi. Emma bu jeza ony sem etmekden ejiz geldi. Ol Ženewada adam hukuklaryny goraýjylaryň Martin Ennals baýragy bilen, Waşingtonda bolsa halkara Batyrgaý aýallar baýragy bilen sylaglandy. Amerikan diplomatlarynyň “Wikileaks” tarapyndan çap edilen telegrammalarynda aýdylmagyna görä, özbek prezidenti Yslam Karimow Birleşen Ştatlaryň Tojiboýewany sylaglamak kararyndan nägileligini beýan edipdir. Diplomat telegrammasynda aýdylmagyna görä, Karimow Tojiboýewanyň özboluşly bir syýasy şahsyýet hökmünde öz garşysyna çykarylmak ähtimallygyndan aýratyn alada edýän ýaly görnüpdir.
Ozoda Rahmonowa: Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, prezidentiň gyzy