Korrupsiýa garşy göreşde medianyň orny

Döwletiň doly gözegçiligindäki türkmen habar serişdeleri islendik meseläni, tä ýurt ýolbaşçysy agzaýança, gozgamaga ukypsyz bolup çykýarlar.

Türkmen ýolbaşçylary korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş alnyp baryljagyny yglan etdiler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, zerur bolsa, has berk çäreleri görmäge-de taýýardygyny mälim etdi. Ol, hususan-da, maliýe polisiýasy ýaly yörite gullugy döretmek çäresini agzady.

29-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda korrupsiýa meselesine giňişleýin garalyp, ýene-de Merkezi bankyň ýokary wezipeli işgärleriniň parahorluga baş goşmagy bilen bagly derňewler temasy gozgaldy. Korrupsiýa bilen bagly şol waka milli derejede şöhlelendirilipdi we bu habar ýerli habar serişdelerinde giňişleýin habar berlipdi.

Korrupsiýanyň, parahorlugyň üstüni açmakda we meselä jemgyýetiň ünsüni çekmekde maglumatlaryň açyklygy we elýeterliligi esasy rol oýnaýar.

Soňky ýyllarda reformalar syýasaty yglan edilip gelinýän Türkmenistanda korrupsiýa problemasyna milli derejede mundan ozal 2009-njy ýylda üns berlipdi. Şonda Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda we medisina ulgamynda parahorlugyň üstüniň açylmagy bilen bagly wakalara döwlet derejesinde garalypdy. Şonda parahorluk bilen bagly ol wakalar milli habar serişdelerinde-de öz beýanyny tapypdy.

Dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň derejesine baha berýän halkara guramalarynyň biri bolan “Transparency International” guramasynyň hasabatlarynda dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda parahorluk bilen bagly wakalaryň milli metbugatyň sahypalaryna düşen şol sanlyja wakalar bilen çäklenmeýänligi düşnükli.

Medianyň ukypsyzlygy

Şol bir wagtyň özünde-de korrupsiýa, parahorluga garşy göreşmekde, şeýle wakalaryň üstüni açmakda erkin habar serişdeleriniň uly hyzmaty bar. Bu pikir bilen Azatlyk Radiosynyň öz internet sahypasynda geçirýän pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 50%-i ylalaşýar. Hukuk goraýjy işgärleriň sanynyň artdyrylmagyny goldaýanlar bolsa 3%-e hem ýetenok. Pikir soralyşykdaky bu netijeler 4-nji awgusta degişli.

Emma döwletiň doly gözegçiligindäki türkmen habar serişdeleri islendik meseläni, tä ýurt ýolbaşçysy agzaýança, gozgamaga ukypsyz bolup çykýarlar.

Moskwada ýaşaýan türkmen žurnalisti we ýuristi Batyr Muhammedow türkmen habar serişdeleriniň ygtyýarsyzlygynyň soňky ýyllarda öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetenligini aýdýar: “Agitasiýa işini alyp barýan şu günki neşirler köpçülikleýin habar serişdeleriniň 20 ýyl mundan öňki derejesinde-de habar bermek wezipesini ýerine ýetirip bilenoklar. Netijede häzirki türkmen mediasynyň totalitar sowet sistemasynyň golastyndaky derejesinden-de has pese gaçanlygyny açyk aýtmaly”.

Muhammedowyň pikirine görä, türkmen mediasynyň jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda rol oýnap başlamagy üçin onuň hiç bolmanda metbugat çäkliligi bilen tapawutlanan sowet döwründäki derejede hereket edip başlamagyna ygtyýar berilmeli. Metbugat baradaky milli kanun kabul edilmeli.

Edilýän resmi talap

Türkmenistanyň habar serişdeleriniň işinden ýurduň ýolbaşçylary hem nägile. Bir tarapdan, türkmen mediasyndan halky gyzyklandyraýjak maglumatlaryň berilmegi talap edilýär. Başga bir tarapdan bolsa, ýurduň içinde we daşynda bolup geçýän we köpçüligi gyzyklandyrýan wakalar, alada döredýän problemalar barada onsuzam dil ýarmaýan türkmen habar serişdelerinden ýurt baştutanynyň ýöredýän syýasaty barada öňküdenem has pozitiw maglumat bermek talap edilýär.

Şu günki gün reformalar syýasatyny yglan edýän Berdimuhamedow medianyň öňünde şeýle wezipeleri goýdy: “Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk baýramynyň dabaralaryny giňden we täsirli beýan etmek üçin dünýädäki iň öňdebaryjy tejribeleri we tehnologiýalary ulanmaly. Watanymyzyň ykdysadyýetinde we medeniýetinde gazanylýan üstünlikleri gazet-žurnallarda berilýän makalalarda giňden beýan etmeli”.

Şatlykly-şagalaňly dabaralar türkmen habar serişdelerinde berilýän maglumatlaryň uly bölegini emele getirýär. Şeýle çäreler mundan beýläk ýene köpeljege meňzeýär. Şu ýagdaýda türkmen döwlet mediasynda halky gyzyklandyrýan habarlaryň, il-günüň problemalaryna ünsi çekýän maglumatlaryň bu golaýda beriljegine köpler ynananmaýar.