Orsýet "Rosneft" kompaniýasynyň hem hususylaşdyryljagyny aýdýar

Orsýet hususylaşdyrma planyny 2017-nji ýyla uzaldýandygyny we “Rosneft” ýaly äpet nebit läheňi bolan kompaniýalaryň hem doly hususylaşdyryljagyny yglan etdi.

Premýer-ministriň birinji orunbasary Igor Şuwalowyň edarasy habar gulluklaryna täze plana “Rosneftden” başga göwher läheňi “Alrosa” we “Aeroflot” ýaly kompaniýalaryň hem girýändigini, döwletiň bu kompaniýalardaky paýyndan el çekjegini aýtdy.