Resmileriň wezipelerinden çetleşdirilmeginiň sebäpleri barada halk köpçüligine näme üçin aýdylanok?

Prezident Berdimuhamedow öz işe bellän çinowniklerini edil Nyýazow ýaly telewizorda masgaralap durmasa-da, olary tiz-tizden çalyşýar we berk käýinç hem duýduryş berýär.

Sişenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirdi. Maslahatda şu ýylyň 7 aýynyň dowamynda ýurduň harby we hukuk tertibini goraýjy guramalarynda edilen işleriň jemi we kadrlar meselesine seredildi.

Prezident birnäçe çinownikleri wezipesinden boşatdy. Emma maslahatda olaryň nähili sebäplere görä wezipeden boşadylandygy barada hiç zat aýdylmady.

Podpolkownik Meretgeldi Berdiýew Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Podpolkownik Jepbar Akyýew hem goranmak ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylyp, şol ministrligiň Graždan goranyş we halas ediş işleri boýunça baş edarasynyň başlygy wezipesine bellendi. Şeýle-de Harby institutyň rektory, maýor Ýusup Muhammetgulyýew, Milli howpsuzlyk institutynyň rektory Annamuhammet Hanow wezipelerinden boşadyldylar.

Resmileriň wezipesinden çetleşdirilmeginiň sebäpleri barada hiç zat aýdylmady. Ýokary wezipeli işgärleri wezipesinden boşatmak, emma onuň işden boşadymagynyň anyk sebäplerini halk köpçüligine düşündirmezlik öňki perzidentiň döwründen bäri dowam edip gelýär.

Türkmenistanda köplenç emeldarlar işden boşadylanda onuň diňe bir sebäp bilen, ýagny öz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin boşadylandygy yglan edilýär. Emma boşadylmagyň aňyrsynda ýolbaşçynyň sistema sygdyrylmandygy ýa-da beýleki sebäpleriň bolmagy mümkin diýip, Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow aýdýar.

“Beýle ýagdaýlary aýan etmek ýapyk hem totalitar sistema uçin kabul ederlikli däl. Şonun üçin sistema anyk bolmadyk formulirowka bilen adamy işden çykarýar. Ýurtda kadrlar çalşygy geçirilende-de şeýle nogsanlara ýol berilýär” diýip, Nurmämmedow belleýär.

Köne tejribe

Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň 2-nji sekretary bolup işlän, Türkmenistanyň öňki suw-hojalygy ministri Aleksandr Dodonow hem bu tejribäniň Sowet-partiýa sistemasyndan bäri dowam edip gelýändigini aýdýar: “Ýokary wezipeli emeldarlary, sebäplerini halk köpçüligine düşündirmezden, wezipesinden boşatmak, bu öňden dowam edip gelýän tejribe. Sowet sistemasy totalitar režime esaslanýar. Öňden emeldarlaryň eden işleri we goýberen kemçilikleri barada halk köpçüliginiň bilmegi hökman däl diýlip hasaplanýardy. Işden boşadylan emeldarlar aradan biraz wagt geçip-geçmän, başga jogapkär wezipelere bellenýärdi. Nyýazow söwet döwrüniň terbiýesini alan adam. Häzirki prezident hem onuň tejribesini dowam etdirýär”.

Soňra Dodonow şeýle diýýär: “Eger-de beýle wakalar doly halk köpçüligine ýetirilse, il arasynda dürli sowallar ýüze çykýar. Sowallara jogap berip, düşündirmäge synanyşandan ony aýtmazlyk iň oňaýly wariant”.

“Emeldary, sebäbini düşündirmezden, wezipesinden boşatmak – bu onuň özi barada anyk informasiýa berilmek hukukygynyň bozulmagydyr” diýip, graždan aktiwisti Nurberdi Nurmammedow aýdýar. Ol soňra-da: “Munuň netijesinde adamyň özi barada ýaýradylýan informasiýanyň obýektiw bolmagyna bar bolan hukugy bozulýar. Jemgyýet hem açyk we dogruçyl maglumaty alyp bilmän, döwlet işlerinden çetleşdirilýär. Halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolmalydygy baradaky norma, Konstitusiýada ýazylan ähmiýetsiz söze öwrülýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Prezident Berdimuhamedow öz işe bellän çinowniklerini edil Nyýazow ýaly telewizorda masgaralap durmasa-da, olary tiz-tizden çalyşýar we berk käýinç hem duýduryş berýär. Onuň häkimiýet başyna geçeli bäri çalşyran resmileriniň we beren käýinçleriniň, duýduryşlarynyň sany, onuň öz işe bellän kadrlaryndan kanagatlanmaýandygyny görkezýär. Bu prezidentin işe bellän adamlarynyň işe ukypsyzlygy, olarda ýeterlik bilim-tejribäniň ýokdugy bilen bagly bolmagy mümkin diýip, synçylar belleýärler.