Berdimuhamedow BMG-niň wekilini kabul etdi

Aşgabadyň “Oguzhan” köşkler toplumynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş maslahat beriş edarasy derejesine eýe bolan Halkara informatizasiýa akademiýasynyň wise-prezidenti Alekseý Tihomirow bilen gepleşik geçirdi.

Duşenbe güni geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.