Çarşenbe güni Hytaýyň Ningbo şäherinde küşt oýny boýunça tamamlanan dünýä ýaryşynda Ermenistanyň ýygyndy komandasy birinji orna eýe boldy.
12 gün dowam eden bu küşt ýaryşynda Hytaýyň komandasy ikinji orny, Ukrainanyň komandasy bolsa üçünji orny eýeledi.
Bu üç komandadan soň, utuşlaryň görkezijileri boýunça ilkinji onluga Orsýetiň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Birleşen Ştatlaryň, Müsüriň, Ysraýylyň we Wengriýanyň komandalary girdiler.
Ýaryşyň çempony bolan Ermenistanyň komandasy tutuş ýaryşyň dowamynda bäş gezek utuş gazanyp, dört oýny hem deňme-deň tamamlady.