Gizlin muzeýdäki "Dädem Gorkut"

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Watikandan tapylan golýazmalar Bakuwa getirildi


Azerbaýjanyň Golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Farid Alakberli golýazmalaryň köpüsiniň arap we pars dillerindedigini aýtdy.

Ýakynda Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň ýaýradan maglumatyna görä, maý aýynda Watikanyň gizlin Golýazmalar arhiwinden orta asyrlara degişli 60-a golaý golýazmanyň CD geçirilen nusgasy Azerbaýjana getirilipdir we ol Bakuwdaky Golýazmalar institutyna berlipdir.

Azerbaýjan alymlarynyň aýtmagyna görä, olaryň arasynda Nyzamynyň, Fizulynyň, Nesiminiň, Maragaýyň, Nasreddin Tusynyň we beýleki şahyrlaryň hem alymlaryň köpçülige mälim bolmadyk golýazmalary bar. Şol gymmatly golýazmalaryň arasynda "Dädem Gorkut" kitabynyň nusgasy hem bar.

Golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Farid Alakberli golýazmalaryň köpüsiniň arap we pars dillerindedigini, ýöne Nesiminiň goşgularynyň ençemesiniň hem-de "Kitaby dädem Gorkudyň" türki dildedigini aýdyp, munuň ummasyz gymmatly nusgalardygyny nygtaýar.

"Kitaby dädem Gorkudyň" Watikan nusgasy köp wagtdan bäri alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdi. Bu barada edebiýatçy, garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bilen Hudaýberdi Hally gürrüňdeş boldy.

H. Hally: Döwletmyrat, azerbaýjanly alymlaryň aýtmagyna görä, olara Watikan muzeýinden 60-a golaý golýazmanyň nusgasyny almak başardypdyr. Ol golýazmalar barada doly gürrüň açmaga bizde mümkinçiligem, häzirlikçe ýeterlik maglumatam ýok. Şonuň üçin özümize iňňän gymmatly bolan "Kitaby dädem Gorkut" barada gürleşmek isledim. Ozaly bilen "Kitaby dädem Gorkudyň" öwrenilişi barada durup geçsek, gowy bolardy.

D. Ýazgulyýew: "Kitaby dädem Gorkut" türki halklarynyň ajaýyp edebi mirasy. "Dädem Gorkut" bizde geçen asyryň 90-njy ýyllarynda giňişleýin işlenip başlandy. Ýöne Garaşsyzlyk ýyllarymyzda, 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda ol eýýäm syýasatyň obýektine öwrüldi. Şonuň üçinem ol ylmy esasda öwrenilse-de, onuň "Gorkut ata" ady bilen syýasy şygaryň çäginde öwrenilendigini aýtmak gerek.

H. Hally: Hakykatyň hatyrasyna bir zady ýatlap geçsek gowy bolar. Baryp 50-nji ýylda Mäti Kösäýew tarapyndan "Dädem Gorkudyň" has ýeňilleşdirilen teksti taýýarlanyp, ol "Gorkut Ata" ady bilen kitap bolup çykmalydy. Ol şol döwürde gadagançylyga düşüp, soňra 1990-njy ýylda çap boldy. Esasanam 90-njy ýyllaryň başlarynda Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Dil we Edebiýat institutynyň iki ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktorlary A.Annanurow bilen Guzuçyýew "Kitaby dedem Gorkudyň" tankydy tekstini taýýarladylar, şol hem özbaşdak kitap bolup çykypdy. Aýtjak bolýanym, halk köpçüliginiň elinde okamaga "Dädem Gorkut" kitaby bardy.

D. Ýazgulyýew: Bu aýdanlaryňyza goşulmak gerek. Men käbir derejede üstünem ýetireýin. Rus we sowet alymlary W.W. Bartold, Ý.E. Bertels dagy baryp 20-nji asyryň başlarynda "Dädem Gorkut" babatynda uly işler edipdiler. Siziň aýdyşyňyz ýaly, Türkmenistanda-da soňky ýyllarda belli bir derejede "Dädem Gorkudyň" bagty açyldy. 1999-njy ýylda hut S.Nyýazowyň tagallasy bilen "Gorkut ata" eposynyň 1500 ýyllygy" diýlen halkara konferensiýa geçirildi. Ol ýerde edilen dokladlar şol ýylyň sentýabr aýynda "Gorkut ata. 1500 ýyllygy" ady bilen ýörite kitap edip çykaryldy.

H. Hally: Şol konferensiýada "Dädem Gorkudyň" haýsy nusgasy esas edilip alnypdy?

D. Ýazgulyýew: Umuman, "Dädem Gorkudyň" Drezden muzeýinde saklanýan nusgasy esas edilip alnypdy. Ýöne "Dädem Gorkudyň" Watikan nusgasynyň hem bardygy aýdylýardy. Ol halk köpçüligine bolmasa-da, ylmy jemgyýetçilige tanyşdy. Men 90-njy ýyllaryň studenti, şol döwürde bize uniwersitetde halk döredijiliginden sapak geçenlerinde, "Dädem Gorkudyň" Watikan nusgasy barada-da aýdýardylar, onuň alty şahasynyň bardygyny belleýärdiler.

Watikanyň gizlin Golýazmalar arhiwinden orta asyrlara degişli 60-a golaý golýazmanyň CD geçirilen nusgasy Azerbaýjana getirildi.
H. Hally: Eýsem, "Dädem Gorkudyň" nusgalary nädip, Drezden ýa-da Watikan muzeýlerine düşýär?

D. Ýazgulyýew: Şu barada birnäçe çaklama bar. Türkmen alymlaryndan, Mäti Kösäýewem, B.A. Garryýewem, folklorçy Ata Rahman hem bir pikiri aýdýarlar. "Dädem Gorkut" bir ýylyň, on ýylyň ýa ýüz ýylyň işi däl-de, uzak asyrlaryň geçmegi bilen toplanan eser. 14-15-nji asyrlarda türki halklarda, esasanam Ak goýunly, Gara goýunly türkmenlerde "Dädem Gorkudyň" boýlary ýörgünli bolupdyr.

15-nji asyryň ortalarynda Uzyn Hasanyň patyşalyk eden döwürlerinde onuň raýatlarynyň arasynda bu eposyň meşhur bolandygyny Ýewropanyň ilçileri-de belläpdirler. Uzyn Hasanyň Wenesiýa patyşalygy bilen gowy gatnaşygy bolupdyr. Ol Wenesiýa patyşalygyndan harby enjam almak barada gepleşikler geçirmek üçin, Hajy Muhammet diýen ilçisini Wenesiýa ugradýar. Şondan soň Ýewropanyň ilçileri-wekilleri Ak goýunly, Gara goýunly türkmenler bilen gatnaşyk edipdirler. Şonda-da biziň medeni mirasymyzyň, şol sanda hut "Dädem Gorkudyň" Ýewropa giden bolmagy mümkin diýlip çaklanýar. Umuman, 14-15-nji asyrlarda türki halklaryň Ýewropa bilen gatnaşyk açyp başlandygyny alymlar aýdýarlar.

H. Hally: Indi şeýlelikde sen "Dädem Gorkudyň" Watikan nusgasynda üýtgeşiklikleriň bardygyna ynanýaňmy?

D. Ýazgulyýew: Elbetde, ynanýan. Onuň Watikan nusgasynda täzelikler hökman bolmaly. Sebäbi Watikan nusgasyny şu taýdan alyp giden alymyň, ilçiniň ýa syýahatçynyň Drezden nusgasyny alyp giden ilçiden-syýahatçydan başga adamlary görendigini çaklamak mümkin. Olaryň hersi eposy aýry bir adamyň dilinden ýazyp alandyrlar. Iň bärkisi, Gorkut atanyň Mäti Kösäýew tarapyndan çap edilen boýlary bilen Ata Rahman tarapyndan toplanan çowdur nusgasynyň tapawudy-da uly ahyryn. Ýogsa ikisem türkmen alymy, ikisem türkmen folklorçysy tarapyndan taýýarlanan. Watikan nusgasynyň dilinde, ýazylyp alnyşynda belli bir tapawudyň bardygyna, elbetde, ynanýas.

H. Hally: Wakikan Golýazmalar fondy dünýäniň iň ýapyk hem baý fondlarynyň biri hasap edilýär. Ol ýerde milli medeniýetimize degişli başga-da golýazmalaryň bolmagy mümkinmi?

D. Ýazgulyýew: Elbetde, mümkin. Eger-de Türkmenistan hökümeti, türkmen alymlary hakykatdanam milletiň edebi mirasyny öwrenmegi maksat edinýän bolsalar, onda Watikandan türkmene degişli golýazmalary, edebi mirasymyza degişli beýleki gymmatly ýadygärlikleri alyp biljekdiklerine ynanýarys.