Nebit tüçjary Aşkenaziniň töweregindäki tommaýly gürrüňler “birinji” maşgalany bimaza edýär

Goga Aşkenazi (Göwher Berkeliýewa) özüniň Oksforddan alan bilimi, Londonyň Holland Park ýaly abraýly raýonyndaky kaşaň jaýy hem-de halkara biznes-imperiýasy bilen magtanyp biler.

Goga Aşkenazi gazak welaýatynyň sadaja gyzjagazyndan tä iňlis jemgyýetiniň ýokary gatlagynyň tanymal wekili derejesine çenli, misli, ýyldyz süýnüşi ýaly, ýyldyrym çakyşy ýaly ýol aşdy. Gazagystanda bu zenan barada açyk gürrüň edilmeýär.

Tarazly inženeriň körpe gyzy dünýä inende oňa Göwher Berkeliýewa diýlip at goýuldy. Häzir 31 ýaşly Goga Aşkenazi özüniň Oksforddan alan bilimi, Londonyň Holland Park ýaly abraýly raýonyndaky kaşaň jaýy hem-de halkara biznes-imperiýasy bilen magtanyp biler.

Sähel wagtdaky göz gamaşdyryjy üstünlik ony Britaniýanyň we Orsýetiň metbugatynyň “diline” düşürip, “ýyldyza” öwürdi. Ýöne Goganyň Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň töweregindäkileri bilen ýakyn gatnaşygy prezidenti halamaýanlaryň gep-gürrüňiniň bije başy bolup hyzmat edýär.

Gazagystanda metbugat gözegçilik astynda bolansoň, Gogany bu ýurtda känbir tanap baranoklar. Emma bu ýagdaý üýtgäp başlady. Sebäbi daşary ýurtlaryň metbugaty Goga Aşkenazini we onuň Gazagystanyň prezidentiniň milliarder giýewisi bilen gatnaşygyny nyşana alyp ugrady.

Şa gyzy hem-de beýlekiler

6-njy iýul prezident Nursultan Nazarbaýewiň doglan güni, onuň 71 ýaşan güni oppozisiýadaky telekanal “K plýus” Goga Aşkenazi baradaky dokumental filmiň birinji bölegini görkezdi.

Dokumental film Goganyň (çepde) Timur Kulibaýew (sagda) bilen pynhan gatnaşyklaryny açyp görkezýär.
“Şa gyzy hem-de gedaýlar” atly dokumental film Goganyň Timur Kulibaýew bilen pynhan gatnaşyklaryny açyp görkezýär. Timur prezident Nursultan Nazarbewiň gyzy Dinara bilen 20 ýyldan gowrak wagt är-aýal bolup ýaşaşyp gelýär. Olaryň üç çagasy bar. T.Kulibaýew “Samruk-Kazyna” gaznasynyň başlygy. Gazagystanyň ykdysadyýetiniň esasy bölekleri, şol sanda ýangyç, transport, gyzyl we uran şu gaznanyň gözegçiligindedir. Goga Aşkenaziniň gaznanyň başlygyndan çagasy boldy.

“Şa gyzy hem-de gedaýlar” filminde Goga Aşkenaziniň bol-telki durmuşy bilen ýönekeý gazagystanlylaryň, şonuň bilen birlikde zordan güzeranyny aýlaýan nebit sektorynyň işgärleriniň durmuşynyň arasyndaky tapawut göz-görtele açylyp görkezilýär.

Şu ýyl, birneme öňräk Orsýetiň NTW telekanaly Goga Aşkenaziniň Şweýsariýanyň daglyk kurortynda dynç alşy hem-de Dubaýda işleýşi barada reportaž görkezdi.

NTW telekanalyna beren interwýusynda Goga Aşkenazi rus dilli metbugatyň özüni “ýumruk astyna” alýandygyndan zeýrendi.

Goga Aşkenazi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň şu makala üçin interwýu geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutmasyna hiç hili jogap bermedi. Ýöne ol Timur Kulibaýew bilen uzak wagtlyk gatnaşygyndan hiç hili syr ýasamak islänok. Belki, Goga muny 2007-nji ýylda doglan ogly Adamyň kakasynyň Timur bolany üçin şeýdýändir.

Öz Watanynda tanalanok

Britan metbugatynda ýazylyşy ýaly, Goga Aşkenazi bilen Timur Kulibaýew ilkinji gezek 2005-nji ýylda duşuşypdyr. Şol wagtlar Goga giden myhmanhanalar toplumynyň mirasdüşeri bolan, kaliforniýaly Stefan Aşkenaziniň aýalydy. Timur Kulibaýew Dinara bilen nikasyny bozman saklady, ýöne Goga Aşkenaziniň nikasy welin uzaklaşman bozuldy.

Bu wakanyň hemmesi Gazagystanyň jemgyýetçiligine nämälimligine galýardy. Hökümete degişli habar serişdeleri hem-de resmi Astana Goga Aşkenazi barada dymanyny kem görmeýärdi. Sebäbi bu ynjyk gürrüň köp sanly ýakymsyz sowallary döretjekdi.

Goga nädip nebit sektoryna, kuwwatly nebit maýadarlaryna aralaşyp bildikä, nädip Timur Kulibaýewiň dilini tapyp bildikä? Telekeçi, oppozisiýadaky syýasatçy Bulat Abilow şeýle diýýär: “Döwletiň habar beriş serişdeleri ýa-da beýlekiler Timur Kulibaýewiň Goga bilen resmi däl baglanyşygyny bilseler-de, bilmezlige çalyşýarlar. Bu gürrüňi gozgamak olara gadaganam edilýär. Dogrusy, olar bu barada dil ýarmakdan hederem edýärler. Sebäbi, munuň özi, juda sypjyk tema”.

Tagta edil lüýgüň içindenem çykaýmady

Goga Aşkenazini 13 ýaşyndaka Angliýanyň ýapyk mekdebine okamaga iberdiler. Soňra ol Oksfordyň taryh we ykdysadyýet fakultetinde okuwyny dowam etdirdi. Gyzyň klasdaşlary onuň kesgir akyly bar diýip, öwgüsini ýetirýärler. Goga Aşkenazi Oksfordda okap ýörkä peýdaly tanyşlyklara ýol arçady.

Nebite baý Gazagystanyň peýdakeş tüçjarlary Beýik Britaniýadan kaşaň jaýlary satyn alyp ýören mahaly Goga eýýäm kök uran, başarjaň zenandy.

Häzirki günde Goga iňlis dünýewi gatlagynyň gaýmagynyň arasynda gaýmalaýar. Şol gaýmagyň içinde Ýewropanyň patyşa maşgalasynyň agzalary, halkara maýadarlary, Golliwudyň ýyldyzlary bar. Ýöne Goganyň esasy girdejisi Gazagystandan gelýär.

Goga Aşkenazi Gazagystanyň hususy “MunaiGaz-Engineering Group” nebit-gaz kompaniýasyny esaslandyryjydyr, şonuň ýaly-da, Gazagystanda maýa ýatyrmakda işleýän “MMG Global Consulting Group” kompaniýasynyň direktorydyr. Özüniň aradaky interwýusynda ol Gazagystanyň altyn çykarýan senagatyna eýe çykmak isleýändigini aýdypdy.

Käbir synçylaryň hasabyna görä, Nursultan Nazarbaýewiň mümkin bolaýjak oruntutary hasaplaýan kişisi Timur Kulibaýewiň Goga bilen aşyk-magşuklygynyň arasy kesilse-de, Aşkenaziniň boýun almagyna görä, Timur Kulibaýew oňa iş meselelerinde kömek berýär. Goganyň Timur Kulibaýew bilen şahsy gatnaşyklarynyň gazetleriň sözbaşylaryna çykarylyp ýörlen mahaly Gazagystanda onuň girdejili gazak nebit-gaz sektoryna gökden gaýyp düşen ýaly gelmegi barada hyşy-wuşy gürrüň edilýär.

“Gazagystanda iki hili ahlak höküm sürýär” diýip, sosial we syýasy meseleler boýunça almatyly bilermen Aýdos Sarym aýdýar. “Köp kişi kim bilen kimiň gezýänini bilýär, kimiň kime oýnaşdygynam, kimiň kimden çagasynyň bardygynam bilýär. Ýöne syýasatçylar ýa-da biznes bilen meşgullanýanlar üçin munuň özi nähilidir bir gabahat habar bolup durmaýar. Häzirlikçe bizde syýasatçynyň ýa-da biznes bilen meşgullanýanyň geljegini kesgitläýmeli boljak ýagdaýa göz ýetirmek medeniýeti ýok”.

“Hakykatda welin, halkyň bagtly durmuşyna talaň salynmagynyň mysaly adamlaryň kakynyny tutdurýar” diýip, Aýdos Sarym adam atlaryny dile getirmezden aýdýar.

Ýene-de bir maşgala dawasy

Mundan ozal Gazagystanyň birinji maşgalasynyň abraýyny Nursultan Nazarbaýewiň häzir bosgunçylykda gezip ýören giýewisi Rahat Alyýew bilen baglanyşykly dawa-jenjel hem sarsdyrypdy.

Rahat Alyýew prezidentiň uly gyzy Dariganyň adamsydy. Ýogsa-da ol nähilelik bilen Nursultan Nazarbaýewiň demine düşüpdi? Aýdyşlaryna görä, onuň prezidente wepalylygyna çynlakaý şübhe döräpdi.

Häzirki wagtda oňa çynlakaý günäler, şol sanda adam ölümi, adam ogurlamak ýaly günäler ýöňkelip, gözleg yglan edildi.

Gazagystanly kanun çykaryjylaryň köp aýallylyk baradaky boş gürrüňleri tankytlap ýören mahallary prezident ýene bir giýewisiniň biwepalyk bilen baglanyşykly goh-galmagala düşeni üçin çäre görüp bilermikä?

Hasaba alynmadyk “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow munuň şeýle boljagyna şübheli garaýar. “Gaýtam, tersine, “ýokary moral ahlak düzgünleri” hatda Kulibaýew üçin-de mesele döretmegi mümkin” diýip, Wladimir Kozlow aýdýar.